“Awatar 2” filmine tomaşa etdim, sizem tomaşa etdiňizmi?!

“Awatar 2” filmine tomaşa etdim, sizem tomaşa etdiňizmi?!

Kino sungatynyň iň köp girdeji gazanan kinosy bolan “Awatar” filminiň ilkinjisi 2009-njy ýylyň dekabrynda ekranlara çykypdy. Amerikan, hatda dünýä kino industriýasynyň täzeden janlanmagyna sebäp bolan şol filme ýanwar aýynyň ahyrlarynda kinoteatrda 3D ulgamy arkaly tomaşa etmek miýesser edipdi. Şondan 13 ýyl soň “Awatar” filminiň 2-njisine (“Awatar: suwuň ýoly”) gynansamam bu gezek kinoteatrda däl, öýde tomaşa etdim. 3 sagatdan gowrak dowamlylygy bolan film barada aýdara zat kän. Ýöne men öz ünsümi çeken zatlary gysgaça beýan etmäge synanyşaýyn.

Ilki bilen-ä film ynsan çagasynyň, ýagny adam diýilýän zadyň hemme kişi üçin degişli däl elbetde, doýmaz-dolmazdygyny, kanagatsyzdygyny, bisabyrdygyny görkezýär. Filmiň başraaklaryndaky sahnalaryna tomaşa edenimde iňlis ýazyjysy hem-de filosofy Oldos Haksliniň (Aldous Huxley) aýdan şu setirleri biygtyýar ýadyma düşdi. Meşhur ýazyjy bir döwürler “Başga planetalarda ýaşaýyş barmyka diýip gyzyklanýarys. Hamala diýersiň biz öz planetamyzda ýaşamagy başaran ýaly” diýip, aslynda adamzadyň iň uly meselesini bir sözlemde aýdyp geçipdir. Ýagny agzybirlik, asudalyk ýaly gowy zatlaryň biziň Planetamyzda azlyk edýändigini beýan edipdir. Iňlis ýazyjysynyň mamladygyna häzirki günde we taryha ser salanymyzda-da dolulygyna şaýatlyk edýäris. Ynsan oglunyň baran ýeri, ellän zady… garaz öňküligine galanok. Ýer şaryndaky ekin meýdanlaryna, tokaýlara, ummanlara seredenimizde şu aýdylýanlaryň näderejede dogrudygyna göz ýetirýäris.

Filmde-de dünýä sygman başga dünýäleriň gözlegine çykan ynsanlaryň başgalaryna hormatynyň ýokdugyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde-de şol ynsanlara garşy hem ýene-de ynsanyň garşy durmagy aýratyn bellärliklidir. Başgaça aýdylanda, ynsanlaryň Ýerdäki özara söweşiniň başga ýerdäki dowamy diýse bolar.

Filmde ýene bir öňe sürülýän zat hem maşgala. Jemgyýetiň esasyny düzýän we mukaddes hasaplanýan maşgalanyň goragy, munuň üçin gerek bolanda käbir zatlardan hem geçilýändigi aýdyň beýan edilýär.

Film wizual effektler babatda, şol sanda kinematografiýa babatda ýokary bahany alýar. Suw asty dünýäsine ozaldanam belet bolan ussat režissýor özüniň şol ökde ugruny bu filmde-de aňryýany bilen görkezýär. Kiçijek detaljyklary hem ýatdan çykarmandyr. Filmiň ynsany duýgulandyrýan, azda-kände tolgundyrýan sahnalar hem ýeterlik bolupdyr. Elbetde gynançly sahnalary hem bar.

Ýeri gelende aýtsam, filmiň ahyrlarynda gämili sahnalar režissýoryň başga bir azy ýaran ekran eseri “Titanik” filmini hem ýada salman durmady.

Kino sungatynyň taryhyndaky häzirlikçe iň köp girdeji gazanan 4 filminiň 3-siniň režissýory bolan kanadaly Jeýms Kameron eýýämden 3-nji “Awatar” filminiň surata düşüriliş işlerine girişdi. Režissýoryň 3 filminiň arasyna “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame, 2019) filminiň girýändigini hem ýatladaýyn. “Awatar” filmi 2,9 milliard, “Ar alyjylar: oýnuň soňy” 2,8 milliard, “Awatar: suwuň ýoly” 2,3 milliard, “Titanik” bolsa 2,2 milliard dollar gazandy. Olaryň soňky 2-siniň gazanjy dowam edýär.

Mahlasy, “Awatar 2” filmi garaşyp tomaşa edenime degdi. Şu wagta çenli tomaşa etmedikler tapyp bilseler, kinoteatrlarda, bolmanda iň ýokary durulykdaky görnüşlerini tapyp, maşgala bolup tomaşa etseler, filmden has gowy lezzet alarlar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+