Gaýtadan işlemek - galyndylary dolandyrmagyň durnukly çözgüdi

Gaýtadan işlemek - galyndylary dolandyrmagyň durnukly çözgüdi

Dünýä ilatynyň çalt artmagy bilen, serişdeleriň sarp edilmegi we galyndylaryň öndürilmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Şol sebäpden, gaýtadan işlemegiň daşky gurşawa edýän oňyn täsiri hem göz öňünde tutulyp, soňky ýyllarda has köp gürleşilmäge başlandy.

Gaýtadan işlemek Ýeri öňküden hem has gowy ýagdaýda goýup gitmek üçin möhüm bolup, täze önüm öndürmek üçin ýeriň çäkli çeşmelerinden çig mal çykarmak zerurlygyny azaldýar. Bu tejribe, galyndy hökmünde zyňyljak materiallary ýygnamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alyp, olary täze önümlere ýa-da çig mallara öwürýär. Gaýtadan işlemek diňe bir serişdeleri tygşytlamak bilen çäklenmän, energiýa sarp edilişini, hapalanmagy we parnik gazlarynyň çykmagyny azaltmaga kömek edýär; tebigy ýaşaýyş ýerlerini, biodürlüligi we ekosistemalary gorap saklamaga gönüden-göni kömek edýär.

Haçan-da adam galyndylary zibil diýip hasaplasa, olary içginlik bilen zyňmak isleýär. Zyňyndylaryň soňky ykbaly bolsa zibilhana çukurlarynda dowam edýär. Hakykatda bolsa galyndylar, aşa köp sarp etmegiň netijesidir; böleklenip, gaýtadan işlenip we gaýtadan ulanylyp bilner.

Türkmenistanda gaýtadan işlemegiň esasy ugurlaryndan biri kagyzy gaýtadan işlemekdir. Ýaşaýjylary we kärhanalary kagyz galyndylaryny dogry ýerlere tabşyrmaga höweslendirmek üçin gaýtadan işleýän merkezler we kagyz ýygnalýan nokatlar döredildi. "Toprak", "Altyn gaýa" ýaly galyndy kagyzlary satyn alýan we gaýtadan işleýän kompaniýalar esaslandyryldy.

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti hem şeýle edaralaryň biri. Aýdaly, ýaşaýjylaryň biri plastiki gaplarynyň gaýtadan işlenilmegini isleýär. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetine jaň edip, sişenbe we anna günleri diňe plastiki galyndylaryny däl, eýsem çüýşe we kagyz galyndylaryny hem tabşyryp biler. Üstesine, jemgyýet galyndylary tabşyranlara ekmek üçin 1 nahal berýär.

Gaýtadan işlemek - daşky gurşawy goramak we durnukly ösüşi höweslendirmek üçin möhümdir. Bu ugurdaky başlangyçlar has durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi döretmek boýunça global tagallalara goşant goşýar.

Surat: Alfonso Navarro on Unsplash

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+