Başgalar bilen özüňi deňeşdirmegi bes et

Gün bilen aýyň arasynda deňeşdirme bolup bilmez. Olaryň ikisi hem öz wagtynda şöhle saçýar — Näbelli awtor

Bagtly ýaşamagyň iň howply duşmany deňeşdirmedir. Ol bizi şatlykdan, wagtdan we energiýadan mahrum edýär.

Haçanda biz kimdir biriniň täze jaý alanyny, durmuş guranyny ýa-da gezelenje gidenini görsek, kellämizde “Näme üçin olar?”, “Näme üçin men däl?” ýaly soraglar ýüze çykmagy mümkin. Eger şeýle ýagdaý uzak wagt dowam edýän bolsa, bu biziň duýgularymyzy ýaralap biler.

Ýokary tehnologiýalar asyrynda adamlaryň durmuşyndan habarsyz galmak mümkin däl. Sosial media biz islesek islemesek täzelikleri gözümize sokýar.

Durmuşymyzy başgalaryňky bilen deňeşdirmegiň ýerine özümizde bar zatlaryň gymmatyny kesgitlemäge synanyşaly. Şonda näme üçin başgalarda bar zatlaryň bizde ýokdygyna düşünersiňiz.

Aşakda özüňi başgalar bilen deňeşdirmegi bes etmegiň birnäçe usullary barada ýazdym:

Kiçijik üstünlikler üçin minnetdarlyk bildirmek endigi özümize has hem gowy düşünmäge we öňegidişlikleri kabul etmäge kömek edip biler.

Iň güýçli başarnygyňyz näme? Ony kämilleşdirmek üçin nämeler edýäňiz? Her bir adamyň öz güýçli we gowşak taraplary bolýar. Gynansak-da biz köplenç başgalaryň güýçli taraplaryny öz gowşak taraplarymyz bilen deňeşdirýäs. Bu göze görnüp duran adalatsyzlyk. Dünýäde kämil adam ýok. Şeýlelikde, näme üçin biz bar ünsümizi güýçli başarnyklarymyzda jemläp, özümizi kämilleşdirmeli däl?

Durmuşyň dürli tapgyrlarynda adamyň gymmatlyklary we ähmiýet berýän zatlary üýtgäp durýar. Meselem, ýokary okuw jaýyny tamamlan adam üçin pul maşgala we saglykdan öňde bolýar. Emma birnäçe ýyllar geçensoň karýera we biznes ikinji plana geçip biler. Geçmişde ýeten üstünliklerimiz häzir ähmiýetsiz bolup biler, tersine, öň möhüm bolmadyk işler häzir wajyp bolup biler. Olaryň hiç biriniň gymmatyny gaçyrmazlyk üçin üstünlikler sanawyny düzüp yzarlap bileris.

Adamlaryň nähili kynçylyklar bilen ýüzleşýänini bilýäsmi? Ýa-da häzirki üstünliklerine ýetmezden ozal nähili durmuşynyň bardygyny? Biziň deňeşdirmek isleýän netijilerimiz arkasynda başgalaryň ullakan tagallary we pidalary ýatyr. Eger ol adamlar bilen ýakyndan tanyşsak, muňa göz ýetirip bileris.

Sosial mediada adamlar durmuşynyň gowy günlerini paýlaşýarlar. Bu hakyky durmuş däl. Kimdir biri aýralyk ýa-da gaýgyly wagty oňat dynç alyş geçirenini paýlaşyp biler. Öz psihiki saglygyňyzyň aladasyny edip, sosial mediada geçirýän wagtyňyzy çäklendiriň.

Daşyndan näçe uly we kämil görünse-de, her bir adamda ynamsyzlyk bardyr. Elmydama özüni tankytlap, başarnyklarynda şübhelenip gezýär (wagtal-wagtal).

Durmuşyňyzda nähili öňegidişlikler boldy? 5 ýa 10 ýyl mundan ozal nähili adamdyňyz? Men örän çekinjeňdim we ägirt maksatlarym ýokdy.

Özüňizi başgalar bilen däl-de geçmişdäki özüňiz bilen deňeşdirmegi öwreniň. Şu günki dowamly tejribeler ertir başarnyklara öwrülýär.

Kimdigiňi we ýeten üstünlikleriňi ýatdan çykarma. Bu kämilligiň iň gowy usuly.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+