6 minutlyk saz üçin 6 ýyl: Bredli Kuper "Maestro" filmi üçin drižýorlygy öwrendi

Aktýor Bredli Kuper täze "Maestro" filminde Leonardo Bernstaýnyň stilinde drižýorlyk etmegi öwrenmek üçin 6 ýylyny sarp edýär. Netijede, ol öz ýerine ýetirmeginde 6 minutlyk saz ýazmagy başarýar. Saz filmiň jemleýji sahnalarynyň birinde ýaňlanýar.
"Men filmiň bu sahnasy üçin aýratyn tolgunyp, alada galdym. Sebäbi onda hemme zady gönümel özümiz ýerine ýetirmelidik. Orkestr bolsa, Londonyň simfoniki orkestridi! Men hut şoňa drižýorlyk etdim" diýip, Kuper gürrüň berýär.
Kuper Leonardo Bernstaýnyň keşbindäki çykyş üçin Londonyň simfoniki orkestri bilen bile Eli ybadathanasynda sapak geçýär. "Metropoliten-operanyň direktory Ýannik-Neze-Segen okuw sapaklarymyzyň tempiniň üýtgeýşini yzgiderli wideo ýazga geçirdi. Şeýlelikde, mende işlemek üçin ähli gerek zatlar jemlendi" diýip, aktýor ýatlaýar.
"Maestro" filmi Lenorado Bernstaýn bilen onuň aýaly Felise Montealegreniň arasyndaky gatnaşyklary açyp görkezýär. Filmi döredijiler, merkezinde yşk we maşgalanyň emosial-epik portreti duran bu film sungata we durmuşa ýollanan söýgi ýüzlenmesine öwrüler diýip ynanýarlar.
20-nji dekabrda "Netflix"-de çykjak filmiň treýlerine tomaşa etmek üçin: https://www.youtube.com/watch?v=gJP2QblqLA0