Bir wagtky ýanly köýnegiň "Züleýha stile" öwrülmegi

Bir wagtky ýanly köýnegiň "Züleýha stile" öwrülmegi

Moda täzelikleri bilen gyzyklanýan bolsamam, özüm moda kowalaşýan gelin däl, ýöne ýyldyzym leňňeç bolansoň köneçil, gadymy zatlar gözüme hoş ýakýar. Onsoň menem soňky döwür ürç edip geýilýän ýanly biçüwli bir köýnek tikindim. Geýibem, işe bardym welin, "Gowy gelşipdir-de, gowy gelşipdirleden" üstümi doldurdylar. Bir işgär gyzymyz-a hasam gowy gutlady: "Gutlyş! "Züleýha stil" bolupsyň-a!"

Öň eşitmedik  sözüm bolansoň gaýtalatdym. "Züleýha stil diýýän-le, gyz" diýdi. Ýüzüme seredip, entegem düşünmänimi bilendir-dä, düşündirdi: "Hany, aýdymçy Züleýha bar-a? Şol geýýä-de, şeýle köýnekleri."

Onuň ýanyndan çykyp, uzyn koridordan öz iş kabinetimize gelýänçäm "Ýanly köýnegi ilki Züleýha tapdymy näme? Ony tapan enelerimiziňem eneleri bolaýmasa" diýip, içimi gepledip geldim.

Hakyna seretseň, meňki dogry. Ýöne işdeş gyzymyň aýdany meňkidenem dogry ýaly. Telewideniýa üns berip seretseňiz, aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewanyň sahnada geýýän ähli köýnegi diýen ýaly ýanly biçüwdedir. Ýanly biçüwi enelerimiziň eneleriniň (belki olardanam aňyrdakylaryň) oýlap tapany bilenem, olar sandykda saralyp ýatsa haýry nä? Berekella, Züleýha!

Diňe türkmen modasynda däl, dünýä modasynda hem giň biçüw iň esasy tendensiýa boldy häzir. Owersaýz biçüwli futbolkalar, köýnekler, kurtkalar, paltolar, trençler, halta ýaly giň balaklar...Şolary synlab-a, "adamzat dar eşikden giň eşigiň jana rahatdygyny indi biläýdi öýdýän" diýýärsiň. Onsoň, belki  türkmenistanly gyz-gelinleriňem edil häzir ýanly hem giň biçüwli köýnekleri ýoň edenleri dünýä modasynyň iň soňky tendensiýasyna eýermek üçindir? Bu ýöne olar üçin bir okda iki towşan urmak ýaly bir zadam bolaýdy gerek; hem-ä modanyň soňky tendensiýasyna eýerýäň, hemem ejeň, eneň, garaz, uly ýaşly nesliň gözüne salyhatly, asylly görünýäň. Bizem ejemizden, enemizden az iňirdi iýmedik, dar köýnek geýip. "Negözel matany kesim-kesim edýäňiz, çykyşyna tikinäýmeli dälmikä, ülpüldäp duran giň köýnek edipjik?" diýlen iňirdi eslije wagt gulagymyza iýmit bolandyr.

Züleýha başyny başlasa başlandyr welin, ýanly köýnekleriň soňky bezeg improwizasiýalaryna-ha onuň ýeke özi ýetişen däldir. Ýanyny bir reňk, aşyrysyny bir reňk matadan tikmekden başlap, begeýikleri bolmaly ýerinden has ýokarda başlanyp, has aşakda gutaran ýanly biçüw gör nämeleri başdan geçirmedi; häzirem geçirip ýör. Mysaly daşdan gözlejek däl, ine meň özümem ýanly köýnek tikinemde Aşgabadyň atly atelýeleriniň birinde işleýän jigim bilen baý kelle döwdüg-ä. Ahyram begeýigiň daşyna nagyş etmek pikirine geldik. Taýyn köýnegiň begeýigini bir gijede nagyşlabam, ertesi işe geýip gitdim. Yzynam özüňiz bilýäňiz.

Men ýanly köýnek geýip, "Züleýha stil" adyny alanyma hiç hili kiçelemok. Züleýha joramyň jorasy, onuň sungatyna-da hormatym uly, aýdym-sazyň daşyndan moda öýüni açyp, oňa-da ýetişip ýör ol.

Geçen ýylyň aýaklaryndady öýdýän, ýeňil kürtelerini köpçülige hödürlejek döwürleri moda habaryny taýýarlamak üçin Züleýhanyň ýanyna gidipdim. Ber-başagaý bolup ýörşüne, tikinçileriniň tikip oturan köýneklerini barlaşdyrmaga-da, meň bilen gürleşmäge-de, meň daşymdan ýene bir myhmana şaý-sep saýlap berip ugratmaga-da wagt tapdy. Şonda, öň ýörgünli bolup, ýatdan çykan ýörelgäni gaýtadan ýoň etmegiň täze zat çykarandan aňsat däldigini aýdamda Züleýha garşy çykmady. Sahnadaky stiliňem edil sesiň ýaly hökmany. Ikisem sazlaşsa has gowy.

Şol gezek ýeňil kürteleri hakda gyzyklanyp baranam bolsam, esasy gürrüňim Züleýhanyň aýdymçy hökmünde milliligi özüne stil edinip dogry iş edenligi, ony başga stilde göz öňüne getirmegiňem kyndygy ýaly manylarda bolupdy. Men şonda Züleýhany millilik bilen sazlaşan häzirki zaman moda dünýäsiniň etalony hasap etseňem boljakdygy hakda-da aýtdym. Elbetde, ol ne "howwa" diýdi, ne "ýok". Diňe ýylgyrdy.

Işden gaýdyşyn awtobusdan düşýän duralgam bilen öýümiziň arasy daş däl: 8-10 minut arasy. Şu gün men şol aralykda öňümden çykan gelin-gyzlaryň egnindäki köýneklerine üns berdim. Jemi 6 gyz, 4 gelin öňümden çykdy. Gelinleriň 3-si, gyzlaryň 4-si ýanly köýnekli.  7 sany "Züleýha stili" gördügim bolýa-da. Öz egnimdäkem ýanly köýnek. Jemi 8 sany "Züleýha stil" onda...

Moda sözlügi:

  • Ýan: geýim-gejimiň we ş. m. goltukdan aşak etegine çenli bolan aralykdaky bölegi.
  • Aşyry: kürtäniň, köýnegiň we ş. m. egninden aşyrylýan bir inçe mata.
  • Begeýik: Aýal geýimleriniň ýeňi bilen ýanynyň birigýän ýerine-goltugynyň aşagyna tikilýän başga reňkdäki üçburç mata bölejigi.

(Suratlar @zuleyha_kakayeva we @zynat_gozellik sahypalaryndan alyndy )

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+