Ussa Hajyýew

Indi biz täze kino, täze serial görmeli dälmi?

Hollywood

Indi biz täze kino, täze serial görmeli dälmi?

Ilki bilen şuny aýdaýyn. Aslynda bu barada öň ýazmalydym. Ýöne hiçden giç ýagşy diýip, kelam-agyz belläp geçesim geldi. Kino sungatynyň dünýädäki hojaýyny hasaplanýan Hollywood häzirki wagtda iş taşlaýyş sebäpli edil agyr günleri başdan geçirmese-de, umumy ýagdaýlary ýakyn günler üçin öwerlikli däl. Dowam edýän bu iş taşlaýşyň “ajy miwesi” öňümizdäki günlerde

By Ussa Hajyýew
Ekranda täze super gahryman – “Gök tomzak”

blue beetle

Ekranda täze super gahryman – “Gök tomzak”

Hollywood dünýädäki ähli halklaryň, ähli jemgyýetleriň, hatda ähli dinleriň wekilleriniň göwnünden turmagy umumylykda başarýar diýsek bolar. Dogry, käwagt göwünlerine-de degýär. Ýöne umuman alanyňda, ähli gatlagy hoşal kylmagyň bir alajyny tapýar. Afrikalylar, aziýalylar, latynlar, arap dünýäsi... Super gahrymanlaryň ýoň bolan dünýäsinde “DC Studios”-yň täze super gahrymany latynlaryň wekili bolup, prokatlara

By Ussa Hajyýew
Tomaşa edeni sarsdyrýan film hem-de gülgün reňkli Barbi ýa-da “Barbenhaýmer”

kino

Tomaşa edeni sarsdyrýan film hem-de gülgün reňkli Barbi ýa-da “Barbenhaýmer”

Täze filmler hakyndaky makalamyz bu hepde ähli babatda biri-birine gabat gelmeýän 2 ekran eseri barada bolar. Zenanlara hormat hökmünde, täze filmleriň birinjisi dünýäde meşhur oýnawaç, Barbi atly hemişe “jedelli” gurjak baradaky “Barbi” (Barbie) filmi, beýlekisi-de ähli adamzat üçin uly howp bolan atom bombasyny oýlap tapan J. Robert Oppenhaýmer hakyndaky “Oppenhaýmer”

By Ussa Hajyýew
Tom Kruzuň ýerine ýetirip bilmejek missiýasy ýok

kino

Tom Kruzuň ýerine ýetirip bilmejek missiýasy ýok

Hollywood-yň meşhur aktýory Tom Kruzuň dartgynly saz bilen ýokardan sallanyp, aşakda duran kompýuteri ulanýan sahnasy kino sungatynyň taryhyndaky ýatdan çykmajak kadrlaryň biridir. Tom Kruzuň şol sahnasy “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa” (Mission: Impossible) filmler toplumyna degişli bolup, şol seriýanyň (2-den köp kinosy bolan filmler toplumyna seriýa diýilýär) 7-nji kinosy häzirki wagtda

By Ussa Hajyýew
Bu hepde kino muşdaklary üçin 3+1 super film bar

Extraction 2

Bu hepde kino muşdaklary üçin 3+1 super film bar

Täze filmler makalamyzda bu gezek kinolaryň sany birneme köpräk bolup, olaryň ilkinjisi “Fleş” filmidir Hollywood-yň super gahryman filmlerini öndüriji 2 uly studiýasynyň biri bolan “DC Studios”-yň nobatdaky filmi – “Fleş” (The Flash) ekranlara çykdy. Fleşiň ýekelikdäki ilkinji filmi bolan bu ekran eserine Hollywood-yň argentinaly režissýory Endi Muskietti režissýorlyk edýär. Ol

By Ussa Hajyýew
“Möý adam” we “Transformerler”: 5 ýyldan soň ekranlara dolandy

kino

“Möý adam” we “Transformerler”: 5 ýyldan soň ekranlara dolandy

Täze filmler makalamyzyň bu sanynda kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan 2 filmi barada gysgaça maglumat bereris. Olaryň ilkinjisi “Möý adam: möý älemine geçiş” (Spider-Man: Across the Spider-Verse) ekşn animasiýasydyr. Hoakim Dos Santos, Kemp Powers hem-de Jastin K. Tompsonyň bilelikde režissýorlyk eden filmi “Marvel Comics” eserleri esasynda “Sony Pictures” studiýasynda taýýarlandy.

By Ussa Hajyýew
Suw perisi ýene-de ekranlarda ýa-da “Kandagar” atly täze film

Hollywood

Suw perisi ýene-de ekranlarda ýa-da “Kandagar” atly täze film

Hepdäniň täze filmleri makalamyzyň bu sanynda 4 ekran eseri barada gysgaça söhbet açarys. Ilkinji filmimiz telim gezek gaýnadylan çaý suwy ýaly, meşhur eser “Kiçi suw perisi” (Little Mermaid) bolup, Hans Kristian Andersonyň 1837-nji ýylda ýazan ertekisini bu gezek Rob Marşall ekranlaşdyrdy. Elbetde Robert Marşall diýmek mýuzikal kinolar diýmekdir. “Çikago” (Chicago)

By Ussa Hajyýew
“Marvel”-iň soňky 4 ýyldaky iň gowy filmi

kino

“Marvel”-iň soňky 4 ýyldaky iň gowy filmi

Täze filmleriň gysgaça tanyşdyrýan makalamyzyň nobatdakysy iki ekran eseri barada bolar. Kinolaryň biri “blockbuster” — “Marvel”-iň täze filmi “Galaktikanyň goragçylary — 3” Ilkinji 3 tapgyrynyň filmleri şowly çykan “Marvel”-iň kinematografik dünýäsiniň 4-nji tapgyryndaky käbir kinolary umumylykda o diýen halanmandy. “Ant-Man and the Wasp: Quantumania” filmi bilen 5-nji tapgyry başlanan MCU-nyň

By Ussa Hajyýew
“Awatar 2” filmine tomaşa etdim, sizem tomaşa etdiňizmi?!

Avatar

“Awatar 2” filmine tomaşa etdim, sizem tomaşa etdiňizmi?!

Kino sungatynyň iň köp girdeji gazanan kinosy bolan “Awatar” filminiň ilkinjisi 2009-njy ýylyň dekabrynda ekranlara çykypdy. Amerikan, hatda dünýä kino industriýasynyň täzeden janlanmagyna sebäp bolan şol filme ýanwar aýynyň ahyrlarynda kinoteatrda 3D ulgamy arkaly tomaşa etmek miýesser edipdi. Şondan 13 ýyl soň “Awatar” filminiň 2-njisine (“Awatar: suwuň ýoly”) gynansamam bu

By Ussa Hajyýew