Ekranda täze super gahryman – “Gök tomzak”

Ekranda täze super gahryman – “Gök tomzak”

Hollywood dünýädäki ähli halklaryň, ähli jemgyýetleriň, hatda ähli dinleriň wekilleriniň göwnünden turmagy umumylykda başarýar diýsek bolar. Dogry, käwagt göwünlerine-de degýär. Ýöne umuman alanyňda, ähli gatlagy hoşal kylmagyň bir alajyny tapýar. Afrikalylar, aziýalylar, latynlar, arap dünýäsi...

Super gahrymanlaryň ýoň bolan dünýäsinde “DC Studios”-yň täze super gahrymany latynlaryň wekili bolup, prokatlara ýaýradylan kinonyň şowly çykandygy bellenilýär. “Gök tomzak” (Blue Beetle) atly bu filme puerto rikoly Anhel Manuel Soto režissýorlyk edýär. 3 ýyl öňki “Charm City Kings” filmi bilen adygan 40 ýaşyndaky režissýoryň birnäçe gysga metražly filmi bar. Garet Dannet Alkoseriň ýazan ssenarisi esasynda surata düşürilen film 127 minutlap dowam edýär. Iňlis we ispan dillerindäki film üçin 125 million dollar möçberinde çykdajy edildi. Filmde baş keşpleri Şolo Mariduenýa bilen Bruna Markuezin ýerine ýetirýär. Filmiň beýleki artistleriniň arasynda Adrianna Barraza, Damian Alkasar, Raol Maks Truýillo, Jorj Lopes şol sanda Hollywood-yň meşhur aktrisasy Susan Sarandon hem bar. ABŞ-nyň dürli ştatlarynda surata düşürilen filmiň käbir sahnalary režissýoryň ýurdy Puerto Rikoda hem ekranlaşdyryldy. Filmiň prokatdan ýokary derejede girdeji gazanmagyna garaşylýar.

Rotten tomatoes

Jeými Reýes ýoldaşlary bilen mekdepden çykyp, öýlerine sary ugraýar. Şol barmana-da onuň öňünden hereketsiz ýolda ýatan kiçijek möjejik, reňklije tomzajyk çykýar. Ol ony gowy görüp alýar we öýüne getirýär. Şondan soň tomzak Jeými Reýesiň bedenine ornaşýar. Jeými Reýes öňküsi ýaly däl, dogumlanan Reýesiň indi super güýçleri bar.

Edil “Möý adam” filminiň ssenarisini ýadyňa salýan bu film DC-niň täze döwrüniň ilkinji kinosy bolup, şereketiň şu ýylyň dowamynda ýene-de “Aquaman and the Last Kingdom” atly filmi hem ekranlarda peýda bolar. Täze döwür diýilmeginiň esasy sebäbi belli režissýor hem prodýuser, ssenariçi Jeýms Gann bilen Piter Safranyň şereketiň iň uly ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Täze hoýajynlar täze işlerine girişip-girişmänkä dowam edýän birnäçe taslamalar ýatyryldy. Hatda şolaryň käbirleri uly býujetli filmlerdi, käbirleri surata hem düşürilip, olaryň diňe “post production” işleri galypdy. Aslynda Gannyň täze şereketdäki režissýorlyk etjek ilkinji kinosy “Superman: Legacy” filmi hem bolsa, studiýanyň bu täze kinosy “Gök tomzak” täze ýolbaşçylaryň täze wezipä şowly başlandyklaryny aňladýar.

Rotten Tomatoes

Film baradaky gysgaça umumy maglumatlardan soň bilermenleriň käbirleriniň beýanatlaryna geçeliň.

Filme ir tomaşa edenler, žurnalistler, bilermenler ekran eserine ýokary baha berdiler. Bu filmi Kristofer Nolandan soň DC-niň iň gowy kinosy hasaplaýanlar, DC-niň ozalky kinolaryndan bir ädim öňde görýänleriň sany az däl.

Film barada öz pikirlerini beýan edenleriň köpüsi ekran eserinde maşgalanyň esasy temadygyny, maşgalanyň ähmiýetini aňladýan sahnalaryň köpdügini belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de Latyn medeniýetiniň, esasan hem Meksika medeniýetiniň aýdyň beýan edilmegini aýratyn nygtap geçýärler.

Rotten Tomatoes

Filmiň uruşly, has takygy, “action” sahnalarynyň hem ýeterlik hem-de ýerlikli bolmagy kino bilen baglanyşykly položitel bellikleriň biridir. Duýguçyl sahnalaryň hem filmde ýeterlikdigi, baş keşpde surata düşen Şolo Mariduenýa bilen Bruna Markuezine arasynda ysnyşygyň, sazlaşygyň ýokarydygy hem aýdylyp geçilýär. Iki ýaş artistiň hem özlerine ynanylan keşbiň aňyrýany bilen hötdesinden gelendikleri aýdylýar. Latynlara wekilçilik edýän super gahrymanyň peýda bolmagy olary diýseň begendiripdir. Film çyndanam gowy bolup, köp wagtdan bäri tagamy gaçan super gahryman filmleriniň arasynda hakyky tagamy berýän “superhero” filmi hasaplanýar.

Rotten Tomatoes

Tehniki babatda-da wizual effektleriň göze dürtülip duran derejede däldigi aýdylan gürrüňleriň arasynda ornuny alýar. Umumylykda film aýdylanlara seretsek tomaşa etmezçe däl, hatda hökmany tomaşa etmeli ýaly.

Şeýle öwüp arşa çykarylan film baradaky öz garaýyşlarymyzy-da tomaşa edenimizden soň dolanyp geleris ýa-da her tomaşaçy öz bahasyny özi berer.

* * *

Täze film makalamyzyň 2-nji kinosy “Netflix”-iň täze animasiýalaryndan “Maýmyn şa” (The Monkey King) bolup, ony Antoni Sakki surata düşürdi. Hytaýyň Ming dinastiýasy döwründen galan “Günbatara gezelenç” atly eser esasynda taýýarlanan animasiýanyň gahrymanlaryna Jimmi O Ýan, Bowen Ýan, Jo Koý, Stefani Hsu dagy ses berdi. Animasiýa Nýu Ýork film festiwalynda görkezildi. Umumylykda tomaşa eden bilermenlerden ortaça baha alan animasiýa hytaý we iňlis dilinde bolup, onuň dowamlylygy 96 minuda deňdir.

Animasiýada Maýmyn şa we oba gyzynyň bilelikde gezelenji barada söhbet açylýar. Oba gyzy ýolboýy oňa islendik zadyň hem şu dünýäde uly täsiriniň bardygyny görkezýär...

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+