Karol we men

Modern şahyr we aýdymçylar barada başlan seriýamyň birinji böleginiň üstünden indi ep-esli wagt geçdi. Uzak wagtlap arakesme almagymyň sebäbini gözleseň, bahana gözleýän çaga ýaly bolýar. El bilen tutar ýaly argument öňe sürmäge sebäbim ýok. Ýeke sebäbim: ýazyp bilmedim. Ýazmak üçin näçe gezek stoluň başyna geçdim, ençeme gezek playlist-imi diňläp çykdym, şonda-da orta goýara, aýdara hiç bir sözüm ýokdy. Şol boşlugyň arasynda, tötänleýin gruziýaly biriniň aýdymy gabat geldi. Gruziýaly ýa-da aýdymyň gruzin dilinde bolanlygyna diňe hatyna seredip düşünip bildim. Aýdyma gabat gelen wagtym gyssagly daşary çykmalydym we eýdip-beýdip, adamlary garaşdyryp şol aýdymy telefona geçirip çykdym. Bir hepde ýaly aýdymy kimiň aýdýanlygyny bilmän, näme diýýänligini bilmän diňläp gezdim. Esasanam gijeleri ýeke gezmäge çykanymda. Bu aýdyma näme üçin beýle baglananlygymy heniz hem bilemok. Ne sözlerine düşünýän ne-de manysyna. Aýdymyň stili nätanyş däldi, folk bilen garyşan alternatiwe rok. Artistiň çilimden we alkogoldan ýaňa goýalşyp, gyrylyp çykýan sesi bardy. Ne hemme wagt notalara düşýärdi ne-de adam ýaly melodiýa bardy. Ýöne özboluşly garmoniýasy we düşünmeýän dilimiň biri-birini yzarlap gidýän kapiýasy bardy.
Biraz iş bilen başagaý bolup bir-iki gün ýaly aýdymy ýatdan çykarypdym, soňra ýene oňümden çykdy we google translate bilen kimiň we näme barada aýdýanlygyny terjime etdim. Aýdymy aýdýan Irakli Çarkwiani atly, gruziýaly şahyr, ýazyjy we aýdymçy bolup çykdy. Birinji orunda şahyr bolup tanalan, soňra bolsa öz goşgylaryny alternatiw rok bilen bezäp aýdym aýtmaga başlan bir şahyr. Artist barada birnäçe makala okasam hem dil böwedinden ýaňa barmak isleýän ýerime baryp bilmedim. Bir-iki daşary ýurt neşirlerine interwýu beripdir, olary hem alyp okap bolmaýar.

Ýokarda hem belläp geçişim ýaly, Irakli ilki bilen ýazyjy-şahyr we soňra aýdymçy. Ol öz debýutyny 1976-nji ýylda "Arshi" atly topar edýär, emma ol proýektinden hasyl çykanok. Ondan soňra 1980-nji ýyllarda "Taksi" atly topar döredýär we gruzin dilini alternatiwe rok bilen sintezleýär. 1990-nji ýyllarda "Reactive Club" ady bilen sungat adamlarynyň birleşigini döredýär. 1997-nji ýylda "Apren" (Sen däldireýäň) we 1999-nji ýylda "Sakartwelo" (Gruziýa) atly iki albomy bilen döwrüniň ýaş nesiliniň arasynda uly meşhurlyk gazanýar. Şol ýyllar hem Irakli özüne "Mefe/Mephe" (Karol, Şa) atly lakamyny alýar. Meşhurlyk gazanmasynyň esasy sebäpleriniň biri, onuň "Perestroýka" wagtyna gabat gelmegi bilen şol "Ýitirilen nesil"-iň sesi bolmagyna baglap bolýar. Aýdymlarynyň daşyndan, "Şahsy hatlarym", "Parahat ýüzüş", "Köne oýunjaklar" ýaly kitaplary bar. 2006-njy ýylda duýdansyz ölüminden soňra köpçülige çykarylmadyk aýdymlary "Dzirf Mefe" (Karol bilen aşaga dogry) albom ady bilen halka ýetirildi.

Aslyna seredeňde, artistiň özi hem meşhurlykdan, žurnalistlerden gaçyp durmuş geçiren ýaly. Onuň şahsy durmuşy we harakteri diňe oňa ýakyn bolan adamlara aýan bir durmuş. Ony ýakyndan tanan adamlar hem kän Irakli interwýu bermek islemýärler. Ýeke Irakli Çarkwiani barada gabat gelen interwýum bar, ol hem onuň kakasy Gela Çarkwianiň beren interwýusy. Kakasy Gela, ogly barada şeýle diýýär: "Halkyň arasynda, esasanam ýaşlaryň arasynda aýdymçy diýilip bilinse hem ol bir şahyr, ýazyjy, ondan soňra aýdymçy. Aýdymlarynda üýtgeşik sözleri we tanslary bilen şol wagt halkyň ünsüni çekipdi. Men saz çalýan wagtlam ýanymdan gymyldaman diňleýärdi. Şol wagt, ondan gowy sazanda we aýdymçy çykjagyna düşünipdim. Aýdyşym ýaly, ol sazdan beter edebiýata has uly üns berýärdi. 18-19 ýaşlarynda onuň gysga hekaýalary we goşgylary çap edilip başlanypdy."
Gysgaça meniň Karol bilen tanyşlygym şeýleräk. Karolyň aýdymlarynyň içinde gezen wagtym şuňa gözüm ýetdi; aslynda ýyllar öň onuň aýdymyny eşidip indi sungaty bilen tanyşypdyryn. Ýyllar öň gruzin kino režisýor Zaza Uruşadze-niň düşüren "Mandariinid" (Mandarinlar) atly filmini görüpdim we şol wagt Irakli Çarkwiani-niň "ქაღალდის გემ" (Kagyzdan gämi) atly aýdymy aklymdy galypdy, ýöne näme üçindir oturyp gözlemändirin. Şu ýerde sözümi soňlamak isleýärin. Sözlerini terjime edip, käbir terjimäniň ýetmeýän ýerlerinde özüňden sözler goşup doldurmak üýtgeşik gelse hem, şu sowuk howalarda Karol bilen deňine gygyrasyň gelýär.

Playlist:
ირაკლი ჩარკვიანი (მეფე) - მოდი წავიდეთ / Irakli Charkviani (Mefe) - Modi Tsavidet
ირაკლი ჩარკვიანი - ქაღალდის გემი / Irakli Charkviani - Me Gadmovtsurav Zgvas
ირაკლი ჩარკვიანი ( მეფე ) - სულს მოგცემ / Irakli Charkviani ( King ) - Suls Mogcem
ირაკლი ჩარკვიანი / Irakli Charkviani (Mefe) - Droo
ირაკლი ჩარკვიანი - მენატრება / Irakli Charkviani - Menatreba