K-pop näme, iýilýän zatmy?

Ýazgymyzyň bu sanynda haýyşlar* boýunça K-pop (keýpop) barada ýazmaly diýen netijä geldik. “K-pop barada näme bilýäň ýa-da haýsy toparlary diňleýäň?” diýip sorasalar, jogabym “hiç” bolardy.
Ýeke bilýän zadym, K-popyň Günorta Koreýada döränligi we ýetginjeklige ýaňy gadam basan gyzlaryň ölemen diňleýän žanry bolmagydy. Başga-da hiç zat bilemokdym. Şonuň üçin ynamdar çeşmelerden ýygnan maglumatlarymy hemme kişä düşnükli bolar ýaly seljerip, K-popy we onuň taryhyny okyjylar bilen bile öwrenmekçi.
K-pop adyndan başlajak bolsak, Korean Pop, ýagny Koreýanyň populýarnyý medeniýetine girýän ähli zatlar: aýdym-saz, film, ekran şoulary. K-popa has bagly bolanlar bilýändirler, onuň başga bir ady Hallyu. Bu söz Koreýa tolkuny diýmekdir; Koreýanyň populýar medeniýetiniň beýleki Aziýa ýurtlaryna we bütindünýä giňden ýaýramagyny aňladýar.
K-pop aslynda 90-njy ýyllaryň başynda hype bolup başlaýar. “Seo Taji and Boys” tarapyndan çykarylan “I know” aýdymy K-popyň başlangyjy hasaplanylýar. Ömründe K-pop diňläp görmedik biri bu žanryň başlangyjy kabul edilýän aýdymlary diňläninde olary 2000-nji ýyllaryň başyndaky türkmen pop aýdymlaryna meňzedip biler. Ikisiniň arasyndaky parallellik, ikisiniň hem Ýewropa we Amerika pop, rap aýdymlaryna meňzejek bolmagydyr. Mysal üçin, agzap geçilen I Know aýdymyny diňläp görseňiz ABM ýa-da Azat Oraz ýadyňyza düşer. Ýöne bolmalysy hem şeýle, sebäbi K-popyň asyl maksady şol wagtyň Günbatar aýdym-saz medeniýetine meňzemekdi. Şeýle hem boldy. Olar jazz, funk, hip-hop žanrlaryny milli aýdym-sazlary bilen utgaşdyryp, täze bir akym döretdiler.
[embed]https://www.youtube.com/watch?v=OEDHEzs5kyk[/embed]
K-pop öz ýurdunda meşhur boljagyny bolup, ýetjek derejesine ýeteninden soň, nobat daşary ýurt arenasyna çykmaga gelýär. Ol nesibe-de Big Bang toparynyň paýyna düşýär. Big Bang-iň yzy bilen BTS, BlackPink, NCT 127, Girls’ Generation ýaly toparlar çykyp başlaýar.
Indi, bu işde puluň ysyny alan agenstwalar möjek ýaly ysyrganyp, köpräk pul gazanar ýaly bu toparlara pul baryny döküp, her minutda olaryň üsti bilen gazanmagyň aladasyny edip başlaýarlar. Ana, şol ýerde hem Idol diýilýän bir fenomen ýüze çykýar. Her pursatda topar agzalarynyň tans taýýarlyklaryny, wokal sapaklaryny wideo düşürip, olaryň durmuşyny bir “show”-a öwürýärler. Adamlaryň biderek bir gylygy bar, kime näçe köp tomaşa etseler, şonça-da görýänlerine meňzejek bolýarlar. Şonuň netijesinde hem bu toparlaryň fanatlary köpelip başlaýar. Diňe ýetginjek gyzlar däl, eýsem oglanlar hem bar.
K-popyň meşhur bolmagynyň arkasynda gaty akylly marketing strategiýasy bar. Bu strategiýalaryň iň birinjisini agzap geçdik, ol hem Ýewropa we Amerika pop aýdym-sazlaryna meňzemegi. Beýlekilerinden mysal getirsek: köpüsiniň bir topar bolmagy we topar agzalarynyň sanynyň 23-e çenli çykyp bilmegi, näçe köp adam bar bolsa şonça-da her birini Idol hökmünde görkezip, olaryň üsti bilen satuw etmek. Ýene bir faktor bolsa topar agzalarynyň elmydama ýaş, owadan, arassa, geýnüwli, şeýle hem reňkli eşikler bilen üns çekýän bolmaklarydyr. K-pop agzalarynyň hemmesi diýen ýaly inflýuenser bolup durýar. Ýaşlaryň arasyndaky trendleriň 90%-ni şolar döredýär; ýetginjekleriň ünsüni çekip biläýjek bir zat bar bolsa, şolarda bar.
Ýaşy sähel ulylar “K-pop diýilýän zat bizä-hä degmedi” diýip bilersiňiz, ýöne köpüňiziň eşek çapýan ýaly PSY-yň “Gangnam style” aýdymyna tans edendigiňizi bilýän.
K-pop bilen tanyşmak isleýänlere we BTC Army, BLACKPINK Blink, T.X.T Moa, NCTzen we MooMoo-lara (özleri düşüner) ýene bir gezek diňlemäge bahana boljak gysga playlist taýýarladym:
서태지와 아이들(Seotaiji and Boys) — 난 알아요(I Know) M/V
BIGBANG — HARU HARU(하루하루) M/V
Girls’ Generation 소녀시대 ‘I GOT A BOY’ MV
EXO-K 엑소케이 ‘MAMA’ MV (Korean ver.)
BTS (방탄소년단) ‘작은 것들을 위한 시 (Boy With Luv) (feat. Halsey)’ Official MV
[MV] 마마무(MAMAMOO) — HIP
BLACKPINK — ‘뚜두뚜두 (DDU-DU DDU-DU)’ M/V
NCT U 엔시티 유 ‘BOSS’ MV
PSY — GANGNAM STYLE(강남스타일) M/V
“Bular ýaly zatlardan ýaşym geçdi, diňlemäge adam ýaly bir zat taşla.” diýýänler üçin Kovacs-yň Shades of Black albomyny maslahat berip bilerin.
*Redaktordan: Men haýyş etdim :)