Drakulamy ýa-da hudožnik — “Renfild” we “Reňk”

Drakulamy ýa-da hudožnik — “Renfild” we “Reňk”

reňkli+ okyjylaryna mundan soň nesip edenden her hepde täze çykan filmleriň arasyndan käbiri ýa-da käbirileri bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik. Ilkinji hepdämizi hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan azy ýaran kinolary bilen açmasagam, gürrüňini etjek kinolarymyz azyndan bir gezek tomaşa etmäge degýän ekran eserleri hasaplanýar. Gysgaça tanyşdyrjak filmlerimiziň käbirleri diňe kinoteatrlarda görkezilýän filmler, käbirleri-de “streaming” platformalarynyň önümleri, şol bir wagtyň özünde-de käbirleri ýurdumyzdaky kinoteatrlarda, esasan hem “Berkarar” kinoteatrynda görkezilýän kinolar bolar. Makalalarymyzda “spoiler”-iň berilmejekdigine-de sizi ynandyrmak isleýärin.

“Renfild”

Köpleriň söýgüli artisti, oskarly aktýor Nikolas Keýjiň wampiriň keşbinde surata düşen täze filmi “Renfild” (Renfield) diýlip atlandyrylýar. Filmde baş keşbi tanymal aktýor Nikolas Hult janlandyrýar. Filmde Brem Stokeriň nusgawy eseri Drakuladaky iňlis aklawçysy, Drakulanyň kömekçisi R. M. Renfild barada söhbet açylýar. Mälim bolşy ýaly, Renfeld “Drakula” eserinde diňe bir Drakulanyň kömekçisi däl, eýsem ol hyýaly zatlary görýändigi üçin dälihanada saklanýan biri hökmünde hem peýda bolýar. Kris MakKaýyň režissýorlyk eden filmi “supernatural”, komediýa, gorkuly (horror) görnüşli kino bolup, ol režissýoryň 4-nji ekran eseridir. Robot Chicken köp serialy animasiýalary bilen adygan režissýoryň mundan öňki 2 meşhur filmi “Lego Betmen filmi” (The Lego Batman Movie, 2017) animasiýasy bilen ylmy-fantastik görnüşli “Ertirki uruş” (The Tomorrow War, 2021) atly kinolardyr. Filmde başda-da belleýşimiz ýaly Kont Drakulanyň, ýagny Transilwaniýanyň meşhur wampiriniň keşbini Nikolas Keýj janlandyrýar. Onuň bu film üçin ýörite dişlerine-de timar berendigi (ýitiländigi) bellenilýär. Filmiň ssenarisini Robert Kirkmanyň Brem Stokeriň “Drakula” atly eserine salgylanyp ýazan hekaýalary esasynda Raýan Ridli taýýarlady. Filmdäki ýaňlanýan sazlaryň awtory-da Emmi baýragynyň eýesi, Oskaryň dalaşgäri, italiýaly tanymal kompozitor Marko Beltrami bolup, ol mundan ozal onlarça filmiň sazyny hem ýazypdy.

Filmde iki atdaş aktýor — Nikolas Hult bilen Nikolas Keýjden başga-da, soňky ýyllarda şöhraty artýan ýaş aktrisa Awkwafina, komediýaçy Ben Şwarts, Adrian Martines hem-de Hollywood-daky eýranly meşhur aktrisa Şohreh Agdaşlu dagy dürli keşpleri ýerine ýetirýär. “Skybound Entertainment” kompaniýasy tarapyndan surata düşürilen film “Universal Pictures” studiýasynyň garamagynda Demirgazyk Amerikanyň 3300 kinoteatrynda görkezilip başlandy. Film häzirlikçe tomaşa edenler tarapyndan ýokary ýa-da pes baha almady. Häzirlikçe filme tomaşa edenleriň 60 göteriminiň garaýşy pozitiw bolup, umuman alnanda, tomaşa etmezçe kino däl. Iki atdaş aktýoryň hatyrasyna tomaşa edilip bilner. Nýu Orleansda surata düşürilen film üçin 65 million dollarlyk çykdajy edildi. Filmiň şol çykdajysynyň öwezini dolmagyna garaşylýar.

Režissýor: Kris MakKaý
Ssenariçi: Raýan Ridli
Prodýuserleri: Robert Kirkman, Kris MakKaý, Dewid Alpert, Braýan Furst, Şon Furst
Esasy keşpler: Nikolas Hult, Awkwafina, Ben Şwarts, Adrian Martinez, Şohreh Agdaşlu, Nikolas Keýj
Kompozitory: Marko Beltrami
Öndüriji kompaniýa: “Skybound Entertainment”, “Giant Wildcat”
Paýlaýjy kompaniýa: “Universal Pictures”
Ekranlara çykan wagty: 14-nji aprel, 2023 (D. Amerika)
Görnüşi: “supernatural”, komediýa, gorkunç
Dowamlylygy: 93 minut
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 65 million $

“Reňk”

Bu hepdeki 2-nji kinomyz aslynda 7-nji aprelde kinoteatrlara goýberilen ekran eseri bolup, ol “Reňk” (Paint) diýlip atlandyrylýar. Awtobiografiýa görnüşli film komediýa žanryna golaý bolan filmde baş keşbi komediýaçy Owen Wilson janlandyrýar. Owen Wilson Brit MakAdamsyň öz ssenarisi esasynda režissýorlyk eden filminde meşhur suratkeş, surat çekmegi ýeňilleşdiren, bütin dünýä söýdüren Bob Ross barada gürrüň berilýär. Irki ýyllarda dürli telewizýon kanallaryny açaňda, Bob Rossuň agajyň, dagyň, garaz tebigatyň peýzažyny çekip duranyna köp gabat gelinýärdi. Filmde hakyky ady Karl Nargl bolan şol meşhur, küdür saçly hudožnigiň durmuşy, ömür-döredijiligi barada söhbet açylýar. Karl Nargl teleýaýlymlaryň biri bilen şertnama baglaşýar we onuň şahsy durmuşy büsbütinleý üýtgeýär. Şondan soň ol Bob Ross adyny alýar.

1,5 sagatdan gowrak dowamlylygy bolan film ABŞ-nyň 800 töweregi kinoteatrynda görkezilýär. Bob Rossuň keşbini Owen Wilson, onuň söýgülisiniň keşbini-de Mikaela Watkins janlandyrýar. Filme tomaşa edenleriň ýaryndan azragy kinony halapdyr. Meşhur hudožnigiň durmuşy bilen tanyş bolmak isleýänler üçin iň bolmanda, birje gezek şans berilmeli kinomyka diýýärin.

Režissýory: Brit MakAdams
Ssenariçi: Brit MakAdams
Prodýuserleri: Sem Maýdew, Piter Brant
Esasy keşplerde: Owen Wilson, Mikaela Watkins, Siara Rene, Stefen Rut
Kompozitory: Laýl Workman
Öndüriji kompaniýa: “Blue Creek Pictures”, “Silver Lining Entertainment”, “White Birch Films”
Paýlaýjy kompaniýa: “IFC Films”
Ekranlara çykan wagty: 7-nji aprel, 2023 (ABŞ)
Görnüşi: komediýa, biografiýa
Dowamlylygy: 96 minut
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+