Bir depderiň baýramçylyk döwrüne edip biljek täsiri

Bir depderiň baýramçylyk döwrüne edip biljek täsiri

Täze ýyl agşamyny her bir zenan arassa öýde we owadan lybaslarda, şähdi açyk garşylamak isleýär. Emma täze ýylyň öň ýany hemmäniň aladasy ýetikdir. Ýagny, aýyň 16-20-sine çenli tabşyrmaly hasabatlardyr resminamalar, yz ýany alynmaly sowgatlar, edilmeli söwdäler; öýüňem bezäp ýetişmeli, saçagyňam. Arasynda işdeşleriňdir joralaryň bilen üýşmeleňe-de gidip ýetişmeli. Ýöne bulara nädip ýetişmeli?

Amerikan blogerlerinden öwrenen birnäçe zatlarymy şu makalada siz bilen paýlaşmak isledim. Ýagny Täze ýyl stresindan nädip gutulmaly?

Men öz golaýymdaky zenanlaryň tejribesinden hem bilşim ýaly, adatça täze ýyla taýýarlyk hökmünde biz ýönekeý kagyzda alynmaly harytlaryň sanawyny ýazýarys. Bu sanawyň kömegi gaty az bolsa-da, käbir adamlar hatda şony hem edenok. Netije bolsa artyk satyn alnan harytlar, ýatdan çykan zatlar. Men size şu ýyl hakyky “Täze ýyl meýilnamasyny döretmegi maslahat berýärin. Onuň peýdasy gaty uludyr, ol zenanyň baýramçylygyň öň ýanynda edip ýetişmeli ähli işlerini tertipleşdirmäge kömek edýär. Depderi/bloknody öz islegiňiz boýunça Täze ýyl tematikada bezäp bilersiňiz. Depderde ilki bilen aşakdaky soraglary ýazyp, olara jogap beriň:

1) Şu ýyl öýümiň bezeginiň maksady ýa-da temasy näme?

2) Men şu ýyl bezeglerde haýsy reňkleri ulanmakçy?

3) Men haýsy otaglary bezemekçi?

Soňra indiki sahypalarda her otag üçin bar bolan pikirleriňizi, ideýalaryňyzy ýazyň. Satyn alynmaly harytlary hem goşuň. Her otag üçin sahypanyň ýarysyny ulanyň, sahypanyň başynda otagyň adyny ýazyň, ony tapawutlandyryň.

Meselem:

1) daşky jaý;

2) myhman jaýy;

3) ýatylýan jaý.

Indiki sahypada umumy bezeg üçin gerekli zatlaryň sanawyny ýazyň. Öýüňizde Täze ýyl howasyny döredýän müşkdir öý parfýumyny satyn almagy ýatdan çykarmaň.

Täze ýyly iň hezil baýramçylyk edýän zat sowgatlardyr. Iň soňky minutda “Näme sowgat bermeli?” diýen alada düşmezlik üçin öňünden 15-20 minudymyzy sarp edip, indiki sahypalarda “Alynmaly sowgatlaryň” sanawyny ýazalyň. Ony “Ady, býudjet, sowgat edip bolaýjak zatlar” diýen görnüşde dolduralyň. “Brainstorming” edip bolansoňyz, umumy bir sanaw düzmeli, ýagny sahypany “Ady, Sowgat, Satyn alyndy, Gaplandy” diýen sütünlere bolüp, ony dolduryň.

Adatça siz kimi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýarsyňyz? Men size şu ýylky sanawyňyza durmuşyňyzy ýeňilleşdirýän, hyzmat etme gullugy ulgamynda işleýän adamlary goşmagy maslahat berýärin. Endi Willýamsyň aýdymdaky aýtmagyna görä bu ýylyň iň täsin wagtymyşyn. Şonuň üçin söýgüli baristaňyzy ýa-da dükanda hemişe ýylgyryp garşylaýan kassiriňizi gutlamagy ýatdan çykarmaň!

Indi bolsa Täze ýyla taýýarlygyň iň süýji bölümine geçeliň. Indiki sahypada “Täze ýyl menýusy” diýip ýazyň, ony “salatlar, esasy naharlar içgiler we ş.m.” diýen bölümlere bölüň. Hersine öz pikirleriňizi ýazyň. Ýaş çagalar bar bolsa, olar üçin aýratyn 1-2 tagamy goşmagy ýatdan çykarmaň.

Suratçylar köplenç fotosessiýa düşürip bolaýjak kadrlarynyň mysallaryny kollaj hökmünde çykaryp getirýärler. Menem şu pikiri öz aşhanam üçin ulanýaryn. Internetde gowy gören tagamlarymyň suratlaryny kollaj edip çykarýaryn. Bu maňa howlukman, aljyraman taýýarlamaga kömek edýär.

​Menýu düzülen soň, onuň esasynda alynmaly harytlaryň sanawyny düzmeli.

Indi bolsa siziň we maşgala agzalaryňyzyň geýjek eşiklerini taýýarlamak wagty. Täze ýyl üýşmeleňine, okuwlaryndaky baýramçylyklaryna, Täze ýyl agşamy geýjek egin-eşiklerini şu wagtdan taýýarlap başlasaňyz, nerw ulgamyňyz Size uly “Sag bol!” aýdar.

Bar zady kelläňizde tertipläp bolansoňyz, maşgalaňyz bilen bile etmek isleýän zatlaryňyzyň sanawyny düzüň. Meselem: bile arçany bezemek, Täze ýyl fotosessiýasy we ş.m.

Şu ýönekeý maslahatlar bilen baýramçylyk döwrüni rahat geçirip bilersiňiz diýip umyt edýärin.

Makalanyň awtory,

Agagül Amirkulowa

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+