“Birzatjygyň barmy?” ýa-da ýerliksiz soraglar
“Aýlygyň näçe?”
“Söýgüliň barmy?”
“Haçan toý?”
“Sen göwrelimi?”
“Biraz semräpsiňmi/horlandyňmy?”/daş keşbe edilen bellik
we ş.m.
Beýle soraglary edepli adam hiç bir ýagdaýda söhbetdeşine bermez. Garyndaşlyk ýa-da tanyşlyk derejesine garamazdan, olar adamyň göwnüne degip, daşlaşdyryp we gatnaşyga zyýan ýetirip biler.
Biziň jemgyýetimizde adamlar diýseň soranjaň. Ýerliksiz soraglar soramak geň görülenok. Ýöne bu biziň şahsy araçägimizi bozmaga her kimiň haky bar diýildigi däldir.
Sorag berýäni dessine günäkärlejek bolmaň. Bilmän ýa-da onuň üçin adaty ýagdaý bolany üçin soraýan bolup biler. Ilki bilen duýduryş beriň, soragyň ýerliksizdigini we oňa jogap bermejegiňizi aýdyň.
Islendik biedeplige üns bermezlige hakyňyz bardyr.
Özüňizi goramaga mydam taýýar boluň. Söhbetdeşiňiz şahsy araçägi bozup, ýerliksiz sorag berip başlasa, oňa ähmiýet bermän ýa-da temany üýtgetmäge synanşyp bilersiňiz. Eger bular kömek etmese, onuň özi barada soraň (ynanyň, käbir adamlar diňe şuňa garaşýar). Bu gürrüňler sizden ünsi sowup biler.
Ýok, bu-da bolmady diýseňiz, umumy jogaplar bilen ýa-da oýna salyp gürrüňdeşiňizi kanagatlandyryp bilersiňiz.
Ýöne gynansakda, bu usullar hemme wagt kömek etmeýär. Käbir adamlar diýseň iriziji bolýalar. Maksadyna ýetmeseler köşeşmeýäler. Olara pugta jogaplar berip, hemişelik temany ýapmaly bolýaňyz.
Çekinmäň. Bu siziň kemçiligiňizi däl-de, gürrüňdeşiňiziň edepsizligini görkezýär.
Indi bolsa biraz sorag berýäniň gözündenem seredip göresim gelýär. Birinjiden, biziň alan terbiýämizde şahsy araçäk barada düşünje berilmedi (bellik: maşgaladan-maşgala üýtgäp biler). Gürrüňdeşi ýazgarmaň. Sypaýy adam üçin ýokarda aýdyp geçen ilkinji usullary ulansaňyz ýeterlik bolar.
Ikinjiden bolsa, käbir adamlar şeýle soraglary hakykatdanam gowy görýäler. Olar öz şan-şöhraty barada belläp geçmäne pursat gözläp gezýäler. Soragyň maksady hem köplenç garşylyklaýyn sorag almak bolup durýar.
Netije
Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar. Saglyk ýagdaýy sebäpli çagasy bolmaýan bolmagy ýa-da heniz jogapkärçilige taýýar däl bolmaklary; özüne mynasyp ýoldaş duşmany ýa-da maddy ýagdaýy pes bolany üçin toý etmeýän bolmagy; iş berijiniň şertleri ýa-da adamlaryň maddy ýagdaýyna görä gatnaşygyndan çekinýändigi sebäpli alýan girdejisini paýlaşmaýan bolmagy; hor ýa-da semiz göwrede özüni rahat duýýan bolmagy mümkin.
Ýerliksiz sorag bermek islän pursadyňyz garşyňyzdaky adamyň duýgulary barada hem pikirleniň. Siziň zyýansyz hasaplaýan soraglaryňyzyň olary ýaralamagyna ýol bermäň.