Gökdepe kölüniñ kenarynda Türkmenistanyñ ýaş meýletinçileriniñ arasynda "ýaşyl oýunlar" çäresi geçirildi.

3-nji Martda, Ýewropa Bilelişiginiň #ForOurPlanet atly global kampaniýasynyň çäginde, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we "Agama" alpinistler kluby bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş meýletinçileriniň arasynda "Ýaşyl oýunlar" çäresi geçdi.
Ýewropa Bilelişiginiň Türkmenistan wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda wekilçilik edýän Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ilçihanalary, Türkmensitanyň Tebigaty goramak jemgyýety we "Agama" alpinistler kluby bilen bilelikde ýaş meýletinçiler, eko-aktiwistler we žurnalistler Gökdepe kölüniň kenaryny arassalamak we sazak agaçlaryny oturtmak üçin ýygnandylar.

Çäräni Ýewropa Bilelişiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Pęksa şu sözler bilen açdy: "Ýewropa Bilelişiginiň Türkmenistan wekili hökmünde, ähli raýatlary we raýat jemgyýetiniň agzalaryny #ForOurPlanet (#PlanetamyzÜçin) atly herekete gatnaşmaga ylham bermek isleýäris. Her bir hereket üýtgeşiklik döredýär."

Çäräniň dowamynda meýletinçiler 835 kilogram galyndy ýygnamak bilen 600-den gowyrak sazak agaçlaryny oturtdylar.
