Bary-ýogy on günjük: dizaýner Dawide Renneniň arzuwlary özi bilen gitdi

Onuň “Moschino”-nyň täze kreatiw direktory wezipesine belleneni üçin begenjinden ýaňa “Täze işime girişmäge gaty howlugýaryn” diýip tolgunyp, interwýu bereni ýaňy ýalydy. Emma hakyky italýan ýürekli, damarynda gyzgyn italýan gany gaýnap duran Dawide Renne öz arzyly wezipesinde işe başlasa-da, entek bir netije hem görkezip bilmän aradan çykdy. Ol bary-ýogy on günjük “Moschino”-nyň kreatiw direktory boldy.
Ol entek mekdepde okaýan oglanjyk wagtlary özem düşünmän diňe zenan eşikleriniň suratyny çekýän ekeni. Çekýän suratlarynyň sebäbine düşünmeýäni çyn bolmaly, sebäbi ol ilki arhitektura ugrundan gitmek isleýär. Soň ugruny düzedip, 1996-1999-njy ýyllar aralygynda Florensiýadaky uniwersitetde moda we egin-eşik taryhyny öwrenýär.
Intensiw terapiýa bölüminiň operasiýa stolunda aradan çykan Renne ýüregi zerarly ömür bilen hoşlaşmaly boldy. Iň gynançly ýeri, ol hiç hili iş görkezip ýetişmedi. Armanly gitdi. Onuň ilkinji toplumy indiki ýylyň fewralynda Milanda geçjek moda hepdeliginde görkezilmelidi. Kim bilýär, 46 ýaşly dizaýneriň fantaziýasy moda dünýäsine nähili täzelik getirjekdi?! Sebäbi Dawide Renneniň halypasy hem ýöne-möne adam däl-de, hut Alessandro Dell' Akwanyň özüdi.
Iň gyzykly ýerem, ol kimdir biriniň ornuna däl-de, Jeremi Skottuň ýerine gelipdi. Jeremi Skott “Moschino” hakyt gelşip duran dizaýner. Çygyryp duran reňklerden başlap, hökman bir zada kakdyrylyp duran biçüwler, gaýduwsyz ideýalar, aslynda brendiň tüýs isleýän zatlarydy. Soňuny saýmaýan batyrgaýlygy üçinem modasöýüjiler Skotty halaýanlar we halamaýanlar diýen iki topara bölündiler. Şeýdip, hiç kimi iň bolmanda biparh goýup bilmeýändigi sebäpli garadangaýtmaz Skotta “Moschino”-da on ýyl işlemek başartdy, Renne welin, bary-ýogy on günjük.
Dawide Renne brendiň öz moda öýüni oýun oýnalýan otag hasap edýäni bilenem ylalaşan bolarly, ol wezipä bellenenden soňra beren interwýusynda hakykatdanam, moda, onda-da italýan modasyna biraz oýunçyl çemeleşmelidigini aýdypdy hemem özüniň “oýun oýnalýan otagynyň açaryny berendigi” üçin Massimo Ferrettä minnetdarlyk bildiripdi. Onuň pikiriçe, olar üýşüp şatlanmalydylar. “Gucci”-niň zenan eşikleri bölüminde işlän 20 ýylyny Fridu Jannini hem Alessandro Mikele bilen geçirensoň, Renne täze işinde täzelik tapyp biljekdigine ynamlydy.
Adam ahyry bu dünýäni terk etmeli. Ol boýun alaýmaly ýagdaý. Ýöne ýaňy bir täze durmuşyň gapysyndan ätläp, entek onuň howasyndan doly dem alybam ýetişmedik, müňläp arzuwynyň birini-de hasyl etmedik adam aradan çyksa ýüregiň gyýylýar. Bu hasam zehinli adamlar babatda şeýle. Çünki olar özleri bilen ne ajaýyp ideýalary, negözel pikirleri, täp-täsin fantaziýalary alyp gidýärler. Moda dünýäsem, şeýdip, Renneniň biwagt aradan çykmagy bilen, köpleri haýran galdyryp biljek lybaslarsyz galdy...Elbetde, onuň ýerine ýene-de bir dizaýner geler. Belki ol has zehinlidirem. Ýöne barybir ol Dawide Renne bolup bilmez.
“Moschino” brendiniň eýesi bolan “Aeffe” kompaniýasynyň başlygy Massimo Ferretti Dawide Renneniň aradan çykmagy sebäpli beren interwýusynda az wagtlygam bolsa aralarynda bolan dizaýneriň päk ýüregi hemem adamkärçiligi üçin uly hormat gazanyp bilendigini, indi onuň kreatiw hem özboluşly ideýalaryny amala aşyrmagy özlerine borç hasaplaýandyklaryny gussa bilen aýtdy. Belki! “Ölä aýan, dirä güman” diýleni. Eger Ferrettiniň aýdanlaryny edip bolsa, onda Dawide Renne hem begenerdi...