Goňşudan gelýän üýtgeşik sesler — gazak hip-hopynyň Hadesi barada

“kensshi” albomynyň koweri

Çagalary we ýüregi ýukalary ekranyň öňünden aýyrmagyňyzy haýyş edýärin.

Bu gezek sizi Gazagystanyň Karaganda şäherine alyp gitmekçi. Gazagystanyň “new wave” (täze tolkyn/akyş) hip-hop industriýasynyň garaňky tarapynda oturyp, grek taňrysy Hades ýaly hökmürowanlygyny sürdürýän Aýdyn Zakaria ýa-da sahna ady bilen tanalýan “масло черного тмина” (gara kimýon ýagy) bilen tanyşdyrmakçy.

Biziň gürrüňini etmekçi bolýan artistimiziň ilkinji gezek rus rapper Husky-nyň üsti bilen sesini eşitdik. Bu ýagdaý bir wagtky futuristleriň ýa-da surrealistleriň arkalaşygy ýaly rus hip-hop industriýasynyň abstrakt artistlarynyň arkalaşygyna meňzeýär.

Husky barada başga bir sanda giňişleýin agzap geçeris, sebäbi it is “мчт” time.

Aýdyn barada aýtsak, ol Gazagystanyň Karaganda şäherinde dogulýar. Karaganda kömür işçileriniň şäheri diyip hem geçýär. Bu iki sözlem onuň awtobiografiýasy üçin şu wagtlykça ýeter. Aýdyna we onuň sungatyna bolan hormatymyzdan ýaňa, onuň irki eserleri we şahsy durmuşy barada söz açmakçy däl.

Indi geleliň gürrüňiň ýagly tarapyna. Aýdyny klassyky edebi ýazyja meňzetmek islesem N.W.Gogola ýa-da E.A.Po meňzederdim. Hasam beter Gogola. Gogol hem irki eserlerinden dynjak bolup, ozalky özünden gaçjak bolup köp synanyşdy. Aýdyn hem edil şolar ýaly özünden gaçýar, bir-iki sany aýdym çykaryp, salym geçmeden olary pozýar. Gogol we Zakarianyň ýene bir meňzeş taraplary, köp kişiniň aýtmaga, hatda pikirlenmäge çekinýän temalaryny açyk sözlülik bilen aýtmaklary. Aýdyn (масло черного тмина) aýdymlarynda ýokarda agzalyp geçilen ýazyjylar ýaly melanholiýa we tümlüge bolan söýgüni sözleri we sazlary bilen bize ýetirýär.

Aýdynyň ilkinji EP albomy “Плохой джаз” (erbet jazz) 2018-nji ýylda çykdy. Bu albomda Aýdyn jazz bilen hip-hopy biri birine garýar. Üç aý soňra bolsa ikinji EP albomyny “Agiss” ady bilen gün ýüzüne çykarýar. Bu iki albomda eksperimental jazz sazlary bilen bezelen Aýdynyň dünýäsine aýak basýarys. Aýdynyň aýtmagyna görä, jazz albom çykarmagyna sebäp bolan amerikaly jazz legendasy Nina Simone bolup durýar. Aýdynyň birinji EP albomynda hip-hop kän duýulmasa-da, ikinji albomynda jazz bilen hip-hop has gowy eşidilýär. Ikinji albomyň birinji aýdymy bolan “Незаметно” aýdymy jazz sazlarynyň aglabasy ýaly dep girişleri bilen seni başga bir ýerlere alyp gidýar.

Aýdyn birinji EP albomlarynda jazz bilen üýtgeşik zatlar etjek bolýan artista meňzese-de 2019-njy ýylda çykaran “kensshi” (шахтёр/magdançy) atly doly albomynda hakyky ýüzüni görkezip diňleýijilere ýüregini açyp başlaýar. Ine şol albomdan soňra ýuwaş-yuwaş Aýdyny tanap başlaýarys. Kensshi albomy adyndan hem belli boluşy ýaly, artistiň ýaşan ýeri, şäherindäki meseleleri dile getirýär. Aýdyn bu albomynda Gazagystanly režissýor Aýsultan Seitow bilen düşüren wideolarynda gara gargalaryň üsti bilen beýik režissýor Hiçkoka salam ugradýar.

Aýdymyň sözlerine gelsek, Aýdyn adamyň içindäki senzura diwarlaryny ýykýar. Bu sözlere mysal getirip “что для тебя красота” we “без названия” aýdymlaryny görkezip bileris. Aýdynyň her çykaran aýdymy diňleýijileri haýrana galdyrýar, ondan nämelere garaşyp boljagyny öňünden bilip bolanok. Onuň “так за кого же болеть на этой земле и кого любить?” atly aýdymynda Gazagystanyň gysga taryhyny görmek mümkin.

Aýdyn beýleki hip-hop artistlaryna garanyňda saz gurallaryny has köp ulanýar we her gezeginde garaşylmadyk sazlar bilen agzymyzy açdyrýar. Bir aýdymynda diňe jazz saz gurallaryny ulanan bolsa, ýene birinde bass gitara bilen melanholiýa atmosferasyny döredýar. Ýokarda agzap geçen “так за кого же болеть на этой земле и кого любить?” atly aýdymynda bolsa, milli gazak saz guraly bolan dombra bilen “wow” diýdirýär. Sazlary barada gürrüň açanymyzda Aýdynyň aýdymlarynyň süňküni ýasaýan onuň dosty DRKNSS-i hem agzaman geçmek bolmaz. DRKNSS-i Aýdynyň aýdymynda “Danik” ady bilen tanap bilersiňiz.

Ýeri gelende масло черного тмина-nyň albom kowerlaryny hem aýdyp geçsek ýerlikli bolar.

Albom kowerlary abstraktwizma aşyk bolan hudožnigiň elinden çykan ýaly. Diňe şol kowerlaryň owadanlygy üçin hem albomy satyn alasyň gelýär.

Indi bolsa Aýdynyň döredijiliginden düzülen playlista geleliň.

“масло черного тмина” awtory bolan bir ýerde bir aýdym bar bolsa hemmesini diňläp çykmagyňyzy isleýärin.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+