Bu hepdeki prokat diýseň bereketli — uruş, komediýa, kosmos we beýlekiler

Hepdelik täze filmler makalamyzda 3 film barada, şeýle-de, olara alternatiw bolup biljek başga 3 kino barada durup geçeris.
Ilkinji filmimiz meşhur režissýor Gaý Riçiniň täze kinosy “Şertnama” (The Covenant) bolup, ol režissýoryň şu ýylyň dowamynda prokata çykan 2-nji kinosydyr. Entek 1-nji kinosynyň (Operation Fortune: Ruse de Guerre) gürrüňleriniň dowam edýändigine garamazdan, tanymal kinoçynyň täze ekran eseri peýda boldy.
Içalyly (spy) we uruşly kinolary bilen tanalýan režissýor “Ullakan olja” (Snatch, 2000), “Rewolwer” (Revolver, 2005), “Şerlok Holms” (2009), ŞA Artur: gyljyň rowaýaty” (King Arthur: Legend of the Sword , )“Aladdin” (2019), “Jentlmen” (2019) ýaly filmleri surata düşürdi. Şu wagta çenli ekranlaşdyran 14 filminiň 5-sinde Jeýson Stethemiň baş keşpde surata düşendiginden çen tutsak, onda režissýoryň nähiliräk žanrlardaky filmleriniň bardygyny bilse bolar.
Onuň “Şertnama” atly täze filminde baş keşbi Jeýk Jillenhol janlandyrýar. Dar Salim, Aleksander Ludwig, Emili Bikam dagy hem beýleki keşpleri ýerine ýetirýär. 55 million dollar çykdajy edilen filmiň surata düşüriliş işleri Ispaniýanyň Alikante şäherinde alnyp baryldy. Filmi ABŞ-daky kinoteatrlara MGM, beýleki ýurtlara bolsa “Amazon Prime Video” ýaýradar. Filmiň açylyş günündäki gazanany onçakly däl. Häzirki wagtda 2600-den gowrak kinoteatrda görkezilýän filme berilýän baha kanagatlanarly. Ses berenleriň köpüsiniň bahasy ýokary. Häzirlikçe 7-ä golaý baha (ball) alan film barada “aktýorçylygy gowy bolan, triller görnüşli, uruş we drama” diýlip beýan edilýär.
Film aslynda beýleki käbir Hollywood filmleri ýaly “amerikan ynsanperwerligini” görkezýär. Owganystan urşunda bolup geçen wakalar dogrusynda söhbet açýan filmde seržant Jon Kinli soňky tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin topary bilen ýola düşýär. Ýöne topary duzaga düşürülip, diňe terjimeçisi Ahmed ikisi diri galýar. Ahmed agyr ýagdaýda şikes alan Kinli halas etmek üçin öz janyny howp astynda goýýar. Gowulaşyndan soň Amerika dolanan Kinli Ahmed we maşgalasy üçin berlen wadanyň ýerine ýetirilmändigini öwrenýär. Ýagny Ahmed we maşgalasy ABŞ-na alnyp gaýdylmaýar. Dostuny goramak, oňa beren ähdinde tapylmak üçin Kinli täzeden yzyna gaýdýar. Kinli Ahmedi ýerli toparlardan halas etmek üçin ýiti göreş alyp barmaly bolýar…
Garaşylyşy ýaly däl…
2-nji filmimiz Apple+ TV-niň önümi bolan “Ghosted” filmi bolup, Dekster Fletçeriň režissýorlygyndaky kino romantik, ekşen-komediýa görnüşli ekran eseridir. “Rocketman”, “The Offer” ýaly filmler bilen adygan režissýoryň täze kinosynda baş keşbi soňky döwürleriň meşhur artisti, Hollywood-yň kubaly ýyldyzy, owadan aktrisa Ana de Armas, şol sanda Kapitan Amerikanyň keşbi bilen tanalýan Kris Ewans janlandyrýar. Filmdäki meşhur ýyldyzlar diňe bu ikisi bolman, Adrian Brodi, Maýk Mo, kiçeňräk keşplerde hem bolsa, Antoni Meki, Jon Ço, Sebastian Stan, Raýan Reýnolds ýaly belli artistler hem surata düşdi. Atlanta hem-de Waşingtonda surata alnan filmiň dowamlylygy 116 minuta deňdir. Apple Studios-yň önümi bolan filmiň ssenarisini Rett Riz, Pol Wernik, Kris MakKenna, Erik Sommers dagy ýazdy.
Koul adaty durmuşda ýaşap ýören ýigit. Bir gün Sadi atly özboluşly, täsin zenana aşyk bolanyndan soň, onuň durmuşy bütinleý üýtgeýär. Bilelikde geçirilen birnäçe romantik günlerinden soň Sadi ýitirim bolýar. Ony tapmak üçin Londona gaýdan Koul özi üçin garaşylmadyk ýagdaýda käbir wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Romantik görnüşde başlan filmiň birdenem komediýa görnüşli ekşene öwrülmegi ýa-da Kris Ewans bilen Ana de Armasyň arasyndaky ysnyşygyň azda-kände pesräk bolmagy, şeýle-de, filmde garaşylmadyk wakalaryň ýoklugy, ýagny adaty filmler ýaly bolmagy bu ekran eserine ýöňkelýän tankydy belliklerdir. Käbir kinobilermenlerinden juda pes baha alan hem bolsa film Ana de Armasyň ýa-da Kris Ewansyň hatyrasy üçin tomaşa etmezçe däl…

Ady: “The Covenant”
Režissýory: Gaý Riçi
Ssenariçi: Gay Riçi, Iwan Atkinson, Marn Dewis
Prodýuserleri: Gaý Riçi, Iwan Atkinson, Jon Fridberg, Joş Berger
Baş keşplerde: Jeýk Jillenhol, Dar Salim
Kompozitory: Kristofer Benstid
Öndüriji kompaniýa: “STXfilms”, “Toff Guy Films”
Paýlaýjy kompaniýa: “Metro-Goldwyn-Mayer”
Görkezilip başlan wagty: 21-nji aprel
Görnüşi: ekşen, drama
Dowamlylygy: 123 minut
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 55 million $

Ady: “Ghosted”
Režissýory: Dekster Fletçer
Ssenariçi: Rett Riz, Pol Wernik, Kris MakKenna, Erik Sommers
Baş keşplerde: Kris Ewans, Ana de Armas
Kompozitory: Lorne Balfe
Öndüriji kompaniýa: “Apple Studios”, “Skydance”
Paýlaýjy kompaniýa: “Apple TV+”
Görkezilip başlan wagty: 21-nji aprel
Görnüşi: romantik, ekşen-komediýa
Dowamlylygy: 116 minut
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Kosmosda düşürilen kino
Üçünji kinomyz bolsa rus önümi bolan “Çagyryş” (Вызов) filmi bolup, onuň iň uly aýratynlygy Halkara Kosmos stansiýasynda ekranlaşdyrylan ilkinji uzyn metražly film bolmagydyr (Orbitada surata düşüriliş işleri 2 hepde golaý dowam edendigi habar berlipdi). Klim Şipenkonyň režissýorlyk eden filminde baş keşpleri — tanymal aktrisa Ýuliýa Peresild, Miloş Bikowiç, Wladimir Maşkow, Oleg Nowiski dagy janlandyrýar. 165 minutlap dowam edýän film üçin 1,155 milliard rubl harçlandy. Filmde älem giňişligindäki kosmonawt Oleg Bogdanow agyr şikes alýar. Oňa Ýerden gyssagly kömek gerek bolýar. Kömek üçin ugradylan hirurg Ženýa Belýaýewanyň bolsa wagty juda az. Oňa öz topary bilen kosmosa uçup, şol kosmonawty halas etmek tabşyrylýar. 12-nji aprelde premýerasy bolan film 20-nji aprelden başlap, kinoteatrlaryň ekranlarynda görkezilip ugrady.
Şol sanda…
Bu 3 filmden başga-da “Şewalie” (Chevalier) bolup, kanadaly režissýor Stefan Williamsyň awtobiografik žanrly kinosynda garaýagyz Mozart diýlip tanalýan Žozef Bolon — şewalie de Sen Žorž barada gürrüň berilýär. Aýdym-sazyň ussady bolan asly karibli Žozef Bolon soňlugy bilen Pariždäki ýokary gatlagyň içine hem aralaşýar. Filmde Kelwin Harrison Junior, Samara Wiwing, Lusi Boýnton, Minni Driwer dagy surata düşdi. Iňlis dilindäki filme tomaşa edenleriň köpüsi ýokary baha berdi.
Şeýle-de, “Netflix”-iň önümi bolan “Syýahatçynyň söýgi depderçesi” (A Tourist’s Guide to Love) filmi adyndanam belli bolşy ýaly romantik, komediýa görnüşli kinodyr. Stiwen K. Tsuçidanyň režissýorlyk eden filminde Raçel Lei Kuk, Skott Li, Ben Feldman esasy keşpleri ýerine ýetirýär. Bu žanryň hem özboluşly muşdaklary bolup, filme bir gezek tomaşa edilip bilner.
Oskarly aktýor Hoakin Finiksiň baş keşpde surata düşen täze filmi “Bo gorkýar” (Beau Is Afraid) diýlip atlandyrylýar. Ozalky 2 kinosy — “Hereditary” (2018) hem-de “Midsommer” (2019) filmleri bilen bilermenlerden ýokary baha alan finlýandiýaly režissýor Ari Asteriň täze filmi surrealistik gynançly, gorkuly, garakomediýa žanrlaryny özünde jemleýär. Filmde newrotik bir adamyň ejesini görmek hem-de öýüne dolanmak üçin başdan geçiren täsin wakalary beýan edilýär. Film üçin 35 million dollar çykdajy edilip, ekran eseri tomaşa edenlerden hem-de bilermenlerden kanagatlanarly baha aldy.