“Google” we beýlekiler howany CO2-den arassalamak üçinmillionlarça dollar harçladylar

Howany goramak maksatly “Frontier” taslamasynyň ýolbaşçylary “Alphabet”, “Stripe”, “Shopify” ýaly ägirt internet platformalaryň adyndan 2028-nji ýyla Ýeriň atmosferasyndan 158 müň tonnadan gowrak CO2-ni ýok etmek üçin bahasy 57 million dollardan gowrak bolan şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Şoňa görä, “Lithos Carbon” startapy oba hojalyk meýdanlaryna bazalt bölejiklerini sepelemek arkaly howadan kömürturşy gazyny ýok eder.
Tebigy howa şertlerinde dag daşlary atmosferadaky kömürturşy gazyny birikdirip, ony eremesi kyn birleşmelere öwürýär. Emma bu, wagty has köp talap edýän ýagdaý. Daşlaryň owradylan, hatda külkelenip mäjum bolan ýagdaýynda bu baglanyşyk has çalt ýüze çykýar. Şunlukda himiki reaksiýalar has çaltlaşýar we CO2 gözigiderlik derejesinde minerallaşýar. Şeýle görnüşli çaltlaşdyrylan howa şertleriniň emeli ýagdaýlary “güýçlendirilen howa” diýlip atlandyryldy we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ygtybarly usullaryň biri hökmünde sanawa girizildi.
Gynansak-da, bu gowy pikir juda gymmada düşýändigi sebäpli iş ýüzünde amala aşmady Iň bärkije çaklamalara görä, CO2 bilen birleşen bir tonna bazaltyň 200 dollar töweregi bolar. “Lithos Carbon” munuň üçin has köp pul – bir tonna 370 dollar almak isleýär. Edil häzirki wagtda howadan kömürturşy gazyny sorup aýyrmagyň tonnasynyň 600 dollardygyna salgylanýan startap öz kesgitlän bahasynyň entegem arzandygyny aýdýar.
Ýöne bazalt bölejikleri arkaly howany arassalamak pikirini amala aşyrmakda esasy kynçylyk, bu babatda öň görkezilen netijäniň ýoklugydyr. Edil şonuň ýaly, startapyň hem bu iş boýunça entek tejribesi ýok. Şonuň üçin, häzirlikçe olaryň diňe sözlerine we alymlaryň käbir hasaplamalaryna ynanaýmak galýar. “Lithos Carbon” hem öz gezeginde “güýçlendirilen howaly” ýerde topragyň howasyny yzygiderli ölçäp we beýleki himiki synaglary geçirip durmak bilen, bazalt bölejikleriniň näçe kömürturşy gazyny siňdirýändigini anyk kesgitläp biljekdigini wada berýär. Emma muňa garamazdan, hünärmenler alynýan netijäni jikme-jik barlap bolmajakdygy sebäpli görkezijileriň dogry boljakdygyna şübhelenmäge mejbur bolýarlar.
Şeýle-de bolsa, “Stripe”, “Alphabet”, “Shopify”, “McKinsey Sustainability”, “Autodesk”, “H&M Group”, “JPMorgan Chase”, “Workday”, “Zendesk”, “Canva”, “Boom Supersonic” we başga-da birnäçe kompaniýalar howany CO2-den arassalamak barada “Lithos Carbon” bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, startap açyk meýdandan bazalt alyp külkelemeli we ony topragyň aşgar deňagramlylygyny saklamak üçin ýerli daýhanlara paýlamaly. Netijede, toprakdaky çyglylygyň we howanyň täsiri zerarly galyndylar CO2-ni özlerine siňdirerler we minerallary ýerasty suwlaryň üsti bilen derýalardyr deňizlere äkiderler. Ol ýerlerde bolsa mineral birleşmeler kömürturşy gazyny azyndan 10 müň ýyllap özünde saklarlar.
“Lithos Carbon” kompaniýasy howa siňen bazalt bölejikleriniň hiç kimiňem saglygyna peýdaly däldigi sebäpli öz jogapkärçiligindäki topragyň hasyllylygynyň we ol ýerdäki howanyň hiliniň bozulmazlygyna gözegçilik etmegi wada berýär.