78-nji “Altyn globus” baýraklarynyň analizi (seljermesi)

Kino sungatynda uly baýraklaryň berlip başlandygyny aňladýan “Altyn globus” baýraklary 78-nji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. Adatça ýanwar aýynyň ilkinji hepdelerinde geçirilýän Hollywood-daky daşary ýurtly žurnalistler bileleşiginiň (HFPA) guramaçylygynda gowşurylýan baýraklar hem pandemiýadan öz nesibesine düşen paýy aldy. Şolaryň biri baýragyň adaty ýagdaýdakydan iki aýa golaý gijä galmagy, şol sanda ýeňijileriň öz öýlerinden ýa-da myhmanhanalardan dabara online gatnaşmagy boldy. Hemişekiler ýaly gyzyl halydan geçişlik bilen başlaýan dabara bu gezek beýle bolmady. Ýöne şonda-da artistleriň (esasan hem aktrisalar) edil dabara “Beverly Hills”-de geçirilýän ýaly edip taýýarlananlary hem boldy. Olar ýene-de özleriniň iň owadan eşikleri bilen online ýagdaýda dabara gatnaşdylar. Käbirleri ýörite düşürilen iň owadan suratlaryny ekranda goýdular. Gyzyl halydan diňe alypbaryjylaryň geçendigini hem ýatladalyň. Iki ýerde — Los Anjelesde hem-de Nýu Ýorkda geçirilen dabaralary Hollywood-yň meşhur komediýaçylary — Emi Pouler (LA) bilen Tina Feý (NÝ) alyp bardylar. Ýeňijileri mälim eden artistleriň hem-de az sanly tomaşaçynyň-da dabaranyň geçirilen ýerlerine barandygyny hem belläp geçeliň.
HFPA günäsini ýuwdy

Baýragyň ýeňijileri barada aýtsak, ilki filmlerden başlaly. Drama ugry boýunça iň gowy film saýlanan “Nomadland” (“Çarwadarlaryň mekany”) kinosynyň ýylyň iň esasy kinolarynyň biri boljakdygy Toronto film festiwalyndan bäri bellidi. Hytaýly zenan režissýor Hloe Çžoanyň ekranlaşdyran kinosynda baş keşbi “Three Billboards Outside Ebbing, Missouri” filmindäki keşbi bilen Oskar gazanan Franses Makdormand janlandyrýar. Çarwadarlaryň durmuşyndan söhbet açýan film ABŞ-da bolup geçýän wakalar dogrusynda gürrüň berýär. “Altyn globus” ugrunda bu filmiň iň esasy bäsdeşleri Dewid Finçeriň “Mank” (Mank) hem-de Aaron Sorkiniň “Çikagoly 7-leriň sud edilişi” (The Trial of the Chicago 7) filmleri görkezilýärdi. Garaşylyşy ýaly-da “Nomadland” 78-nji “Altyn globus” baýraklarynda iň gowy drama filmi diýlip saýlandy. Ol Wenesiýada, Torontoda we başga-da birnäçe guramalar tarapyndan ýylyň iň gowy filmi saýlanypdy. Ýöne garaşylmadyk waka filmiň baş keşbini janlandyran Franses Makdormandyň iň gowy aktrisa baýragyna laýyk görülmändigi boldy. Baýragy Makdormand, Wiola Dewis, Kareý Malligan ýaly belli artistleri yzda galdyran 36 ýaşyndaky Andre Deý eýeledi. Ol özüniň ilkinji baş keşpde surata düşen bio-drama filmi “The United States vs. Billie Holiday” kinosyndaky keşbi bilen baýraga laýyk görüldi.

Karýerasynda 2-nji gezek filmde surata düşen aýdymçy ady agzalan filmde Billi Holideýiň, ýagny jazz aýdym-sazynyň ussady, 44 ýaşynda aradan çykan “Lady Day” lakamly aýdymçynyň keşbini ýerine ýetirdi.
Andra Deýiň baýragy gazanmagy onuň Oskara-da dalaşgär boljakdygyndan habar berýär.
Merhum aktýora gowşuryldy, Hopkins ýene-de eli boş gaýtdy

Drama filmleriniň iň gowy aktýory baýragyny kimiň aljakdygyny ozaldanam çaklasa bolardy. Geçen awgust aýynda 43 ýaşynda düwnük keselinden aradan çykan “Gara Pantera” filmi bilen tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan Çedwik Bouzman iň gowy aktýor baýragyna laýyk görüldi. Baýragy onuň adyndan ýanýoldaşy Taylor Simone Ledward aldy. Ol dabarada tolgundyryjy ýagdaýda ýanýoldaşyny ýatlady. Bouzman hem edil Andra Deý ýaly aýdym-saz temaly filmde, Netflix-iň önümi bolan we “Ma Rainey’s Black Bottom” filmindäki meşhur blýuz aýdymçysy Ma Reýniniň surnaýçysynyň keşbinde çykyş edip, bu hormata laýyk görüldi. Bu ýerde duýguçyllyk bar ýaly bolsa-da, aktýoryň ussatlygyna we soňky filmde keşbi janlandyryşyna hiç kim söz aýdyp bilmez. Eýsem Bouzman haýsy aktýorlardan öňe saýlandy. Merhum aktýor kino sungatynyň ägirtlerinden Entoni Hopkinsden, Gari Oldmandan, şeýle-de özi ýaly aýdym-sazly filmde çykyş eden Riz Ahmedden hem-de fransuz Tahar Rahimden öňe saýlanmagy başardy.
Ussat aktýor Entoni Hopkinsiň “Altyn globus” baýraklarynda 7-nji dalaşgärliginden hem eli boş gaýdandygyny belläp geçeýin. Hopkins bu ugurda Katarina Hepburn hem-de Susan Sarandon bilen bilelikde iň köp dalaşgär görkezilip, ýeke gezek hem “Altyn globusy” alyp bilmedik 3 artistiň biri boldy.
“Borat 2” öňe saýlandy

Komediýa ýa-da mýuzikal filmleriň iň gowusy hökmünde uly gowur turuzan “Borat 2” (Borat Subsequent Moviefilm) kinosy ykrar edildi. Ilkinji filmi bilenem hemmäniň ünsüni özüne çeken “Borat 2” filmi 3 sany mýuzikal hem-de romantik komediýa kinolaryndan öňe saýlandy. Başgaça aýdylanda, 5 dalaşgäriň arasynda baýraga iň golaýy hem şu filmdi. Filmiň baş keşbini janlandyran Saşa Baron Kohen komediýa ýa-da mýuzikal filmleriň iň gowy aktýory baýragyna laýyk görüldi. Meşhurlyk babatda beýleki 4 dalaşgärden has öňde bolan Saşa Baron Kohen 1-nji “Borat” kinosyndan soň 2-nji kino bilenem “Altyn globus” baýragyny eýelemegi başardy. Komediýa ýa-da mýuzikal filmleriň iň gowy aktrisasy diýlen ugurda Rozamund Paýk ýeňiji boldy. Ol soňky ýyllaryň modasyna öwrülen esasan hem “Me too” kampaniýasyndan soň başlanan zenan gahrymanlaryň biriniň keşbini ýerine ýetirip, bu baýragyň eýeledi. “I Care a Lot” atly filmdäki keşbi üçin bu hormata laýyk görlen Rosamund Paýk kärdeşleri Keýt Hadson, Mişelle Faýfer, Anna Teýlor-Joý hem-de bolgariýaly Mariýa Bakalowadan öňe saýlandy. Aslynda köpler “Borat 2” filmindäki keşbi üçin Mariýa Bakalowany esasy dalaşgär hasaplaýardy.
Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragy “Judas and the Black Messiah” filmindäki keşbi üçin Daniel Kaluuýa berildi. Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna “Mank” filmindäki keşbi üçin Amanda Saýfrediň laýyk görülmegine garaşylýardy. Hatda baýragy ne Oliwiýa Kolman, ne-de Glenn Klouz gazandy. “Mawritaniýaly” filmindäki keşbi üçin oskarly Jodi Foster bu hormata mynasyp boldy.
Ilkinji aziýaly zenan režissýor

Taryhda ilkinji gezek Hollywood-yň abraýly baýraklarynda 3 zenan režissýor dalaşgärlige hödürlenipdi. Şu ýylky dabara çenli diňe 5 zenan režissýoryň dalaşgär görkezilendigini bellesek, bu gezek HFPA batyrgaýlyk görkezip, taryhy rekord goýdy. Aslynda “Altyn globus” baýraklarynda zenan režissýoryň ýeňiji bolmagynyň wagty hem gelip ýetipdi, hatda geçip hem barýar. Soňky gezek we hatda ilkinji gezek “Yentl” filmi üçin 1983-nji ýylda, ýagny mundan 37 ýyl ozal, Barbra Streisand “Altyn globus”-y alypdy. Netijede, Dewid Finçer we Aaron Sorkin ýaly 2 ussatdan öňe saýlanan hytaýly režissýor zenan Hloe Çžou arzyly heýkeljige laýyk görüldi. Ol “Altyn globus”-da baýragy alan 2-nji zenan, ilkinji aziýaly zenan režissýor hökmünde taryha girdi.

Iň gowy ssenariý baýragy-da ökde ssenariçi, şol bir wagtyň özünde-de režissýor Aaron Sorkine gowşuryldy. Ol “Çikagoly 7-leriň sudy” (The Trial of Chicago of Seven) filminiň ssenarisi üçin laýyk görüldi. Başgaça aýdylanda, HFPA režissýor we ssenariý baýraklaryny zenan hem-de erkekleriň arasynda paýlady.
Iň gowy animasiýa ugrunda-da ozalkylar ýaly bolçulyk bolmasa-da, öňe saýlanan az sanly multfilmiň arasyndan Pixar-yň önümi “Ruh” (Soul) tapawutlandy. Multfilmiň sazlaryny ýazan kompozitorlar iň gowy saz baýragy bilen sylaglanyldy.
Iňlis we koreý dillerindäki “Minari” iň gowy daşary ýurt dilli film
Hemişe-de jedelli bolýan daşary ýurt dilindäki iň gowy film baýragyna garaşylýan kino laýyk görüldi. Hollywood tarapyndan öweý öwlat hökmünde görülýän bu ugurdaky filmleriň şowly ýörişi soňky ýyllarda mese-mälim duýlup başlanypdy, hatda geçen ýylda koreýleriň “Mugthorlar” filmi kino sungatynyň iň uly baýragyny hem gazanypdy. “Altyn globus”-da daşary ýurt dilindäki iň gowy film diýlip, amerikan-koreý şärikdeşliginiň önümi, koreýaly bir maşgalanyň ABŞ-a göçüp gelmegi we başdan geçiren wakalary dogrusynda söhbet açýan “Minari” kinosy saýlandy. Aslynda dalaşgärleriň sanawy mälim edilende, köpler bu kinonyň iň gowy drama filmi ugry boýunça dalaşgärlige hödürlenmändigi üçin HFPA-ny berk ýazgarypdy. Ýöne drama ugrundan dalaşgär görkezilmän ýykylan göwni düzeltmek üçin iňlis we koreý dillerindäki “Minari” filmini “daşary ýurt” dilindäki iň gowy film edip saýladylar. Ýylyň köp baýrakly kinosy “Ýene bir tapgyr” (Druk) atly Daniýanyň filmi bolsa, garaşylyşy ýaly baýragy alyp bilmedi.
Seriallarda Netflix-iň üstünligi
Seriallara, başgaça aýdylanda, telewideniýe kategoriýasyna esewan edenimizde häzirki döwrüň modasy Netflix-iň üstünligi mese-mälim duýulýar. Umumylykda, Netflix 78-nji “Altyn globus” baýraklarynda 10 heýkeljik gazandy. “The Crown” (“Täç”) serialy iň gowy drama serialy diýlip saýlandy. 4-nji möwsümini arka atan serial Disney+-yň gowy görlen serialy “The Mandalarion”-y hem-de Netflix-iň beýleki 2 serialyny yzda galdyrdy. “The Crown” serialynyň artistleri — Joş O’Konnor iň gowy aktýor, Emma Korin iň gowy aktrisa ugurlarynda “Altyn globusa” laýyk görüldi. Jillian Anderson bolsa, iň gowy kömekçi aktrisa (seriallar, gysga seriallar, telefilmler) baýragy bilen sylaglandy. Ýeri gelende bu baýragyň iň gowy aktýory hökmünde-de “Small Axe” filmlerindäki keşbi üçin Jon Boýega sylaglandy.
Pop TV-de görkezilýän Eujin Lewiniň ogly Den Lewiniň bilelikdäki maşgala serialy “Schitt’s Creek” iň gowy komediýa/mýuzikal serialy baýragyna mynasyp boldy. Bu serialyň ýyldyzlaryndan Katerine O’Hara komediýa/mýuzikal seriallaynyň iň gowy aktrisasy diýlip saýlandy. Apple TV+ önümi bolan “Ted Lasso” serialynda baş keşbi janlandyran Jeýson Sudeýks iň gowy komediýa/mýuzikal aktýory baýragyny eýeledi.
Ýylyň iň gowy gysga göwrümli serialy

Netflix-iň “The Queen’s Gambit” atly halk tarapyndan gyzgyn garşy alnan küşt baradaky gysga göwrümli (limited series) serialyny HFPA hem ýylyň iň gowusy diýlip saýlady. Serialyň görkezilip başlan günden bäri, dünýäde küşte bolan islegiň artandygy bellenilýär. Elbetde, munuň şeýle bolmagynda baş keşbi jany-teni bilen janlandyran ýaş aktrisa Anýa Teýlor-Joýuň hem tagallasy diýseň uludyr. Bu ýagdaýy HFPA hem gözden salman, ýaş aktrisany telefilmleriň, kiçi göwrümli seriallaryň iň gowy aktrisasy diýen ugurda “Altyn globus” heýkeljigi bilen sylaglandyrdy. Bu ugurda iň gowy aktýor baýragyna-da “I Know This Much Is True” serialyndaky keşbi belli artist Mark Ruffalo laýýk görüldi.
Dabaranyň dowamynda alyp baryjylaryň Hollywood-daky daşary ýurtly žurnalistler assosiasiýasynyň agzalarynyň wekilçiligi barada durup geçmegi agşamyň esasy wakasy boldy. Olar guramanyň meseleleriniň çözgüdi ugrunda ýeke ädim hem ätmän, gaýtam, göz boýagçylyk bilen meseleleriň üstüni örtýändigini bellediler. Olar assosiasiýanyň 87 agzasynyň arasynda ýekejesiniň hem gara tenli žurnalist däldigini aýratyn belläp geçdiler. Hatda baýragy alan artistleriň käbiri-de bu meseläni dürli sözler bilen, gönümel ýa-da kakdyryp agzadylar. Netijede, dabarada çykyş eden assosiasiýanyň ýolbaşçylary-da şeýle ýagdaý üçin ötünç sorap, bu meseläni gozgajakdyklaryny ýatlatdylar. Şeýlelikde, ýagşydan-ýamandan kino sungatynyň abraýly baýraklarynyň biri tehniki babatda käbir näsazlyklar bilenem bolsa, sag-aman sowuldy. Dabaranyň iň bellemeli zady-da baýraklaryň ençemesiniň garaýagyz artistlere gowşurylmagy bolup, bu ýagdaý metbugatda HFPA-nyň günäsini ýuwjak bolýar diýen setirler bilen öz beýanyny tapdy. Dabaranyň soňky ýyllarda iň az tomaşa edilen “Altyn globus” baýrak gowşurylyş çäresi bolandygy aýdyp, sözümi jemleýärin. Indi baýraklarda görüşýänçäk…