72-nji “Älem gözeli” Nikaraguadan çykdy. Ol kim?

72-nji “Älem gözeli” Nikaraguadan çykdy. Ol kim?

Şu ýylky 72-nji gezek geçýän “Älem gözeli” halkara gözellik bäsleşiginde Nikaraguadan 23 ýaşly Şeýnnis Alondra Palasios Korneho ýeňiji boldy. 2000-nji ýylyň 30-njy maýynda Managuada doglan Palasios Nikaraguadan bu titula eýe bolan ilkinji gözeldir. Ol öz dogduk şäherindäki merkezi amerikan uniwersitetde köpçülikleýin kommunikasiýa ugrundan  ýokary bilim aldy. 180 sm. boýly Palasios boş wagtlary woleýbol oýnamagy gowy görýär.

Palasios 2016-njy ýylda “Nikaraguanyň ýetginjek gözeli” konkursynda ýeňiji bolýar we ondan soňra “Teen Universe” gatnaşyp, saýlama onluga düşýär. Soňra 2020-nji ýylda “Dünýä gözeli Nikaragua”- nyň ýeňijisi bolan Palasios, göni bir ýyldan “Dünýä gözeli ‒ 2021” gözellik bäsleşiginde saýlama 40 modeliň biri bolmagy başarýar.

Şu ýylyň awgustynda bolsa Palasios “Nikaraguanyň gözeli ‒ 2023” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Hut şu ýeňiş hem oňa “Älem gözeli” halkara gözellik bäsleşigine öz ýurdunyň adyndan gatnaşmaga hukuk berdi.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+