
reňkli poçta
Dekabr aýynda reňkli+
reňkli+ neşirinde dekabr aýynda neşir edilen makalalary bir ýerde okamak üçin aşakdaky salgydan ýükläp bilersiňiz: reňkli+ elektron - Dekabr 2023
reňkli poçta
reňkli+ neşirinde dekabr aýynda neşir edilen makalalary bir ýerde okamak üçin aşakdaky salgydan ýükläp bilersiňiz: reňkli+ elektron - Dekabr 2023
reňkli poçta
Tomsuň ortaky aýyndan salam! Uzak wagtlap reňkli poçta ýazmadym. Siz muňa ýaltalyk diýiň, men bolsa başagaýlyk. Aýyň aýagyna Aşgabatda iki günläp geçirilen “Go Viral 2023” festiwalyna gatnaşdym; hem diňledim, hem diňletdim 😊. Çäräniň nähili geçendigini eýýäm Instagram saýasynda menden has gowy bilýän bolmagyňyz mümkin. Öňki tanyşlar bilen täzeden didarlaşdym, täze adamlary
reňkli poçta
Salam gadyrdan! Eýýäm iki hepde bäri Amerikada. Şu poçtany hem Florida ştatyndan ýazýaryn. Sorag belgisi ýüze çykmaz ýaly, ilki bilen ABŞ-a nähili gaýdandygym barada ýazmakçy. ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň “International Visitor Leadership Program” (IVLP) atly maksatnamasy bar. Bu maksatnamanyň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ugurlarda işleýän professional hünärmenleriň ABŞ-a
reňkli poçta
Bu makala ilkinji gezek 15-nji aprelde reňkli+ neşiriniň BCM sahypasynda paýlaşyldy. Biziň esasy maksadymyz okyjynyň neşri bolmakdyr. Şol sebäpden siziň goldawyňyz biziň üçin örän wajyp: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus Soňky poçtadan bäri geçen döwürde, dogrusy, türkmen sungat industriýasynda ünsümi çeken aýratynlyga gabat gelmedim. Bu poçtada türkmen medeniýetinden çala uzaklaşmagym
reňkli poçta
Bu makala ilkinji gezek 5-nji aprelde reňkli+ neşiriniň BCM sahypasynda paýlaşyldy. Hepdelik poçtamyzy ilkinjileriň hatarynda okamak üçin biziň “buy me a coffee” sahypamyza agza boluň: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus Bir hepdäniň dowamynda türkmen medeniýeti we sungatyna degişli birnäçe material okaýan, görýän, diňleýän. Bulardan daşary türkmenistanlylaryň sungat önümlerinden peýdalanma endiklerini
reňkli poçta
Salam! Gowumy ýagdaýlaryň? Eýýäm üçünji poçtamyzy hem sypdyrman okaýanyň üçin indi biri-birimize “siz” däl-de “sen” diýip ýüzlenip hem başlasak hem bolar diýip pikir edýän. Soňky poçtamyzy ýazanyma bir aý wagt geçipdir; az wagt däl. Arasynda ýazmak üçin birnäçe temaň üstünden bardym, ýöne güzerän meselesi bilen pikirlerimi size ýetirip bilmedim. Şeýle
kino
K-pop barada ýazan makalamyzy okan bolsaňyz, ol makalada awtoryň nähili usul ulanandygy ýadyňyzda bolsa gerek. Bu makalada menem şol ýoldan gidip, türk seriýaly Yalı Çapkını* barada ýazmakçy. Türk pop-kulturasyny yzarlanym üçin, häli-şindi bu seriýaldan bölekler, bu seriýala ýaňsytmalar öňümden çykýar. Türkmenistanda hem bu seriýalyň muşdaklarynyň bardygyny “Google”-yň maglumatlary tassyklaýar.
Uncategorized
Hepdelik iberilmäge niýetlenen, ýöne maglumat gurşawymyz adatdan daşary ýagdaýa degişli habarlardan doly bolany üçin bir hepde gijä galan reňkli poçtanyň nobatdaky sanyna hoş geldiňiz! Redaktor hökmünde şu poçtany “Cigarrettes After Sex” toparynyň “Touch” aýdymyny diňläp otyrkam ýazýaryn. Özüm üçin bu topary açanyma köp wagt bolmady; birnäçe aý belki. Näme üçin
Uncategorized
Birnäçe aýdan soň reňkli sahypa täze ady reňkli+ bilen gaýtadan onlaýn. Neşirimiziň adyny üýtgetmeginiň esasy sebäbi, öňki adynyň täze neşir meýilnamasyna gabat gelmeýändigidir. Hepdelik poçtamyzda bir hepdäniň dowamynda reňkli+ neşirinde ýazylan makalalara ser salarys, şeýle hem geçen döwürde aktuallygyny saklan sungat we medeniýet wakalarydyr habarlaryna göz gezdireris. Reňkli poçtanyň ilkinji
Uncategorized
“Arabyň gyzy” barada ençeme söz aýdylan hem bolsa bu makala ol aýdymyň gelip çykyşy we Azad Seşiň döredijiligi barada gyzyklanýanlar üçin wajypdyr. 11-nji aprelde “Readitstore”-yň geçiren çäresinde Azada we menejeri Baýrama birnäçe sorag bermek mümkinçiligi tapdym. Beren jogaplary boýunça reportaža geçmezden ozal, menejerlik düşünjesiniň oturmaga başlandygyny görmek begendirýär. Belki
Uncategorized
Barok döwrüniň Wiwaldisi we Bahy, klassizmiň Mozarty, klassizm bilen romantizmiň arasyndaky köprüniň Bethoweni we romantizmiň Şopeni, Çaýkowskiýsi, Rahmaninowy, Weberi… Ady rowaýata öwrülen saz döredijileriniň eserleri asla könelmän, her döwrüň ruhuna görä, göýä, täzeden teswirlenýär. Ýagdaý şeýle bolsa-da ady agzalan kompozitorlar bilen gyzyklanýanlaryň sany rok muşdaklaryna ýa-da pop-kulturanyň çäklerinde döredilýän aýdym-saz
Uncategorized
Hepdäniň gowy habarlar bilen doly boljagy eýýäm ýekşenbe günki çäreden bellidi. Soňky kinolary dünýädäki sinema salonlary bilen bir wagtda hödürleýän ýeke-täk kinoteatr bolan “Berkarar Cinema”-nyň açylmagy, türkmen teatrlarynyň 1-nji aprelden täze sezona başlaýandyklary habary, 1-nji aprelden şäherara awtobus gatnawlarynyň assa-ýuwaş işe giriziljekdigi habary sungata suwsan köňülleri az-kem bolsa heýjana