"Chynar" hemme zenanlary sada gözellige çagyrdy

"Chynar" hemme zenanlary sada gözellige çagyrdy

Hemme zatdan owadanlyk gözlemek gowy zat. Ýöne şol owadanlygy özüň döretjek bolmak has gowy. Dünýäni gözellik halas eder diýlensoň, men gözellige düşünýän, gözellik döretmäge höwesli adamlara duşsam arkaýynlaşýan. Diýmek, dünýäni halas etjekler bar.

"Chynar fashion and beauty" 30-njy sentýabrda geçiren dördünji moda görkezilişi bilen maňa bir zady düşündirdi: gözellik gözeilginçlikde däl, gözellik sadalykda. Asyl bu moda görkezilişiň ady hem şeýle – "Sada gözellik"!

Dürli-dürli matalar garylyp, dürli fasonlar bilen tikilen, ilkinji gezek seredeniňde doly kabul hem edip bilmän, ýene-ýene seredilýän köýneklerden ýadan gözlerim hakyt dynç alaýdy. Dürli uzynlykdaky köýneklerden daşgary balaklardyr, korsetleri, ýeňsizlerdir donlary hem öz içine alýan toplumda hemme lybas seniňem, meniňem geýäýjeklerim. Has dogrusy, bu lybaslar diňe görmek üçin däl-de, geýmek üçin tikilen.

"Berkarar" söwda we dynç alyş merkeziniň "Gyzgalasyndaky" "Chynar" moda we gözellik öýi eýesi bilen adybir.

instagram.com/a_studio.tm

Çynardan moda görkezilişini gutlap, çaklaňja interwýu hem aldym. Ýadawdygyna garamazdan, şowhun gutaran badyna diýen ýaly meniň habarymy aldy.

– Çynar, näme üçin moda dünýäsini saýladyňyz? Owadan görünmek üçinmi ýa nädip owadan bolunýandygyny görkezmek üçinmi?

– Ikisem. Mekdepde okaýarkam, entek kiçi wagtlarym joralarymyň saçlaryny oňarýanymy bilýän. Kimdir biri köýnek tikinjek diýse, öz-özümden tapyp, fasonyny çyzyp bererdim. Soň köýnegem tikip başladym. Wizažistlikdenem tejribäm bar.

– Garaz, bir adamy dyrnagyndan dabanyna çenli bezäp, owadanlamaga mümkinçiligiňiz bar-da?

– Howwa diýeýin.

– Ýöne barybir lybas tikmek birinji orunda ýaly?!

– Şol bolýa-da. Meniň esasy aladam öz tikinçiler toparymy döretmek boldy. Ýogsa men öňki Halk hojalygy institutyny gutarypdym. Ýöne öz ugrum boýunça işlemän, moda tarap gaýtdym.

– Indi haçandan bäri?

– 2012-nji ýylda ymykly moda bilen professional ýagdaýda meşgullanmagy ýüregime düwüpdüm. 11 ýyl bolaýypdyr.

– Daşary ýurtda moda görkezilişiňiz bolupmydy?

– 2020-nji ýylda. Gazagystanda onlaýn tertipde görkezdik. Gowy garşylandy.

– Size gelen boş gider ýaly däl, tüweleme! Balakdan başlap, dona çenli bar. Men ýene bir zada üns berdim. Ýewropa ýykgyn etseňizem, türkmendigiňizi unudaňzok ekeni. Şony aýratyn gowy gördüm.

– Yhlasym gözüňize ilipdir, begenýän. Meň maksadym ýewropa stilini milliligimiz bilen utgaşdyrmak. Milli nagyşlarymyzy tas hemme lybasda diýen ýaly ulanýan.

– Şol gowy-da! Daşary ýurtly modelýerler bilen araňyz nähili?

– Şolardan ylhamlanýan. "Gucci", "Christian Dior" moda görkezilişlerini sypdyramok. Hökman özüme gerek zatlary tapýan.

– Maşgalaňyz düşünýändir-le?

– Elbetde! Ýogsa özbaşyňa iş ýöredibiljek aladaň barmy? Hemmetaraplaýyn goldaýarlar.

– Siziň moda öýüňizde meşhur ýyldyzlaram ýygy-ýygydan «düşleýär» diýip eşitdim.

– Dogry şol. Şol ýyldyzlaryň «ýagtysy» biziň ýolumyzy ýitirmän, ynam bilen dowam etmegimize kömek edýär. Mähri Pirgulyýewa (Myahri), Selbi Tuwakgylyjowa, Firýuza, Mähri Annageldiýewa dagylar hemişelik müşderilerimiz.

– Ýene täze toplumyňyza dolanalyň. Olarda hemmelere ýarajak bolmak aladasy duýulýar. Ýa ýalňyşdymmy?

– Ýok. Dogry şol. Men moda görkezilişinden özüne laýyk lybas tapman gideniň bolmagyny islämok.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+