7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

Owadan «Gül zamanyň» banket zaly, mart aýynyň 7-si, agşam sagat 7. Bu senäniň, göräýmäge nähilidir bir jady bilen baglanyşygy bar ýalymy? Ýogam däl. Sene bilen bagly maglumatlarda zenanlaryň şol gün içerini arassalamak, öýde tämizlik işlerini geçirmek ýaly ýüregedüşgünç işleri etmeli däldigi, gaýtyp, olaryň zenanlar bolup üýşüp, göwün açyp, gülşüp-degşip oturmalydygy, bardy-geldi tapyp bilseler, özlerini söýýän erkek kişi bilen gezelenje, duşuşyga gitmelidikleri hakynda aýdylýar. Eger-de zenanlar 7-nji mart şeýle etmeseler,  onda olar galan ömürlerini gussaly hem ýalňyzlykda geçirmeli boljakmyşlar. Onda, diýmek, Aýşat Söýünowa öz «Soyuno.va» brendiniň bu ýylky moda görkezilişigini şu senä gabat getirmek bilen, zenanlary tutuş bir ýyly gam-gussaly hem ýeke-ýalňyz geçirmekden halas etmek isleýär-dä?! Ony-ha anyk bilmedim, ýöne gürrüňi edilýän zehinli dizaýneriň ähli zenanlary gözel geýinmäge, owadan görünmäge, netijede ajaýyp bir zenana öwrülmäge çagyrýandygy welin şübhesiz. 7-nji mart güni sagat 7-de başlanan moda görkezilişiginde hödürlenen lybaslaram muny doly subut etdi.

Ilki bilen-ä, bu moda şüweleňine gatnaşan myhmanlar hakynda. Biri-birinden owadan hem kaşaň geýnen medeniýet, sungat, moda wekilleri sözüň hakyky manysynda moda agşamynyň bezegi boldular. Olary synlap: «Her näme diýseňem, gözellik lybasda jemlenýär» diýen netijä gelýärsiň. Haýsyny görseň, şol owadan ýaly. Bir wagtlar moda diýilse, haýsydyr bir ýoň bolan eşigi hemmeler ürç edip geýseler, şol hem modadyr öýderdik. Görüp otursak, her kim her hili geýnibem moda döredip bolýan ekeni. Gitdigiçe sany artyp barýan türkmen modelýerleri hem muňa doly düşünip, bir lybasyň beýleki lybasa meňzemezliginiň, şol bir wagtyň özünde-de olaryň her haýsynyň hem gaýtalanmajak gözellige eýe bolmagynyň aladasyny edýärler. 17 ýaşynda öz brendini esaslandyrmagy başaran Aýşat Söýünowa-da şolaryň hatarynda. Bu gün zenanlaryň onuň brendiniň lybaslaryny geýip bilseler armanlary ýok! Geliň, agşam başlamanka, birazajyk Aýşat Söýünowanyň özi hakynda durup geçeliň. Çünki entek ýaş hem bolsa, bu dizaýner gyzdan öwrenere zat juda kän.

Aýşat Söýünowa özüniň ilkinji moda görkezilişigini Wenada ‒ okan mekdebinde geçirýär. Sungat sapagyndan okadýan mugallym bir ýylyň dowamynda haýsydyr bir işiň üstünde işlemegi teklip edende Aýşat muňa göwünjeň razy bolýar we özüniň Wenadan ruhlanyp döreden 11 sany lybasyny köpçülige hödürleýär.  Aýşatdan şol gezek näme üçin, lybaslaryň sanyny adatça tas hemmeleriň edişi ýaly, tegelekläp 10 sany edäýmän, 11 sany edendigi hakda soralanda, ol munuň tötänden bolandygyny, ýöne soň welin, lybaslaryny yrym edip, her gezek tegelek sandan bir san artyk geçirip hödürleýändigi aýtdy. Diýşi ýaly, Aýşadyň bu gezekki lybaslarynyň sanyny-da 71-e dogrulapdyr.

«Jimmy Choo» bilen Malaýziýada moda görkezilişik geçiren Aýşat şol wagt 19 ýaşyndady. Bir ýyldan soň ony ýörite çakylyk bilen Gazagystanda hem öz lybaslaryny görkezmäge çagyrýarlar. Şeýde-şeýde, Aýşadyň türkmen modasynyň dünýä modasynyň bir bölegi  bolup biljekdigini subut etmek maksady amala aşyp başlaýar. Çagalykdan öz dizaýner boljakdygyny bilýän Aýşada bu babatda maşgalasynyň beren goldawy juda uly.

Indi ýene 7-nji marta, agşam sagat 7-ä gaýdyp gelýäris. Aslynda, köplenç daşky dünýäden has owadan görnüşi görmek üçin gözleriňi ýumup, öz içki dünýäňi synlaýarsyň. Ýok, häzir welin, asla beýtmeli däl. Ol-a gözleriňi ýummak ekeni, sen hatda gabaklaryňy gyrpyldadan mahalyň uly bir zady görmän galaýjak ýaly ýagdaý başyňdan geçýär. Näzikden ýakymly, haýaljak ýaňlanýan sazyň astynda Soyuno.va-nyň lybaslaryny geýip, ýeriň gaýmagyny bozman ýöräp gelýän gyzlar hut gözellik dünýäsiniň derwezesinden çykyp gelýän ýaly. «Şu juda owadan lybas eken» diýip içiňi gepledýänçäň, indiki lybasy synlap, ondanam beter haýran galýarsyň...Zenanlar üçin ýylyň dowamynda iň arzyly gün bolan 8-nji martyň öň ýanynda şeýle wakany başdan geçirmegem baýramçylykdan kem däl.

«Soyuno.va-nyň» lybaslarynyň hiç birinde nagyş ýokdugy ünsüňi çekýär. Diňe gyzlaryň elinde aksessuar hökmünde haly sumkalar bar. Bolany! Tekiz atlas, parça matalary nagyşlaman, şeýle owadan lybasy döretmek üçin biçüw aýratyn orun tutýar. Bu lybaslaryň biçüwi bir zatlary ýadyma saljak bolýar diýsem, Aýşadyň özi bu toplum üçin meşhur kinomyz bolan «Ýuwaş gelinden» ylhamlanandygyny aýdypdyr. Şeý diýsene! Bu lybaslaryň hem milli, hem ýewropa äheňini berip durmagy-da şondandyr onda. Gelnalyjy gününiň ertesi gözi gara aýnekli, egni ýewropa biçüwli, saçy depesinde tokgalanan Selbiniň işe gidip baryşy göz öňüňize geldimi? Ýa jorasynyň yzyndan gelýän garaýagyz gyz Güljanyň geýnişi. Bu lybaslar hem hut şeýle. Göni biçüw, uzynlygy topuga çenli. Model gyzlaryň köpüsiniň saçy 60-njy ýyllara mahsus depede tokgalanan. Duranja nostalgiýa!

Gülli hem tekiz atlaz, altynsow parça matalardan tikilen donlar köýnekler bilen utgaşyp, egnine geýeni kaşaň hem baý görkezýär. Gözilginç däl makiýaž bolsa, owadan däl zenanyň bolmaýandygynyň, onuň ýüzüne, häki bir özboluşlylygyny ýüze çykarar ýaly öwüşgin bermegiň ýetikdiginiň subutnamasy bolup duýulýar.  Bezeg hökmünde ulanylan gül şahajyklary, ýelekler, elliklerem hiç hili artykmaç görünmän, gaýta, şunça wagtdan soň ahyry öz ýerlerini tapan ýaly, lybaslara gaty gowy gelşik berýär. Bir söz bilen aýdanyňda, «Soyuno.va-dan» geýnip, toýa barsaňam, dabaraly agşama barsaňam hemmäniň gözüniň sende eglenjegi ikuçsyz.

Garaz,  7-nji martda agşam sagat 7-de geçen «Soyuno.va-nyň» moda agşamynyň gürrüňi entegem-entegem ýatanok. Instagram, Tik-tok sahypalarynda şol ajaýyp agşamy ýatladýan wideolar häli-häzirem paýlaşylyp dur. Ol gürrüňler ýene-de dowam eder, moda agşamyna gatnaşanlaram  öz göz öňlerinde galan ajaýyp pursatlary gaýta-gaýta janlandyrarlar. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki ol gün ýönekeý sene däldi: mart aýynyň 7-si, agşam sagat 7...

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+