Energiýa bilen başlam makalam

Bir tanyşym bar, adyna Sähra diýeli. Tow berilen ýaly, mydam hereketde. Haçan görseň birzatlar öwrenip, bir işler edip ýörendir. Üstesine adamlar bilen gatnaşyk saklamana hem ýetişýär. Ýadaw wagtyna gabat gelmedim (ýa-da görkezmedi).

Men günüň dowamynda üç iş etsem we iki adam bilen gürleşsem eýýäm ýadaýan. Ondan artykmajyna ysgynam, islegem galanok. Diňe Sähra däl daş-töwerekde, sosiýal mediada başga-da “gije-gündizi 48 sagatdan ybarat” adamlar bar. Şonça iş etmek üçin energiýany we ýetişmek üçin wagty nireden alýalarka diýip pikirlenip başladym.

Ilki bilen gün tertibi analizledim. Derrew birinji näsazlyk ýüze çykdy — dissiplina ýok. Dowamly edilen işler beýni tarapyndan hasaba alynmaýany we artykmaç energiýa talap etmeýäni barada bir ýerd-ä okapdym. Häzirlikçe günlik rutinime dünýägaraýşymy giňeltmek/öwrenmek üçin okamagy we saglygymy gowulandyrmak üçin ýöremegi goşup bilerin. (Sizem, özümem aldamaýyn, ilki bilen ir turmagy goşmaly).

Soň perfeksionizmim göze ildi. “Hemme zat gül ýaly bolmaly ýa-da hiç bolmaly däl”. Eginbaşlar reňkbe-reňk durmaly, gap-çanaklar ulydan kiçä ýerleşdirilmeli, 48 sahypalyk Word faýldaky sözleriň arasynda 2 space gitmeli däl, Instagram üçin suratlar kemsiz we şyk bolmaly. Nähili samsyklyk, dogry dälmi? Haçan başlany ýadyma düşenok, ýöne edil şuwagt kemsiz ýerine ýetirip bilmeýän işlerimiň hiç birini etmeýänime göz ýetirdim. Göreşip başlanyma iki ýarym ýyl boldy. Aslynda maksadym kemli hem bolsa etmekdi. Bir ýerde bir zat ters giden bolmaly. Düzederin.

Telefonymdaky parental control geçen hepde 54 sagat ekranyň açyk bolanyny görkezýär. Günde ortaça 8 sagat. Eger peýdaly işler bilen meşgullanýandyryn öýtseňiz, ýalňyşýaňyz. Wagtymy sarp etmek üçin ulanýan. Bu endik mende öňki wezipelerimiň birinden galdy. Ol wagtlar men 7/24 onlaýn oturyp, ähli täzeliklerden habarly bolmalydym. Tölegden kesilenimden soň hem näme üçin taşlamandyryn, henizem bilemok. Muny hem bellige aldym.

Iň halaýan pişäm, soralmadyk kömegi bermek, başgalaryň işine goşulmak, “dünýäni düzetmek”. Meň pikirimçe, bu häsiýet maşgalada uly çagalaryň käbirlerinde bar. Men adamlary gowy görýän. Şu güne çenli eden kömegime, guran şowsuz gatnaşyklarymyň hiç birine-de ökünemok. Ýöne berilen mähiriň ýerini mähir dolmasa, wagtyň geçmegi bilen özüň boşap galýan ekeniň. Çözdüm, diňe öz jogapkärçiligimdäki işleri etmeli. Iliň durmuşy bilen bagly meselelerde bolsa, gelip biljek negatiwden täsirlenmezligi kabul etmeli. (Aýtdym-a men, adamlary gowy görýän diýip 😊)

Geçmişde goýberilen ýalňyşlyklar barada ahmyr etmek. Durmuşymy üýtgetjek derejedäki uly hatalar däl, eýsem düýnki döwülen bokal, birine berilen gaýtawul hem meni uzak wagtlap heläk edýär. Sizem täzelikde başlan bolsaňyz, öwrenişmäň. Gowulyga eltenok. Ýöne bu psihologik bozuklyk. Düzetmek biraz wagt almagy mümkin.

* * *

Diýmek, günde ir turýan, okaýan, ýöreýän, kemli hem bolsa iş edýän, telefonda geçirýän wagtymy azaldýan. Netijelerini bir hepdeden paýlaşaryn.

Soňuna çenli okanyňyz üçin köp sag boluň!

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+