Kino sungatynda “streaming” söweşi ýa-da “HBO Max”, “Warner Bros.” we beýlekiler

2020-nji ýyl adamzat taryhy üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Hatda adamzadyň ýatdan çykarmak isleýän ýyly boldy diýsegem ýalňyş bolmaz. Galagoply we başagaýlykda geçen ýylda Ýer şarynyň çäklerinde COVID-19 sebäpli zyýan çekmedik adam, pudak, ulgam ýok diýen ýaly. Adamzadyň durmuşynyň öňküler ýaly bolmajakdygy ilki-ilkiler görnetin mälim bolmasa-da, soňlugy bilen, öňki-öňküligiň galmandygyna göz ýetirip başladyk we göz ýetirmegimizi dowam edýäris.
Ummasyz ýitgi çeken pudaklaryň biri-de kino senagaty bolup, adaty kalendar mejbury ýagdaýda düýpgöter üýtgedildi. Pandemiýanyň ilkinji günlerden gapylaryny ýapan kinoteatrlar häzirki wagtda tutuş dünýäde maliýe babatda çykgynsyz ýagdaýda we näbelli ugra tarap barýar. Geçen ýylyň dowamynda kinoteatrlar wagtal-wagtal açylsa-da, netijede göwnejaý çykalga tapylmady we birnäçe filmleriň görkeziljek wagt soňa süýşürildi. Käbirleri kinoteatrlaryň açylaryna garaşman, “streaming” ýa-da wideo platformalary arkaly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Käbirleri-de barja mümkinçilikden peýdalanyp, çäkli ýagdaýda hem bolsa kinoteatrlarda görkezildi. Şolaryň biri-de meşhur, özboluşly režissýor Kristofer Nolanyň “Tenet” atly kinosy bolup, ol telim gezek wagty süýşürilenden soň, ahyry ähli töwekgelçiliklere döz gelip, prokatlarda görkezilenini kem görmedi. Tomus aýlarynda görkezilen filmiň kinoteatrlaryň ykdysady pese gaçyşlygyna em bolmagyna garaşylýardy. Hatda bu barada birnäçe gürrüňler hem gozgalypdy. Hatda ABŞ-da birnäçe kinoteatr “Tenet” filmi bilen ýitiren zyýanlarynyň öwezini hem dolmaga garaşdylar. Gysgaça aýdylanda, kinoteatrlar bu filmi özleriniň halasgäri deýin gördüler. Film ähli kynçylyklara garamazdan halkara prokatda o diýen şowsuz hem bolmady. Esasan hem Aziýa bazarynda gowy netijeler gazandy. Ýöne amerikan prokatlarynda garaşylyşyndan juda pes netije görkezdi.
Beýleki bir tarapdan hem pandemiýadan ozal hem özüniň täsirini ýetirip başlan hatda güýçlendirip başlan “streaming” fenomeni pandemiýanyň ýüze çykmagy bilen pursatdan juda ýerlikli peýdalanyp, gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi oturyberdi.
Sabyrsyz studiýalar
Hollywood-daky käbir studiýalar kinoteatrlaryň açylaryna tagapyl etmän, kinoteatrlarda görkezilmek üçin taýýarlan ekran eserlerini özleriniň garamagyndaky ýa-da bilelikde iş ýöredýän “streaming” kanallarynda ýaýlyma goýberdi. Şol studiýalaryň biri-de “Warner Bros.” bolup, kompaniýa geljekde-de bu täze “ýörelgesini” dowam etdirjekdigini aýtdy. Ine, jedel hem şundan başlandy. Ozal “Wonder Woman 1984” filmini hem kinoteatrlarda hem-de “streaming” kanaly “HBO Max”-de bir wagtda görkezjekdigini habar beren we diýşi ýaly hem eden “Warner Bros.” köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Dune”, “The Matrix 4”, “The Suicide Squad”, “Godzilla vs. King Kong” ýaly iri taslamalaryny hem “stream”-de ýaýlyma berjekdigini mälim etdi. Bu ýagdaý açylan gününden bäri özi ýaly beýleki platformalara garanyňda, az-owlak yza galan “HBO Max”-a müňlerçe müşderi gazandyryp biler. Ýöne bu ýagdaý kino sungatynyň iň uly taryhy studiýalarynyň biri “Warner Bros.” kompaniýasynyň kinoteatrlara bolan wepalylygyny sowal astynda goýýar.
Bu süýjülik tortunyň esasy bäsdeşleri, köne möjekleri — “Netflix” bilen “Amazon Prime” häzirki wagtda “Disney+”-yň güýjüni indi-indi duýup başladylar. Ýöne pandemiýa döwründe “Netflix” bilen “Amazon Prime” — ikisi-de adaty bolmadyk derejede ýaýrawlaryny giňeltdiler, ýagny adaty wagtdakydan köp müşderi gazandylar, abunaçylarynyň sanyny ep-esli artdyrdylar. Şol sebäpli häzirlikçe olaryň keýpi çag ýagdaýda esasan hem “Netflix” täze önümleriniň sanyna täzelerini goşmagyny dowam edýär. Mazmun babatda çägini “Youtube”-yň çäklerine çenli giňeltmegi maksat edinýän “Netflix” ýakyn gelejekde öz “agramyndaky” boksçy “Disney+” bilen ýiti göreş alyp barjaga meňzeýär.
Şereketiň öňden gelýän ýörelgesi esasynda “maşgala” filmlerini öndürýän we garamagynda “Marvel”, “Star Wars” ýaly ägirt “franchise”-leriň hem eýesi bolan “Disney” pandemiýanyň iň köp gazananlarynyň biridir. Degişli döwürde abunaçylarynyň sanyny 3 esse artdyran şereket müşderileriniň depesini göge ýetirdi. Gözýetimde häzirlikçe 10 “Star Wars”, 10 sany-da “Marvel” filmleriniň ekranlaşdyrylýandygyny habar beren “Disney+” gelejekde her müşderisine mahsus “Star Wars” serialyny öndürjege-de meňzeýär we bu bazaryň häzirlikçe lideri bolan “Netflix”-iň tagtyna göz dikýär. Ýeri gelende aýtsak, “streaming” bazaryndaky ornuny bir eýýäm mäkämleşdiren “Hulu” hem “Disney”-iň garamagyndadyr.
Kabelli “HBO Max” karantin döwründen ýerlikli peýdalanyp bilmedi
Aslynda ähli “streaming” platformalary öz muşdagyny tapyp, hatda şol müşderiler köpçüliginiň islegine görä mazmunda ekran eserleriniň önümçiligini ýola goýdy. Ýöne bu aýdanlarymyz “HBO Max” üçin degişli däl. “HBO Max” karantin döwründen ýerlikli peýdalanyp bilmedik ýeke-täk “streaming” platformasy diýsek, ýalňyş bolmaz. Dürli mazmundaky eserlere garaşýan müşderini özüne çekip bilmedik “HBO Max”-yň entegem köne tehnologiýaly, ýagny kabel arkaly tölegli teleýaýlym bolmagy aýratyn bellärliklidir. HBO-nyň tutuşlygyna sanly ulgama geçmegi 0-dan başlan beýleki şereketlere garanyňda, has agyr ýagdaýda boljaga meňzeýär. AT&T şereketi öz garamagyndaky “Warner Bros.” ýaly taryhy studiýany “HBO Max”-iň gelejegi üçin pida etdimi diýen sowal ulgamyň esasy üns merkezinde. Aslynda bu ýagdaýyň gelejekde “stream” tehnologiýasynyň hökmürowan boljakdygyny we eýýämden dünýäde ýeten derejesini kesgitlemäge göz ýetirmek üçin bize aňyrýany bilen maglumat berýär.
Nägile Nolan
Kinolaryň kinoteatrlarda görkezilmeginiň esasy tarapdarlary Kristofer Nolan “Warner Bros.” kompaniýasynyň beýanatlarynyň ertesi güni öz nägileliligini bildirdi. Öz surata düşüren “Tenet” filmininiň öndüriji studiýasy bolan “Warner Bros.”-yň göwnüne degendigini belläp geçdi. Ussat režissýoryň “HBO Max-yň bazardaky iň ýaramaz, pes “streaming” hyzmatydygyny aýtmagy studiýanyň ýolbaşçylarynyň gaharyny getirdi. Olar hem jogap edip, oňa kinoteatrlaryň ýagdaýynyň şeýle bolmagyna “Tenet” filminiň sebäp bolandygyny beýan etdiler. Taraplaryň arasyndaky “bimany” söz aýdyşyklardan soň, ýagdaý has hem alawlandy. Aslynda Nolanyň diýjek bolýan zady: “Sinema salonlary ýagny kinoteatrlar üçin film surata düşürendirin öýdýän birnäçe režissýoryň bir gijäniň dowamynda “streaming” tehnologiýasynyň režissýory bolýandygy” bilen baglanyşyklydyr.
Ýedinji sungatyň kinoteatrlardamy ýa-da “streaming”-de görkezilmek meselesi eýýämden uly gowur turuzyp, “industriýa söweşini” gyzyşdyrdy.
Sanly (digital) özgerişi hemişe goldaýan režissýor Stiwen Soderberg: “Pandemiýa tamamlananda, ynsanlar ýene-de sinema salonlaryna dolanarlar” diýip, meseläni az-owlak ýumşatjak boldy. Ýöne esasy goh kanadaly režissýor Denis Willnýowyň ýazan hatyndan soň turdy. Ol “Variety” žurnalyna ýazan hatynda HBO Max-yň gelejegi üçin “Warner Bros.” kompaniýasynyň pida edilýändigini belleýär. Ol “Dune” filminiň karýerasy boýunça surata düşüren iň gowy filmidigini we ony sinema salonlarynda görkezilmek üçin ekranlaşdyrandygyny aýdyp, AT&T-niň bu gelen netijesini täzeden göz geçirmäge çagyrdy. Kanadaly režissýoryň aýratyn belläp geçen zatlarynyň biri-de adaty kinoteatrlarda görkezilmek üçin film surata düşürip, soňam şol kinolary “streaming”-de ýaýlyma berilýän režissýorlary bu ýagdaýa garşy bilelikde göreş alyp barmaga çagyrdy.
Ýedinji sungatyň kinoteatrlardamy ýa-da “streaming”-de görkezilmek meselesi eýýämden uly gowur turuzdy; “industriýa söweşiniň” mundan soň has-da gyzyşmagyna garaşylýar. Geljekde has hem gynançly wakalaryň bolmagy mümkin. Hollywood-daky uly studiýalaryň beýleki “has uly” studiýalar tarapyndan satyn alnyp biljekdigi bellenilýär. Ýa-da olaryň mazmun, önüm babatda bäsdeşlikde yza galyp, uly ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz galyp biljekdigini belleýänleriň sany az däl.
“Warner Bros.” mälim eden maksatnamasynda filmleriň diňe bir ýyl möhlet bilen “streamiň”-de görkeziljekdigini, pandemiýanyň gowşamagyna garaşylýan 2022-nji ýylda ýylda ýene-de hemme zadyň öňki-öňküligine boljakdygyny bellemegi-de köpleri kanagatlandyrmaýar. Ýöne hemme zat bir gezekden başlanýar, kostýumyň kisesiniň içiniň bir ujynyň deşilmegi we her eliňi sokaňda şol deşigiň ulalyşy ýaly, muny hem yzyna dolanyp bolmajak ýol hökmünde görýänleriň sany juda köp.
Kristofer Nolan, Stiwen Soderberg, Denis Willnýow ýaly ulgamda uly orun eýeläýän, hormat goýulýan režissýorlary köneçillik, döwürden yza galmaklyk ýa-da romantiki bolmaklyk bilen aýyplamazdan öňürti nähili medeniýetiň-sungatyň arkasynda durmak isleýändigimiz barada pikir etmelidiris. Kinosöýerler hökmünde industriýany elinde saklaýanlaryň ýa-da kapital sermaýanyň “mejbury ýagdaýda” edýän işlerini toplumlaýyn we ir makullamak adamzady hemişe taryhyň ýaltaçyl gabatlaýyşlaryna eltýändigine göz ýetirýäris. Eger gabatlaşdyryp hereket etsek, öňümizdäki ýyllarda kino sungaty bilen beýan ediljek hekaýalarymyzyň aglabasy şu sanly (digital) söweşiň içinden kemala geler. Belki bu biziň medeniýet-sungat dünýämize san babatda bereketlilik getirse-de, mazmunyň hiliniň pes boljakdygyny bilmek üçin professor bolmak hökmany däl.
Medeniýet-sungat önümçiliginde uly orun eýeleýän bu kommunikasiýa ulgamyndaky birnäçe kararyň şol bir ýerden alynjakdygy, ýagny şol bir heň, şol bir owaz boljakdygyny häzirde aňmak bolýar. Muňa mysal edip geçen ýylyň ahyrlarynda “Disney”-iň gelejekki önümlerini bazarda öz öňünde satýan zatlaryny alyjylara hödürleýänler ýaly edip, mahabatlandyrmagy aslynda esasy aladanyň kino söýüjilerden zyýada müşderiler, alyjylar üçin ýaly boldy. Şu ýerde özüni “kino tomaşaçysy” hökmünde görýänler üçinem belli bir derejede jogapkärçilik başlaýar. Öz gelejek aladasyny hem meselä goşup, öz ruhuna, hatda adamzadyň ruhuna gabat gelýän sungat önümini goldamagy zerurdyr.
Kino söýüjiler Alfred Hiçkokyň 1954-nji ýylda surata düşüren “Rear Window” (“Yzky penjire”) filminde alegorik diýip beýan edýän hereketli işlerini togtadyp, ak perdede görýän zatlaryna kiltini diken, hakykat bilen baglanyşygyny goparyp, düýşüň täsirinde galan tomaşaçy deýin güýçli harasat bilen ýüzbe-ýüz.
Öýlerimizdäki dürli ululykdaky ekranlarymyz, dürli synag metodikalarymyz bilen birmeňzeş tomaşaçy ruhuna eýe bolmagymyz mümkin däl. Bu onsuzam fiziki we aň taýdan biri-birinden daşlaşýan adamlary ruhy taýdan hem uzaklaşdyryp biler. Kino söýüjileri hökmünde häzirki wagtda kino sungatyna eýeçilik edýän “streaming” hyzmatlaryndan öz söýgüli sinema salonlarymyzy talap etmek, islemek, hatda “gaýtaryp almak” biziň hakymyz, biziň hukugymyzdyr.
Redaktordan: Makalanyň içinde kinoteatr sözi bilen bilelikde sinema salonlary sözüniň yzygiderli ulanylmagynyň esasy iki maksady bar. Olaryň ilkinjisi häzirki zaman kino industriýasynda kämil tehnologiýalar arkaly yzygiderli tehniki mümkinçilikleri giňeldilýän kino görkezilýän salonlary aňlatmakdyr, ikinjiisi bolsa, şol salonlarda emele gelýän kino söýüjileriň arasyndaky özara ysnyşygyň ähmiýetine ünsi çekmekdir. Sinema salonlarynda duşuşýançak hormatly okyjy!