Britniý Spirsiň karýerasyna dolanmak niýeti ýok

Amerikaly pop ýyldyz Britniý Spirs karýerasyna dolanmak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi. Ol bu hakda öz blogynda:
‒ Men hemmeleriň bilmegini isleýärin: men hakyndaky täzelikleriň köpüsi ýalan. Olar meniň täze albomymy ýazdyrmak üçin nätanyş adamlara ýüz tutýandygymy aýdýarlar. Men hiç haçan aýdym-saz industriýasyna gaýdyp gelmerin! ‒ diýip, çintgäp-çintgäp ýazdy.