2023 moda trendleri — giň jinslar, minimalist keşpler, emeli sütükden aksessuarlar

Makalaň başynda moda trendleriniň diňe ylham almak üçindigini, her kimiň bu trendleri öz islegine we geýiniş stiline görä sazlaýandygyny ýatladasymyz gelýär; makalada ulanylan moda adalgalarynyň sözlügine göz aýlamagyňyzy maslahat berýäris.

Moda sözlügi:
Mom jins
Waýdleg jins —
Legginsy
Baletka
Bodi
Top
Total-black

Giň ýa-da baggy jins

Daş görnüşi boýunça mom we waýdleg jinslaryň gibridini ýadyňa salýar we 2–3 ölçeg uly görünýär (aslynda hem uly). Şeýle jinslary meşhur markalar, inflýuenserler we dizaýnerler eýýäm işjeň ulanyşa girizip başladylar. Emma adaty ulanyjylar üçin bu trend henizem täze.

Emeli sütük

Açyk/ýiti reňkli uzyn ýa-da buýra emeli sütükler hem aksessuarlarda, hem aýratyn eginbaşlarda ulanylýar. Adaty bolmadyk reňkler, biçüwler, oýnawajy ýadyňa salýan aksessuarlar has üns çekiji bolýar. Emeli sütükden taýýarlanan ýa-da emeli sütük bilen bezelen aýakgaplary we sumkalary diňe gyşda däl, eýsem maýyl we yssy howada hem geýip bolar; esasy howa laýyk bolmagyna üns bermeli.

Baletkor

Adyndan hem belli bolşy ýaly bu trend baletlerden ylham alnyp döredilýär. “Göräýmäge şeýle dar ugur, nädip baletden trend döredikä?” diýýän bolmagyňyz mümkin. Aslynda bu keşp örän rahat elementleri öz içine alýar — legginsy, baletka, bodi, top, kelle üçin daňy, fatin ýubka we ş.m.

Ýöne esasy bellemeli zatlaryň biri keşbi döredeniňde aşa gitmezlik, ýagny göwrümde we materialda deňagramlylygy saklamak.

Sport-şik

Sport we romantizmiň sazlaşygy. Hemmeleriň bilýän we köpden bäri ulanýan ugurlarynyň biri bu ýylam biziň bilen galýar. Esasy aýratynlygy bolsa rahatlyk. Uzakly gün işjeň hereketde bolýanlar üçin edinäýmeli keşplerden biri.

Öwrenişen keşbine täzelik goşmak isleýänler üçin aşakdaky usullar peýdaly bolup biler:

- Trend reňk saýlamak (futbolka, üstki geýim, aksessuarlar);

- Gündelik keşpdäki adaty elementi trend element bilen çalyşmak (korset, giň jins, sütük sumka we ş.m.);

Gothic & Dark

“Wednesday” filminden soň eginbaşlarda, makiažlarda gara reňk has trend bolmaga başlady. Eýýäm birnäçe ýyl bäri podiumlarda total-black keşpleriň bardygyna ýa-da käbir markalaryň DNK-synyň gara reňk bolmagyna garamazdan, kinomatografiýanyň moda sferasyna täsiriniň güýçlidigini bu trend subut edýär.

Barbikor

Gülgüne reňkiň agdyklyk etmegi geçen sezonlardan hem tanyş trend. Belli bir wagt aralygynda ol hemmeleriň ýüregine düşdi, ýerini ýaşyl, gök, mämişi reňkler bilen çalyşdy. Muňa garamazdan, ynha, ýene-de iň köp saýlanýan reňkleriň biri boldy.

Öň diňe ýiti gülgüne saýlanýan bolsa, bu sezon onuň islendik öwüşginlerini görmek bolýar — solak, kirli, barbie-pink, açyk.

Minimalizm

Sada eginbaşlar. Bu sadalyk eginbaşyň biçüwini, reňkini, utgaşygyny öz içine alýar. Modada sadalyk eýýäm birnäçe ýyl bäri aktuallygyny ýitirenok.

Ýöne arassa görnüşde biraz içgysgynç görünýär. Şonuň üçinem, sada stili esas hökmünde ulanyp, ony trend elementler bilen baýlaşdyryp bolar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+