“Fashion Awards 2023”-iň ýeňijileri belli boldy

Her ýyl Britan moda geňeşi tarapyndan geçirilýän “Fashion Awards 2023”-iň ýeňijileri belli boldy. Olaryň hatarynda dizaýnerler Jonatan Anderson, Maksimilian Dewis we Martin Rouz dagy hem bar.
Londondaky “Royal Albert Hall”-da geçen “Fashion Awards 2023”-iň moda dünýäsine täzelik getiren dizaýnerleri ýüze çykarmak hem-de olary sylaglamak maksady bilen geçirilýär. Şeýle-de onuň dowamynda britan moda industriýasyny ýakyndan goldaýan BFC gaznasy üçin serişde ýygnalýar.
Şeýlelikde, “Fashion Awards 2023”-iň yglan etmegine görä, tamamlanyp barýan ýyl boýunça “Ýylyň dizaýneri” diýen ada “Loewe” brendiniň kreatiw direktory Jonatan Anderson mynasyp boldy.
“Zenan lybaslarynyň iň gowy iňlis dizaýneri” diýen ada “Ferragamo” brendiniň kreatiw direktory Maksimilian Dewis, “Erkek lybaslarynyň iň gowy iňlis dizaýneri” diýen ada bolsa dizaýner Martin Rouz laýyk görüldi. Şonuň ýaly-da, “Moda dünýäsinde gazanan üstünlikleri üçin” diýen ýörite baýraga “Alexander McQueen”-iň öňki kreatiw direktory Sara Berton, “Valentino” brendini esaslandyryjy Walentino Garawani bolsa “Ýeten görnükli üstünlikler üçin” baýraga mynasyp boldy. “Ýylyň modeli” diýen adyň eýesi diýip Paloma Elsesser yglan edildi.