Ekologiýa hakda alada psihika üçin peýdaly

Ekologiýa hakda alada psihika üçin peýdaly

Howany zyýanly galyndylardan arassalamak häzirki wagtda dünýä möçberindäki çözülmeli wajyp meseleleriň biri bolup döredi. Aýtmaklaryna görä, ÝB 2035-nji ýyla çenli howany hapalaýjy maddalaryň möçberini peseldip biler. Eýsem, bu nähili ýagdaýda we nädip durmuşa geçiriler?!

Ýewropanyň daşky gurşaw gullugynyň howanyň hili boýunça hünärmeni Alberto Gonzales Ortis bu hakda şeýleräk pikiri öňe sürýär:

– Biz howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmelerini azaltmak üçin, ilki bilen, tehnologiki usullary durmuşa geçirip bileris, Mysal üçin, ulaglaryň işleýşini gowulandyrmak. Şeýle-de gurluş çäreleri hem bar. Şulara görä, aňrybaş jemgyýetçilik ulag infrastrukturasyny döredip, şäheriň abadançylygy bilen ykjam meşgullanmak mümkin. Awtoulag ulanman, oňa derek welosiped sürmek ýada pyýada ýöremek ýaly, hiç kime minnetsiz, ýekebara ýerine ýetirip boljak hereketlerem bar.

Biz öz gullugymyzda hereket, azyk, energiýa üpjünçiligi ulgamlaryny üýtgetmek hakda kelle döwýäris. Ýollardaky ulag dyknyşygyny alyp göreliň. Eger biz awtomobilleri elktromobiller bilen çalyşsak, onda howadaky hapa zyňydylary azaldyp bileris. Emma ulag dyknyşygy barybir bolar. Ulagyň tüsseçykaryndan bolmasa-da, tormozyndan hapa zyňyndylar ýaýrap biler, tigirleriň asfalta degmegi töweregi ýakymsyz gohdan doldurar. Ýöne, ine, ulag ulgamyny üýtgetsek welin, biz has gowy we arassa ulaga eýe bolarys. Adamlar welosiped sürerler ýa-da ýörärler. Howadaky zyňyndylary azaldarys, fiziki işjeňligimiz artar. Ulag däl-de, adamlaryň özara täsirleşmegi bolsa gönüden-göni psihika üçin peýdalydyr.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+