«Blackpink» toparyndaky Jenni öz brendini açdy

Meşhur «Blackpink» K-pop toparynyň aýdymçysy Jenni Kim öz egin-eşik brendini döretdi. Aýdymçy OA (Odd Atelier) atly täze markasynyň logotipini sosial ulgamlarda hemmeler bilen paýlaşdy.
Jenni bu hakdaky bildirişinde: «Bu ýyl üstünliklerden doly ýyl boldy. Men maňa bildirilen söýgi üçin öränminnetdar we durmuşymda mundan beýläk boljak zatlara hem sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. 2024-nji ýyla syýahaty ýekelikde, öz esaslandyran «OA» atlybir kompaniýam bilen başlaryn. Haýyş edýän, meniň täze başlangyjyma we elbetde, «Blackpink-e» öz söýgüňizi söwgat ediň» – diýip ýazdy.