Beyonce täze albom çykardy

Beyonce täze albom çykardy

Dünýä belli, aýdymçy Beyonce, özüniň täze albomy bilen tanyşdyrdy. Özüni R&B we pop žanrlarynda tanadan Beyonce bu albomunda country (kowntry) žanrynda aýdym aýdýar we meşhur britan rok topary bolan Beatles-yň aýdymlaryny täzeden ýerine ýetirýär.

Geçen ýyldan bäri täze albomunyň habaryny berip gelýän Beyonce, ahyr soňy 29-njy martda “Cowboy Carter” atly täze albomuny gün ýüzüne çykardy.

Bu albom, onuň playlistinden düzülen bir albom diýip hem kabul edip bileris. Beatles-den “Blackbird”, Linda Martell bilen “Spaghettii” aýdymy, Nancy Sinatra-dan Beach Boys-a geçip gidýän “Ya ya” aýdymy meselem getirip bileris.

Ýany bilen ýatdan çykyp barýan ýa-da köne ýyldyz aýdymçylardan başga-da amerikanyň hip-hop we pop ýyldyzlary bolan Post Malone we Mileý Syrus bilen hem aýdan aýdymlary albomda ýer alýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+
7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

7-nji mart güni agşam sagat 7: bu size hiç zat ýatladanokmy?!

Owadan «Gül zamanyň» banket zaly, mart aýynyň 7-si, agşam sagat 7. Bu senäniň, göräýmäge nähilidir bir jady bilen baglanyşygy bar ýalymy? Ýogam däl. Sene bilen bagly maglumatlarda zenanlaryň şol gün içerini arassalamak, öýde tämizlik işlerini geçirmek ýaly ýüregedüşgünç işleri etmeli däldigi, gaýtyp, olaryň zenanlar bolup üýşüp, göwün açyp, gülşüp-degşip oturmalydygy,

By Selbi Selimowa