Bu modamy ýa sungat?

Bu modamy ýa sungat?

Moda dünýäsi bizi haýran galdyrmagyny dowam edýär. Podiumda, hemmeleriň gözüniň alnynda Bella Hadidiň sanlyja minutlarda hiç zat ýok ýerden owadan köýnekli bolşuny göreniňden soň-a, modelýerlerden islendik geň-taň zada garaşmak mümkin. Birnäçe gün mundan öň Parižde geçen moda hepdeliginde-de ýatlap oturmaly wakalar kän boldy. Ine, şolaryň biri-de...

Adamy geň galdyrjak bolsaň, oňa geljekden bir pursaty görkezmeli ýaly welin, ýok, tersine, «Maison Margiela» brendi aldy-da, taryhdan bir parçany tomaşaçylaryň göz öňünde janlandyryp goýberdi.

Haçan-da Pariž alagaraňkylygyň ýapynjasyny egnine atanda, «Maison Margiela-nyň» modelýerleri Aleksandr III-niň adyny göterýän köpriniň aşagynda Jon Galýanonyň fantaziýasyndan dörän eşikleri geýnip çykdylar. Tükenikisiz tüçjarlygyň we mümkin däl derejedäki garyplygyň howasyny getirýän bu köýnekler, hamana diýersiň, muzeýde goýuljak eksponatlar ýaly, geýmäge-de dözer ýaly däl.

Moda dünýäsiniň iň syrly dizaýnerleriniň biri Martin Maržela tarapyndan döredilen brend, dizaýneriň olary baryp, haçanky terk edendigine garamazdan, henizem syrlylygyny ýitirenok. Pressadan hemişe diýen ýaly gaçyp gezen, lybaslarynyň moda görkzeilişleriniň hiç birinde-de jemleýji sahna çykmadyk, işgärler toparynyň «Vogue» üçin düşen suratynda öz ornuny boş oturgyç bilen aňladan Marželanyň häzir brendde ýok hem bolsa, bar ýaly bolup gidýär. Mark Jeýkobsuň bir žurnal üçin beren interwýusynda aýdyşy ýaly, «Özüni häzirkizaman dünýäde duýýan adam, hökman Martin Marželanyň täsirine düşendir.»

Bu gezegem şeýle boldy. Balyk biçüwli ýubkalary geýip, ýalpyldawuk matadan atynja atynan bükük sudurly, adatdan daşary gysýan korsetlerden ýaňa bedeni gumsagada meňzäp giden modeller XX asyryň 30-njy ýyllaryndan çykyp, biziň döwrümize adaty owadan ädimler bilen däl-de, teatrlaşdyrylan ýöreýişler bilen yraň-dyraň atyp, tomaşaçylaryň öňünden geçip gitdiler.

Jon Galýanonyň bu gezekki täsin toplumy üçin ylham çeşmesi bolup wenger-fransuz suratçysy Brassanyň ýokarda gürrüňi edilen döwre degişli bolan Pariži  we onuň şol wagtky ilatynyň  suratalary hyzmat edýär.

Bu moda görkezilişde iň süýji «desert» soňuna goýlan eken-ow diýdirip, podiuma iň soňky bolup, «Tagtlaryň oýny», «Ýyldyzlaryň urşy» ýaly filmler bilen belli aktrisa Gwendolin Kristi çykdy. Çyzmykly korsetde, çişýän ýubka geýip, eline-de ak ellik dakynan aktirsanyň keşbi Pariždäki 2024-nji ýylyň moda hepdeligini görenleriň ep-esli wagtap ýatlaryndan çykmaz...

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+