Bu hepde kino muşdaklary üçin 3+1 super film bar

Täze filmler makalamyzda bu gezek kinolaryň sany birneme köpräk bolup, olaryň ilkinjisi “Fleş” filmidir
Hollywood-yň super gahryman filmlerini öndüriji 2 uly studiýasynyň biri bolan “DC Studios”-yň nobatdaky filmi – “Fleş” (The Flash) ekranlara çykdy. Fleşiň ýekelikdäki ilkinji filmi bolan bu ekran eserine Hollywood-yň argentinaly režissýory Endi Muskietti režissýorlyk edýär. Ol “Mama” (2013), “It” (2017), “It Chapter Two” (2019) ýaly gorkuly kinolar bilen adygan režissýordyr.
Filmde baş keşbi – Fleşiň ýa-da Berri Alleniň keşbini ýaş aktýor Ezra Miller janlandyrýar. Öz şahsy durmuşynda wagtal-wagtal gopgunly wakalary-da başdan geçirýän bu aktýor filmiň gala görkezilişine-de gatnaşyp, ençeme ýyldan soň ol gyzyl halyda görüldi. Millerden başga-da filmde Saşa Kalle (Supergirl) – bu onuň ilkinji keşbi, ussat aktýor Maýkl Şennon (General Zod), Ron Liwingston (Henri Allen) dagy beýleki esasy keşpleri ýerine ýetirdi.
Ssenarisi Kristina Hodson tarapyndan ýazylan filmiň agramly bölegi “Warner Bros.”-yň Angliýadaky studiýalarynda ekranlaşdyryldy. Londonda, Edinburg, Glazgo şäherlerinde-de käbir sahnalary surata düşürilen filmiň býujeti 200 million dollardan köp bolup, köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ekran eseriniň 1 milliard dollar möçberinde kassa ýygymyny toplamagyna garaşylýar.
Filmde Fleş ýa-da ylmy işgär Berri Allen laboratoriýada işläp ýören mahaly assanlykda käbir himiki elementleriň kömegi bilen güýjüne güýç goşýar. Ol indi öňküsinden hem beter çalasyn bolup, tiz hereket edip bilýär.
Tomaşa edenleriň 65 göterime golaýy filme ýokary baha berýär. Elbetde, hemişe bolşy ýaly, beýle kinolar bilen kritikleriň göwnünden turmak kynrak bolýar. Onsuzam bu “blockbuster” kritikleriň göwnünden turmak üçin düşürilen ekran eseri däl. Film “entertainment” diýilýän dünýäniň bir önümi bolup, adaty kino muşdaklar üçin, elbetde, şol sanda-da girdeji bähbitli taýýarlanan ekran eseridir.
Elementleriň arasyndaky dawa
Ikinji kinomyz animasiýa bolup, bu ugruň lideri “Pixar”-yň täze multfilmi “Elementler” (Elemental) atly ekran eseridir. Ýylda 1 ýa-da 2 multfilm öndürýän “Pixar”-yň (şu ýyl 1, olam şu multfilm, geljek ýyl 2 animasiýasy ekranlara çykar) bu täze animasiýasyna Piter Son režissýorlyk etdi. Ol mundan öň “Gowy dinozawr” (The Good Dinosaur) multfilmini surata düşüripdi.
200 million dollar çykdajy edilen animasiýanyň ssenarisi Jon Hoberg, Kat Likkel, Brenda Hsue daga degişli. Ýeri gelende aýtsak, “Disney”-iň garamagynda bolan “Pixar” şu wagta çenli hiç bir animasiýasy üçinem 200 million dollardan köp çykdajy etmedi. Animasiýada ýaňlanýan sazlary oskarly kompozitor Tomas Nýuman ýazdy. Ilkinji görkezilişi Kann film festiwalynda bolan animasiýanyň gahrymanlaryna Lea Lýuwis, Mamadu Ati, Ronni del Karmen, Wendi MakLendon-Kowi, Katerin O’Hara dagy ses berdi.
Studiýanyň ozalky animasiýalaryndan “Inside Out” (edil bu multfilm ýaly ýokary bahany alman biler) multfilmini ýadyňa salýan bu ekran eserinde tebigatdaky 4 esasy maddanyň arasyndaky göräýmäge göreş barada söhbet açylýar. Aslynda ot, suw, toprak hem-de howa biri-birinden juda tapawutly ýaly görünýän bu elementleriň hem bir çukura tüýkürýän ýerleri, olaryň birmeňzeş taraplarynyň bardygynyň hem üstünden barylýar.
Film ilki bilen-ä “Pixar”-yň önümi. Şol sebäpli hökman tomaşa edäýmeli (meň pikirimçe). Dogry, “Pixar”-yň hem käbir şowly çykmadyk multfilmleri boldy. Bu animasiýa edil aňrybaş (Wall-E, Up, Inside Out, Ratatouille, Toy Story...) bolmasa-da, şowly çykan multfilmleriň biri. Tomaşa edenleriň köpüsinden ýokary baha alan animasiýanyň prokatlardan näçeräk pul toplajakdygyny anyk aýdyp bolmaz. Sebäbi onuň prokatdaky bäsleşýän filmleriniň biri “Fleş” bolup, iki film hem uly-kiçi hemmäniň umumylykda gowy görýän ekran eserleri hasaplanýar. Ýöne şonda-da, bu animasiýanyň ýarym milliard dollardan köp girdeji gazanmagyna garaşylýar.
Indi kimi halas etmeli?!
Üçünji ekran eserimiz kinoteatrlara degişli bolman, ol “Netflix”-iň önümidir. “Halas ediş – 2” (Extraction 2) atly bu ekşn, triller görnüşli filmiň 1-njisi 2020-nji ýylda görkezilipdi we ol kino muşdaklarynyň söýgüsini gazanypdy. Filme ýene-de Säm Hargreýw režissýorlyk edip, ssenarisini-de meşhur režissýor Jou Russo ýazdy. Filmde bu gezek hem baş keşp Kris Hemsworta ynanyldy. Oňa ýene-de asly eýranly aktrisa Golşifteh Farahani, şol sanda Adam Bessa, ukrainaly meşhur aktrisa Olga Kurylenko dagy ýoldaşlyk edýär.
1-nji filmdäki wakalardan soň aman galan Teýlor Reýk bu gezek başga bir yklymda täze trilleri başdan geçirýär, gaçyrylan maşgalany halas edýär.
122 minutlap dowam edýän film Sidneýde, Pragada, Wenada ekranlaşdyryldy. Turuwbaşdan hereketli geçýän filmiň dartgyny birjigem düşenok. Filmdäki kamera ulanyş stili hem özboluşly bolup, tomaşaçyny hasam özüne maýyl edýär. 16-njy iýundan başlap “Netflix”-de ýaýlyma berlen film adaty kino muşdaklary üçin özüne çekiji ekran eseri hasaplanýar.
Düşünmek üçin 2-3 gezek tomaşa etmeli
Sözbaşydaky “+1”-i aňladýan kino hem özboluşly ekran eserleri bilen tanalýan Wes Andersonyň “Asteriod City” atly ylmy-fantastik, romantik, komediýa-drama görnüşleri özünde jemleýän filmidir. “Fantastik Jenap Tilki” (Fantastic Mr. Fox), “Ýarym aý şalygy” (Moonrise Kingdom), “Grand Budapeşt myhmanhanasy” (The Grand Budapest Hotel), “Itler adasy” (Isle of Dogs), “Fransuz habarlary” (The French Dispatch) ýaly özboluşly, iliňkä meňzemeýän, hemmäniň halap bilmejek filmlerini surata düşüren ussat režissýor täze kinosynda-da Hollywood-da artist bar bolsa jemläp bilipdir. Jeýson Şwartsman, Skarlett Ýohansson, Tom Hänks, Jeffri Raýt, Tilda Swinton, Braýan Kranston, Edward Norton, Adrien Brodi, Liw Şreider, Margo Robbi, Matt Dillon, Willem Dafo, Houp Dewis, Maýa Hawke, Stiw Karell ýaly artistleriň surata düşen filmine režissýoryň muşdagy ýa-da azda-kände kinokritiklik bar bolaýmasa, hemme kişä tomaşa etmek kynrak bolmagy mümkin. Kann kino festiwalynda görkezilen filme düşünmek üçin 2, hatda 3 gezek hem tomaşa etmegi maslahat berýänler bar.