Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi.
Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär:
–«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine öwren öýe goşulmagyma begenýärin we üstüme uly jogapkärçiligi alýaryn.
«Valentino-nyň» taryhy, medeni mirasy we özboluşlylygy ony esaslandyryjylar Walentino Garawani bilen Jankarlo Jammettiniň öz işine bolan uly söýgüsiniň netijesidir. Men hem «Valentino-nyň» mirasyny öz gözýetimim bilen giňeldip, ony şöhratlandyrmaga çalşaryn.
Maňa bu gaýtalanmajak mümkinçiligi döreden Raşid Mouhammet Raşide minnetdarlygymy bildirýärin. Aşyklygyň waspyny günde aýym edip aýtmagy başarýan Jakopo Wenturini bilen işe gaýdyp barmak – meniň arzuwymyň hasyl bolmagydyr. Şatlygymy, tüýs ýürekden çykýan ýylgyrşymy, gözlerimi nurlandyrýan minnetdarlyk bagtyny beýan etmek üçin söz gözleýärin. Şatlyk – näzik zat. Men hatda adyny tutsam hem,şatlygym synyp gidäýjek ýaly. Goý, meniň hormatym, tüýs ýürekden gerlen gollarym özlerini sözsüz beýan etsinler we bahary, durmuşyň täzeden döreýşini hem-de täzeçe gülleýişini garşy alsynlar.