Bahasy ulularyňkydan hem gymmat: "Dior" bäbekler üçin duhi çykardy

"Dior" 230 dollara bäbekler üçin duhi çykardy. Moda öýüniň habaryna görä, "Baby Dior"-yň Bonne Étoile Scented Water duhisi armydyň, şipownigiň we ak muksusyň ysyny özünde jemleýär.
Täze duhi "Dior Parfume" döredijilik müdiri Frensis Kurkdjian we duhiniň çüýşeleriniň dizaýneri we "Baby Dior" çeper ýolbaşçysy Kordelia de Kastellane tarapyndan döredildi.
Kurkdjian täze duhi barada: "Kristian Dior özüniň bagtly çagalygyny ömrüniň şatlykly döwri hökmünde köp ýatlaýardy. Menem şol ýatlamalara hormat goýmak bilen, öň önümçilikden aýrylan şol duhileri gaýtaryp getirmek isledim," diýip gürrüň berýär.
Bonne Étoile duhisiniň düzümi alkogolsyz bolup, ony, esasanam, bäbekler we kiçi ýaşly çagalar üçin ulanmak has amatlydyr.
Ýumşaksy gülgüne we gök reňk çüýşeli bu duhiler ýyldyzlaryň, şarlaryň, şeýle-de Dioryň çagalygynyň geçen ýeri – Fransiýanyň Normandiýa şäherinde ýerleşen çagalyk öýündäki Granwiliň hyýaly baglarynyň suratlary bilen bezelen.