«Jane Wade» buzdan ýasalan sumka hödürleýär

«Jane Wade» amerikan markasy Nýu-Ýork moda hepdeliginde adaty bolmadyk aksessuar – buzdan ýasalan sumkalary hödürledi.
Sumkanyň hut podiumda sofitleriň gyzgyn şöhlesine eräp başlamagy aýratyn täsirli boldy.
Elebetde, beýle sumka gündelik durmuş üçin birneme amatsyz, ýöne lyža kurorty üçin diýseň oňaýlydyr.
Dizaýner Jeýd Weýdiň aýtmagyna görä, ol bu usul arkaly modanyň şäher stili bilen nagyşly switer, sütükli aýakgap we palto penjek ýaly lyžada typmak üçin zatlary öz içine alýan «après-ski»stilini sazlaşdyrmak isläpdir.