Çarhy yza aýlanan moda dünýäsi ýa-da ýubkaly erkege durmuşa çykmagyň artykmaçlygy

Bred Pittiň «Okdanam ýyndam» («Быстрее пули») filminiň premýerasyna kostýum bilen ýubka geýip gelmegi aktýory köpleriň gözünden düşürdi. Kimler haýbat bilen onuň täze stilistiniň kimdigini bilmegiň ugruna çyksa, kimler hezil edip, onuň haýsy kellesi bilen adaty smokingini nýu-ýorkly dizaýner Haans Nikolas Mottyň şere ýakyn eginbaşyna çalşyp bilendiginiň gybatyny etdiler. Garaz, öňem çalak-çulak onda-munda görnüp ýören ýubkaly erkek kişilere sesini çykarman ýören adamlara bu ýagdaý taň bahana bolaýdy. Dogrusy, ýubkany soňky döwür erkek moda hepdelikleriniň ählsinde diýen ýaly görmek bolýar. Ýöne olarda görmek bir başga, ony planetanyň iň özüneçekiji hasaplanylýan erkekleriniň reýtinginde öňdäki orunlarda duran Bred Pittiň geýenini görmek bir başga. Ýa-da indi ýubka täze zamanaň erkeklerini alamatlandyrýan nyşan boldumyka?
Aslynda, maglumatlary yzarlasaň, erkek modasynyň ýubkany hiç wagt hem ünsünden düşürmändigini bilmek bolýar. Moda taryhçylaryny diňleseň-ä, onda orta asyr erkekleri ýubka üçin göreşipdirlerem. Moda synçylary hem bu temadan gürrüň gozgasaň, onda olar 90-njy ýyllarda öz toplumlarynda erkek ýubkalarynyň dürli görnüşlerini hödürlän «Yohji Yamamoto», «Jean Paul Gaultier» brendleri hakda aýdarlar. «Alexander McQueen» 2000-nji ýyllarda şotland ýubkalaryny geýip, (kilte – ýubka diýmegiň dogry däl bolmagam mümkin) podiuma çykdy. 2002-nji ýylda bolsa Metropoliten muzeýi tutuş bir sergini erkek ýubkalaryna bagyşlap, «Edermen ýürekler:Ýubkaly erkekler» diýen temada sergem açdy.

2022-nji ýylda dünýä belli brendler özleriniň erkek eşikler toplumynda ýubkany mümkkin bolan derejesine çenli ulandylar. Garri Staýlz ilkinjileriň hatarynda «Vogue» üçin «Gucci-den» ýubka geýip, surata düşdi. «Louis Vuitton-yň» modelleri jalbaryň üstünden ýubka geýip, podiuma çykdylar. «JW Anderson-yňkylar» dar jinsi jalbaryň üstünden uzyn köýnek geýseler, «Yves Saint Laurent-iň» öňki art direktory Stefano Pilati erkek modellere boýdan-başa aýal eşiklerini geýdirdi.
Şu zatlara seredip otursaň hemem moda dünýäsinde gender haýatynyň gitdigiçe ýykylýandygyny göz öňünde tutsaň, onda ýubkanyň basym erkek garderobynyň aýrylmaz bölegi boljakdygyna ynanybam barýarsyň.
Dizaýnerleriň dizaýneri Žan-Pol Gotýe bu barada näme diýýär diýsene: «Ýubka geýmek, erkek kişiniň erkeklik mertebesini kiçeltmeýär. Aslynda erkeklik mertebesi eşige bagly bolmaýar, ol erkekgiň daşynda däl-de, içinde bolýar. Erkegem, zenanam şol birmeňzeş eşigi geýip, şol bir wagtda-da erkek–erkekligine, zenan– zenanlygyna galyp biler». Hiç neneň jogap däl! 90-njy ýyllarda belgiýaly dizaýenr Walter Van Beirendonck erkek eşikler toplumynda kolgotkanyň üstünden geýlen mini ýubkany hödürledi. Bu edenine garşy çykanlara bolsa, ol «Men lybas taýýarlamda erkek üçin ýa zenan üçin diýip taýýarlamok. Men iki jynsy hem deň görmegi başarýan» diýip, bir töwra jogap berdi.

Mark Jeýkobsyň jogab-a hasam düşnükli. Ol 2012-nji ýylda Meta Gala balyna boksýorkanyň üstünden «Comme des Garçons-yň» kružewaly köýnegini geýip bardy-da, «Smoking geýip, içgysgynç görünmek islemedim» diýip, goh-galmagally diskussiýalary düşündiriş hem talap etmeýän jogap bilen başdan sowup goýberdi.
Aktýor Will Smitiň ogly Jeýden Smitiň baryp, 2016-njy ýylda «Louis Vuitton-yň» mahabat kampaniýasynda moda öýüniň zenan toplumyndaky ýublardan geýip surata düşeni ýadymda. Onda Jeýden şeýle diýipdi:«Ýene bäş ýyldan bir oglanjyk mekdebe ýubka geýip gelse, hiç kim onuň üstündenem gülmez ýa-da onuň nähilidir bir kemi bardyr diýip pikirem etmez. Ol näme geýende kime näme? Men meniň çagalarymyňam, ondan soňkylaryňam şu gün kadadan çykma hasap edilýän zatlary kadaly haap etjekdiklerine ynanýan». Ana, saňa gerek bolsa. Onuň diýýän bäş ýylam aňryýany bilen geçdi.
Jared Leto, Win Dizel, A$AP Rocky...giden mähelleli dabaralara ýubka ýa-da zenan köýnegini geýip gelenleriň ady näçe diýseň ýeterlik. Billi Porteriň dagy, «Oskar» gowşurylyş dabarasyna smokingiň aşagyndan zenanlaryň çişýän bal köýnegini geýip gelşi ýadyňdan çykar ýalymy? Ol şonda näme diýdi diýseňizläň? Zenanlar jalbary her günem geýýärler. Haýsydyr bir erkek, zenan eşigini geýip çyksa welin, katastrofa bolaýýar. Ýöne meniň-ä kwo-statusy bozmaga dogumym ýetýär».

Eger şu gürrüňlerimizden çen tutsaň, onda XXI asyryň erkek garderobynda ýubkanyň bolmagy ahmallykdan gäty ähtimallyga çenli. Näme diýeliň?! Gowusy bolsun! Ine, ýaňy-ýakynda Parižde geçen moda hepdelikde «Fendi-niň» erkek modelleri ýubkany ýalaňaç aýagyň üstünden geýip çyksalar, «Junya Watanabe-niňkiler» jalbaryň üstünden geýip çykdylar.Indiki hepdeliklerem şundan pes bolmasa gerek.
Bizde aýry zat bolmaz diýip, adamsy bilen belli nokada gelen aýaldan ertesi «Ezizim, biziň balagymyz nirede?» diýip soralyşyny anekdota öwrüp gürrüň ederdiler. Indi ol anekdot «Ezizim, biziň ýubkamyz nirede?» diýen görnüşe üýtgediläýjekmikä?
