“Balmain” eşikleri we aýakgaplary wirtual usulda geýip görmek mümkinçiligini döretdi

“Balmain” eşikleri we aýakgaplary wirtual usulda geýip görmek mümkinçiligini döretdi

“Balmain” fransuz moda öýi eşiklerini we aýakgaplaryny wirtual usulda geýip görmek mümkinçiligini döretdi. Bu aýratynlyk emeli aňyň kömegi bilen döredilen 3D awatarlara ýöriteleşen “Bods” tehnologiýa firmasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Bu hyzmat markanyň resmi web-saýtynda elýeterli edildi.

Şeýlelikde, “Balmain”-iň müşderileri özleriniň wirtual nusgasyny döredip we oňa özleriniň isleýän eşikleriniň sanly nusgalaryny geýdirip görüp bilerler. Moda öýüniň wekilleri bu innowasiýa usuly yzyna gaýtarylýan harytlaryň möçberini azaldar we netijede, eltip bermek hyzmaty zerarly howada ýüze çykýan hapalanmalar öňküden kemeler diýip umyt edýärler.

“Brend has durnukly geljege tarap barýandygymyz üçin öňünde ýokary maksatlary goýdy. 'Bods' bilen hyzmatdaşlyk howadaky uglerod zyňyndylaryny azaltmak bilen bir hatarda, müşderiler üçin söwda hyzmatynyň tejribesini hem ýokarlandyrar” – diýlip, “Balmain” moda öýüniň baş direktory Žan-Žak Gewelýanyň bu hakyndaky ýüzlenmesinde aýdylýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+