Boogie-woogie, başlangyçlar üçin jazz.

“Bop, dixieland, boogie-woogie music.” Bu üç adalga düşünmedik bolsaňyz, onda bu gysga makala siziň üçin. Gepiň gysgasy, tanamaýanlar we bilmeýänler üçin jazz-yň atasy hasaplanýan “Satchmo” barada ýa-da siziň tanaýan adyňyz bilen Louis Armstrong barada gep etmekçi.
Aý, indi aýdyp otursak, bu görmögeý trompetçi ýaşuly jazz-yň enewatany Nýu Orleansyň Luiziana şäherinde dogulýar. Gaty gowy wagtda hem dogulanok. “Näme üçin?” diýip sorasaňyz, 1900-leriň başy Nýu Orleans, Luiziana “reňklileriň şäheri” diýilýärdi. (Şu ýerde pursatdan peýdalanyp menem aýdyp geçeýin: NO TO RACISM.)
Döwrüň “reňklileriň şäherinde” Afro-Amerikan jemgyýetiniň adamlary ýag iýip, ýüpek geýip baranokdylar. Täze doglan bäbekler bolsa, endam-jany bilen problemaly jemgyýete siňip gidýärdiler. Amerikanyň özi immigrantlaryň ýurdy bolsa-da, Nýu Orleans şonuň iki essesi. Ispan, ýewreý, fransuz, afrikan immigrantlaryň üýşen şäheri we şol medeniýetleriň bilelikde gaýnan ýeri. Haçan-da birnäçe medeniýetler bir ýere üýşende ýa şol ýerde uruş çykýar, ýa-da düýbünden ters, üýtgeşik, başga zat döreýär. Jazz söýüjileriň söýgüli Luiziana şäheriniň köp medeniýetli (multikultura) ýaşaýşyndan jazz döreýär. Biziň gepini edip oturan legendamyzam, jazz-yň ýaňy gaýnap başlan wagtyna gabat gelýär we edil katalizator ýaly prossesi tizleşdirýär.
Başda-da aýdyşym ýaly ýagdaýy gaty gowy bolmadyk maşgalaň agzasy bolan Louis heniz çagaka ýewreý goňşusyndan karz alan puly bilen trompet satyn alýar we şäherdäki “New Orleans Home for Colored Waifs”-de (türkmençesi: Nýu Orleans reňkli ýetim çagalar öýi) saz öwrenip başlaýar.
Louis bir interwýusynda özüniň iň esasy mugallymynyň Joe “King” Oliwerdigini aýdýar. Joe “King” barada iki keleme söz aýtmak islärdim, ýöne başga ýerde we başga wagtda.
Louis jazz-yň gözbaşyndan gananyndan soňra Mississippi derýasynyň boýunda ýüzýän ýolagçy gämisinde jazz topary bilen ýolagçylary güýmäp başlaýar.
“Nirede pul bar bolsa şol ýerde-de hezillik bar” diýişleri ýaly Çikago jazz-yň esasy mekanyna öwrülýär. Joe Oliwer Çikago gidip öz jazz toparyny döredýär we Louisi ýanyna çagyrýar. Ýaşulam pulyň akýan ýeri Çikago göçüp barýar, Joe King bilen şol wagtyň iň gowy jazz toparynda çykyş edip başlaýarlar. Ine, şol ýerde hem üýtgeşijek zat bolup geçýär.
Louisiň ýassykdaşy Lil Harden Armstrong biziň ýaşulymyza azar berip başlaýar. Hanym Armstrong, Louisden jazz toparyndan çykyp öz başyna, öz topary bilen karýerasyny dowam etdirmesini isleýär. Louis ýaşulyňam başga alajy bolmansoň diňe ylalaşaýmak galýar. Luois bilen Joe Oliwer gözi ýaşly halallaşyp, hersi öz ýollaryna rowana bolýarlar. Şeýlelik bilen Louis Armstrong “The All Stars” atly toparyny döredýär we ýewropada, aziýada, garaz dünýäde jazz-y giňden tanatmaga başlaýar.
Louis jazz toparynyň gapdaly bilen öz solo (ýeke, bir, täk) karýerasyny hem dowam etdirýär. Hem topary bilen albom çykarýar, hem-de ýekeje özi. Saz we aýdymlarynyň gapdalyndan birgiden kinoda hem düşýär, şol kinolar üçin aýdym hem ýazýar. Elbetde men film tankytçysy däl, ýöne meniň üçin ýaşulynyň aktýorlyk ukyby ysmanak ýaly; ne gowy, ne-de erbet.
Eýlede-beýlede dilimiz gysga bolmaz ýaly filmler üçin ýazan sazlaryny hem agzap geçeýin. Aslynda agzalyp oturjak zadam ýok. Ýaşuly filmler üçin ýazan sazdyr, aýdymlaryny toparyň ýa-da solo albomynyň içine ýerleşdirdi. Şonuň üçin olar barada agzalmasa-da bolar.
Louis Armstrongyň döredijiliginden söz açsak, ýaşuly maşyn ýaly, gijesini gündüz edip, aýdym çykardy diýseňem boljak. Ýekelikdäki albomlary takmynan 22, beýleki albomlary bolsa takmynan 33 sany. Meniň pikirimçe, meniň tanaýan kompozitor we artistlarymyň arasynda Louis daýyny çykarylan albom sany boýunça geçip biljek diňe Sonýa Marmeladowa bolup biler, ýöne ol hem belli däl.
Jazz diýlende kellä gelýän zatlaryň biri azatlyk we improwizasiýa. Asyl jazz-yň özi improwizasiýa. Improwizasiýasyz jazz bolmaz. Louis daýynam tanymal eden onuň improwizasiýalary bolup durýar. Mysal getirjek bolsak, onuň “West End Blues” aýdymyndaky trompet introsy bu ýaşulynyň hakyky jazzman-diginiň subutnamasy. Improwizasiýa edilende garmoniýa aňyrda dursun, melodiýany tutdursaň bet boldugyň. Şonuň üçin Louisiň hem sazlarynda aram-aram dissonanslara duş gelmek bolýar. Ýöne bu ýeser ýaşuly mydama kynçylykly ýerlerden baş alyp çykmagy gaty gowy bilýärdi. Mysal üçin, “I’m A Ding Dong Daddy From Dumas” atly aýdymynda, aýdymyň orta arasynda sözleri unudyp, emma notalara gabat getirip “men sözleri ýatdan çykardym” diýýär. Ine şu hem ony, öz döwürdeşlerinden has tapawutly kylýar.
Her artistiň aýdym pasporty bolup durýar, ýagny iň esasy aýdymy bilen has köp tanalýar. Louis Armstrongyň hem şol pasporty “What a Wonderful World” aýdymy diýip pikir edýän. Şonuň üçin, bu ýaşulyny diňe pasporty boýunça tanaman, eýsem onuň içki dünýäsini hem tanar ýaly ýene-de size gysga bir playlist taýýarladym.
Indi bolsa özüňizi 1920–30-nji ýyllarda Luiziana ýerli smoke klubda (jazz klub) diýip hyýal ediň, çyralary öçüriň we bir stakan whisky alyň (alma şiresi hem bolýar). Yz ýanyndanam, aşakdaky playlisti açyň we bolsa, islegiňize görä bir zatlar otlaň. Wualýa! Siz jazz klubynda.
Playlist
Ella and Louis (tutuş albom)
Ella Fitzgerald & Louis Armstrong — Summertime
Louis Armstrong — Go Down Moses
Barbra Streisand & Louis Armstrong — Hello Dolly
Louis Armstrong — La vie en Rose
Louis Armstrong & Duke Ellington — It don’t mean a thing
King Oliver’s Jazz band & Louis Armstrong — Sweet Lovin’ Man
Louis Armstrong — All of Me
Louis Armstrong — West End Blues