96-njy Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri barada kelam-agyz

96-njy Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri barada kelam-agyz

Kino sungatynyň gürrüňsiz iň uly baýragy Oskar hasaplanýar. 1927-nji ýyldan bäri yzyny üzmän gowşurylyp gelinýän bu baýragyň 2023-nji ýyl üçin dalaşgärleri mälim edildi. Elbetde her ýyl bolşy ýaly, bu ýylky dalaşgärlikler käbirleriniň göwnünden turan bolsa, käbirleriniň hem göwnüne ýaramady. Bu hemişe-de şeýle bolýar. Sebäbi hemişe hemmäniň göwnüni tapmak kyn bolýar. Biriniň ak diýenine, gara, ýaşyl, sary diýýänler az bolmaýar, ony dalaşgär görkezseň, bu galýar, muny görkezseň, o galýar...

Esasy ugurlaryň dalaşgärliklerine seretsek, ýylyň iň şowly çykan ekran eseri “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) 13 dalaşgärlik bilen sanawyň başyny çekýär. Kristofer Nolanyň filmi Akademiýanyň taryhynda 13 dalaşgärlik gazanan 14-nji kino hökmünde hasaba alyndy. Ýene 1 dalaşgärlik alan bolsa, “Oppenhaýmer” hem “All About Eve” (1950), “Titanic” (1997), “La La Land” (2016) ýaly 14 dalaşgärligi bolan 3 filmiň rekordyna şärik bolardy.

Gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) filmi 11 dalaşgärlik bilen 2-nji ýeri eýeleýär. Martin Skorsezeniň “Dolan Aý ganhorlary” (Killers of Flower Moon) filminiň 10, ýylyň iň köp girdeji gazanan ekran eseri “Barbi” (Barbie) filminiň 8, “Maestro” kinosynyň hem 7 dalaşgärligi bar.

Iň gowy film ugry boýunça sanyň 10-a çykarylmagy aslynda birnäçe jedelli gürrüňleriň azalmagyna-da sebäp boldy. Ýogsam, onam almandyrlar, munam almandyrlar diýen gürrüňler az däldi. Şol sebäpli-de beýleki esasy ugurlaryň käbirleriniň dalaşgärleriniň sany iň bolmanda, 7-ä çykarylyp bilner

“Oppenhaýmer” öňde görünýär

Iň gowy film baýragyna dalaşgär kinolaryň 3-si zenan režissýorlaryň filmleri bolup, olar “Barbi”, “Öten günler” (Past Lives) hem-de “Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomy of a Fall) kinolarydyr. Şeýle waka ilkinji gezek bolýar. Baýragy 10 filmiň arasyndan haýsysynyň aljakdygyny anyk aýtmak kyn, ýöne “Oppenhaýmer” bir ädim öňde ýaly görünýär. Beýleki bir tarapdanam käwagtlar Akademiýanyň işine akyl ýetirmek ýeňil bolmaýar. Juda az garaşylan film hem iň gowusy diýlip saýlanyp goýberiläýýär. “Galdyrylanlar” (The Holdovers), “Amerikan hekaýasy” (American Fiction) ýaly kinolaryň hem almagy mümkin. Ýene bir bellemeli zat hem “Oppenhaýmer” bilen “Barbi” filminiň, ýagny bir günde prokata giren 2 kinonyň dalaşgär bolmagy-da Oskaryň taryhynda ilkinji gezek duş gelinýän hadysa diýlip bellenilýär.

Barbisiz Ken, Gerwigsiz, Robbisiz “Barbi”

Iň gowy režissýor baýragy ugrunda iň uly tankyt “Barbi” filminiň režissýory Greta Gerwigiň dalaşgärlige hödürlenmändigi bilen baglanyşyklydyr. Birnäçe rekordlary täzelän Gerwigiň sanawyň daşynda galmagyny Akademiýanyň şu ýylky iň uly kemçilikleriniň biri hasaplanýar. Baýragy kim alar diýen sowala-da Nolan ýa-da Lantimos diýip jogap berýärin.

Iň gowy aktýor baýragyna dalaşgär görkezilenleriň arasynda Leonardo DiKaprionyň (Killers of Flower Moon) ýoklugyny tankyt edenleriň sany az bolmady. Belki Jeffri Raýtyň deregine DiKaprio dalaşgär görkezilip bilnerdi. Belki-de Akademiýa 3 akýagyzyň arasyna 2 garaýagyz aktýory goşmak isländir. Iň gowy aktrisa baýragynda-da Barbiniň keşbini janlandyran owadan aktrisa Margo Robbi sanawa alynmady. Onuň dalaşgär görkezilmändigine gaty köpler öz nägileligini bildirdi. Esasan hem filmiň işgärleri muny dürli ýollar bilen beýan etdiler. Hem režissýoryň, hem-de baş keşpdäki aktrisanyň dalaşgärligiň daşynda galdyrylmagy Hollywood-da uly gowur turuzdy. Barbisiz Ken ýa-da Greta Gerwigsiz hem-de Margo Robbisiz “Barbi” film bolmaz diýlip bellenildi.

Stounlaryň biri ýeňer

Baýragy kimiň aljakdygyny öňümizdäki günlerdäki beýleki baýraklaryň ýeňijileri görkezer. Ýaryşyň iki Stounyň ýagny Emma Stoun bilen Lili Gladstounyň arasynda geçjekdigi ikuçsuzdyr. Ýeri gelende, Gladstoun artistçilik ugry boýunça dalaşgär görkezilen ilkinji ýerli amerikan halkynyň wekili, ýagny ilkinji indeý artist boldy.

Ikinji plandaky ýa-da kömekçi keşpler boýunça dalaşgärlikde-de garaşylmadyklaryň bolşy ýaly, garaşylýanlaryň ýoklugy ünsi çekýär. Aktýorlaryň arasynda iň gowy kömekçi keşp ugry boýunça Willem Defonyň (Poor Things) ýa-da Şarlz Meltonyň (May December) dalaşgärligine garaşylýardy, Sterling K. Brownyň (American Fiction) dalaşgärligine bolsa garaşylanokdy.

Aktrisalaryň arasynda iň gowy kömekçi keşp ugry boýunça Julianna Muruň (May December) sanawyň daşynda galmagy bu kategoriýa üçin tankydy bellik boldy. “Barbie” filminden Amerika Ferreranyň dalaşgärligine bolsa garaşýanlar o diýen köp däldi.

Robert Dawni Junior (Oppenheimer) bilen Da’Win Joý Rändolfyň (The Holdovers) atlary iki ugur boýunça öňe saýlanýan artistlerdir.

“Dolan Aý ganhorlary” filminiň iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragynyň, “Barbi” filminiň hem iň gowy montaž baýragynyň daşynda galmagy-da bellärliklidir.

Iň gowy halkara film baýragyna dalaşgär görkezilen filmlerden haýsysynyň öňe saýlanjakdygyny kesgitlemek kynrak bolup, Jonatan Gleýzeriň kinosynyň ady öňräkde ýaly.

21 ýyldan soň anime

Iň gowy animasiýa ugry boýunça-da baýrak ençeme ýyldan soň bir ýapon animesine “The Boy and the Heron” multfilmine berilse gerek. Oskaryň iň täze ugry (2001-nji ýylda goşuldy) bolan iň gowy animasiýa baýragyna 2002-nji ýylda meşhur Haýao Miýazakiniň “Spirited Away” animesi mynasyp bolupdy. 20 ýyl gowrak wagtdan soň Miýazaki 2-nji Oskaryny almagyň bosagasynda dur. Onuň iň esasy bäsdeşi “Spider-Man: Across the Spider-Verse” multfilmi bolup, bu gezek “Pixar”-yň eserinden (Elemental) baýraga garaşylanok. Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 10-njy martda Los Anjelesdäki Dolby teatrynda geçiriler we dabarany Jimmi Kimmel alyp barar. Käbir statistikalary, sanlary-da belläp, makalamyzy jemläliň.

Sanlar, statistikalar...

* “Maestro” filminiň prodýuserlerinden Stiwen Spilberg 13-nji gezek iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezilip, bu ugurda öz rekordyny täzeledi.

* 81 ýaşyndaky ussat režissýor Martin Skorseze (Killers of Flower Moon) 10-njy gezek iň gowy film baýragyna dalaşgär görkezildi. Şol bir wagtyň özünde Skoreseze iň gowy režissýor baýragyna dalaşgär görkezilen iň ýaşuly režissýor hökmünde hasaba alyndy. “Dolan Aý ganhorlary” filminiň montažçysy, zenan kino işgäri Telma Skunmeýker 9-njy gezek iň gowy montaž ugry boýunça dalaşgär görkezilip, bu kategoriýada rekordy täzeledi.

* Ussat kompozitor Jon Williams (Indiana Jones and the Dial of Destiny) 54-nji gezek Oskara dalaşgär görkezildi. Ol ýaşap ýörenleriň arasynda iň köp dalaşgärligi bolan şahsyýetdir. Umumylykda ondan öňde Wolt Disneý bar (59 dalaşgärlik). Şeýle-de, 91 ýaşly Jon Williams Oskaryň taryhyndaky iň ýaşuly dalaşgär boldy.

* Artistçilik ugurlary boýunça 20 artistiň 10-sy (Emili Blant, Danielle Brooks, Sterling K. Brown, Kolman Domingo, Amerika Ferrera, Lili Gladstoun, Sandra Hüller, Killian Mörfi, Da'Win Joý Rändolf hem-de Jeffri Raýt) ilkinji gezek Oskar dalaşgärliklerini gazandy.

* 96-njy Oskar baýraklaryna 6 sany jübüt (iki ýanýoldaş) dalaşgär görkezildi: Greta Gerwig bilen Noa Baumbah (Barbie – iň gowy adaptirlenen ssenariý), Sämi Burç bilen Aleks Mekanik (May December – iň gowy asyl ssenariý), Žýustin Trie bilen Artur Harari (Anatomy of a Fall – iň gowy adaptirlenen ssenariý), Margo Robbi bilen Tom Akerli (Barbie – iň gowy film), Emma Tomas bilen Kristofer Nolan (Oppenheimer – iň gowy film), Jared Hess bilen Jeruşa Hess (Ninety-Five Senses – iň gowy gysga göwrümli animasiýa).

(c) Letterbox

Best Picture

American Fiction

Anatomy of a Fall

Barbie

The Holdovers

Killers of the Flower Moon

Maestro

Oppenheimer

Past Lives

Poor Things

The Zone of Interest

Best Director

Justine Triet – Anatomy of a Fall

Martin Scorsese – Killers of the Flower Moon

Christopher Nolan – Oppenheimer

Yorgos Lanthimos – Poor Things

Jonathan Glazer – The Zone of Interest

Best Actor

Bradley Cooper – Maestro

Colman Domingo – Rustin

Paul Giamatti – The Holdovers

Cillian Murphy – Oppenheimer

Jeffrey Wright – American Fiction

Best Actress

Annette Bening – Nyad

Lily Gladstone – Killers of the Flower Moon

Sandra Hüller – Anatomy of a Fall

Carey Mulligan – Maestro

Emma Stone – Poor Things

Best Supporting Actor

Sterling K. Brown – American Fiction

Robert De Niro – Killers of the Flower Moon

Robert Downey Jr. – Oppenheimer

Ryan Gosling – Barbie

Mark Ruffalo – Poor Things

Best Supporting Actress

Emily Blunt – Oppenheimer

Danielle Brooks – The Color Purple

America Ferrera – Barbie

Jodie Foster – Nyad

Da'Vine Joy Randolph – The Holdovers

Best Original Screenplay

Anatomy of a Fall – Justine Triet and Arthur Harari

The Holdovers – David Hemingson

Maestro – Bradley Cooper and Josh Singer

May December – Samy Burch and Alex Mechanik

Past Lives – Celine Song

Best Adapted Screenplay

American Fiction – Cord Jefferson (novel Erasure by Percival Everett)

Barbie – Greta Gerwig and Noah Baumbach; (characters created by Ruth Handler)

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+