Dubaýda geçirilen 18-nji ýaşlar konferensiýasynda Türkmenistanyň wekilleriniň başdan geçirmeleri

Dubaýda geçirilen 18-nji ýaşlar konferensiýasynda Türkmenistanyň wekilleriniň başdan geçirmeleri

Geçen ýylyň 26-28-nji noýabr aralygynda ajaýyp şäher Dubaýda 18-nji ýaşlar konferensiýasy (COY18) geçirildi. COY BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň her ýylky konferensiýasyndan (COP) birnäçe gün öň geçirilýän dünýädäki klimata bagyşlanan iň uly ýaşlar maslahatynyň biridir. Konferensiýanyň maksady, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, bu täsirleri azaltmak we üýtgeýän klimata uýgunlaşmak üçin innowasion çözgütleri işläp düzmek boýunça ýaşlaryň ähmiýetini ykrar etmekdir.

Dalaşgärler hemmeler üçin elýeterli anketalar esasynda saýlandylar. Ol ýerde ekologiýa pudagynda gazanan üstünliklerimiz, daşgy gurşawy goramak babatynda ýerine ýetiren işlerimiz, jemgyýetimize nähili goşant goşandygymyz barada soraldy.

Bu meşhur konferensiýa gatnaşmak üçin saýlaw prosesi diýseň bäsdeşlikli boldy, dünýäniň dürli künjeklerinden 5000-den gowrak ýaş wekilleri ýüz tutdy we olaryň arasynda 165 ýurtdan diňe 800-si saýlandy.

Türkmenistanyň ýaşlary şu ýylky konferensiýa işjeň gatnaşdylar. Leksiýalarda, panel çekişmelerinde, sessiýalarda we tegelek stol gepleşiklerinde çykyş etmekleri bilen bu çärede ýatdan çykmajak yz galdyrdylar.

Konferenisiýanyň dowamynda türkmen wekilleri milli lybaslarda boldular. Bu ýerde bellemeli zat, köp sanly daşary ýurtly wekiller biziň milli eşiklere bolan ygrarlylygymyza haýran galdylar.

Maslahat, BAE-niň Klimaty[ üýtgemegi we daşky gurşaw ministri Mariam bint Muhammet Almheiriniň çykyşy bilen başlady, we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Rim Ebrahim Al-Haşimi, we BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň ylham beriji çykyşy bilen dowam etdi.

Türkmenistandan gelen ýaş wekiller deň-duşlary bilen üç gün dowam eden çekeleşikli çykyşlara gatnaşdy. Dürli ugurlardan tanymal çykyş edenler durnukly ösüş, klimatyň üýtgemegi, gender deňligi we parahatçylygy gurmak ýaly möhüm meseleler boýunça öz pikirleri bilen paýlaşdylar.

Açylyş güni, dünýämiziň öňünde durýan köptaraply kynçylyklary çözmek üçin dürli sesleri birleşdirmegiň möhümdigini belläp, hyzmatdaşlygyň äheňini kesgitledi.

Möhüm mejlisleriň birinde biz “Ýaşlar we klimat hereketi” atly panel çykyşyna gatnaşdyk we bu ugurda tejribe alyşdyk. Ýene-de bir gyzykly sessiýa – “Durnukly ösüşiň global perspektiwalary” mowzugyna bagyşlandy, bu ýerde men, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň DÖM-lerine ýetmek üçin ýurtlaryň arasynda nähili hyzmatdaşlyk edip boljakdygyny öwrenmäge gatnaşdym.

Türkmen wekilleri soňky 3 ýylda ýerli ýaşlar konferensiýalaryny (LCOY) geçirmekde ep-esli tejribe topladylar. Biziň wekillerimiz ýaşlarymyzyň Türkmenistanyň ähli sebitlerinden ýygnanan klimatyň üýtgemegine garşy göreş baradaky ýaşlar beýanyny halkara arenada hödürlediler.

18-nji ýaşlar konferensiýasy tamamlanandan soň, türkmen delegasiýasy Dubaýdaky tejribeleri barada oýlandy. Dürli garaýyşlary görmek, pikir alyşmak we çäräniň hyzmatdaşlygy ruhy her bir wekile uzak wagtlap täsir etdi.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+