Kino sungatynyň 3 ägirdi – Di Kaprio, De Niro hem-de Skorseze

Kino sungatynyň 3 ägirdi – Di Kaprio, De Niro hem-de Skorseze

Häzirki zaman kino sungatynyň ägirtlerini bir ýere jemleýän “Dolan Aý ganhorlary”( Killers of The Flower Moon) filmi kinoteatrlarda görkezilmegini dowam edýär. Ýylyň iri taslamalarynyň hatarynda görkezilýän filme ussat režissýor Martin Skorseze režissýorlyk edýär. Hollywood-yň tanymal režissýorynyň bu täze filminde onuň bilen ençeme filmde bile işleşen oskarly iki aktýor – Leonardo Di Kaprio hem-de Robert De Niro (ikisi ilkinji gezek bir filmde) baş keşpleri ýerine ýetirýär. Bu iki ägirde täze filmde Lili Gladstoun bilen bir hatarda, Jess Plemons, Brendan Freýzer, Jon Litgow ýaly artistler hem ýoldaşlyk edýär.

200 million dollarlyk býujeti bilen Skorsezeniň iň gymmat filmi bolan bu ekran eseri 206 minutlap, ýagny, 3 sagat 26 minutlap dowam edýär. Iki hepdäniň dowamynda film 90 million dollara golaý girdeji toplady. Filmiň prokatlardaky başdan geçirmesi tamamlanandan soň ol “Apple TV+” streaming kanalynda görkeziler.

Film žurnalist Dewid Gannyň “Killers of The Flower Moon: The Osage Murders and The Birth of The FBI” atly “fiction” bolmadyk romany esasynda tutuşlygyna Oklahomada surata düşürilýär. 9 ýyl öň taslamasy taýýarlanan filmiň kitabynyň ekranlaşdyrmak hukugy 5 million dollara satyn alynýar.

Filmiň ssenarisi adaptasiýa diýlende ilkinji bolup ýadyňa düşýän şahsyýetleriň biri, oskarly ssenariçi Erik Rota, şol sanda režissýoryň özüne degişli. Erik Rot “Forrest Gump”, “Munich”, “The Curious Case of Benjamin Button”, “Dune” ýaly meşhur filmleriň ssenariçisidir.

Oseýj halkynyň lideri Jeoffri Ständing Bieriň hem ekran eserine hemaýaty uly bolup, ol ssenariniň ýazylmagyna ep-esli goşant goşýar.

Filmde esasy keşpleri janlandyran DiKaprio, De Niro, Gladstoun, hatda beýleki artistleriň hem köpüsi ýerli Oseýj halkynyň dilini öwrenýär.

Tutuşlygyna Oseýj sebitinde surata düşürilen filmdäki ýaňlanýan sazlaryň awtory Robbi Robertsondyr. Şu ýylyň awgust aýynda aradan çykan Robertson Skorsezenň surata düşüren “Casino”, “Gangs of New York”, “Shutter Island”, “The Wolf of Wall Street”, “Silence” filmleriniň hem sazyny ýazypdy.

Skorseze beren interwýularynyň birinde filminiň “crime” kino däldigini ýatladyp, ol bu ekran eserini surata düşürmeginiň esasynda geçen asyryň ortalarynda ençeme filmi surata düşüren meşhur Jon Forduň “The Searchers” filminiň ýatandygyny aýdýar. Ol: “Hemişe western kino ekranlaşdyrmak isläpdim. Ýöne western žanrynyň Sem Pekinpahyň “The Wild Bunch” filmi bilen soňlanandygyny aýdyp, soňky westernimtik kinolarda bu žanryň diňe adynyň bardygyny” belleýär.

Irki ýyllardaky filmleriniň köpüsinde Robert De Niro bilen işleşen 80 ýaşyndaky Skorseze soňky kinolarynda-da aglaba Leonardo DiKaprio baş keşpleri ynandy. Soňky filmi hem hasaplanymyzda, De Niro ussat režissýoryň 10, DiKaprio 6 filminde esasy keşde surata düşýär (Şol bir artistler bilen işleşmek ýeňil bolany üçin, bu babatda Skorsezeni hiç hili töwekgelçilik edenok diýip, tankyt edýänler hem bar). Ilkinji gezek iki eý görýän aktýory biri filme jemlän Skorseze mundan soňky täze ekran eserinde-de DiKaprionyň surata düşjekdigini belläp geçeliň.

Fransis Ford Koppola görä, kino sungatynyň ägirdi hasaplanýan Skorsezeniň täze filmindäki wakalara-da az-owlak ser salalyň. Bilermenleriň bellemegine görä, Skorsezeniň bu ekran eserine mundan öňki kinolaryna garanyňda has  höwesjeň has yhlas bilen ýapyşandygyny aňmak bolýar. Filmdäki görkezilýän jenaýat, gan döküşikli wakalar syýasy hem-de sarsdyryjy ýagdaýda bolup, şol bir wagtyň özünde duýguçyl. Režissýoryň öňki filmlerine garanyňda wagşylyk, gan döküşlik köpräkr. Molli bilen Oseýj halkynyň gören sütemi kinodaky wakanyň esasy bölegini emele getirýär.

Oseýj halkyna berlende “bereketsiz” diýlen toprakdan köp mukdarda nebitiň çykmagy bilen başlanan wakalar hakynda söhbet açylýar. Nebitiň çykarylmagyndan soň Oseýj halky gurplanyp, baýap başlaýar. Şondan soň Oseýj halkynyň ilaty bir-birden näbelli ýagdaýda ýitirim bolup ugraýar. Sebitiň ozalky aşa baýlarynyň biri bolan William King Heýliň özdiýenli ýegeni Ernst Burkart uruşdan gaýdyp gelip, Molli Kaýl bilen durmuş gurýar. Şondan soň Molli Kaýlyň maşgalasy-da gan döküşligiň pidalarynyň hataryna girýär. Şol wagtlar ýaňy esaslandyrylan BOI (Bureau of Investigation), häzirki FBI J. Edgar Huweriň ýolbaşçylygynda wakalary seljermäge girişýär. Huwer bu iş üçin Tom Waýta tabşyryk berýär.

Indiki täze kinomyzyň ady hem “Ganhor”, ýagny “The Killer” bolup, ony başga bir ussat režissýor Dewid Finçer ekranlaşdyrdy. “Seven” (1995), “The Game (1997), “Fight Club” (1999), “Panic Room” (2000), “Zodiac” (2007), “The Social Network” (2010) ýaly köpleriň söýgüsini gazanan filmleriniň režissýorynyň täze ekran eserinde baş keşbi – Ganhoryň keşbini ussat aktýor Maýkl Fassbender janlandyrýar. “Netflix”-iň önümi bolan film oktýabr aýynyň soňky anna gününde az sanly kinoteatrda görkezilip başlandy. Fransiýanyň paýtagty Parižde hem-de ABŞ-nyň Illinoýs ştatynda ekranlaşdyrylan filmde Fassbenderden başga-da Arliss Howard, Çarlz Parnell, Tilda Swinton ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýar.Fransiýaly ýazyjy Aleksis “Matz” Noleniň adybir şekilli romany esasynda (şekilleri Luka Jakaman taýýarlady) surata düşürilen filmiň ssenarisini Andrýuw Kewin Wolker ýazdy. 2 sagada golaý dowam edýän film 10-njy noýabrdan başlap, “Netflix”-de hem görkezilip ugrar.

80-nji Wenesiýa film festiwalynda ilkinji görkezilişi bolan film bilermenlerden ýokary baha aldy. San Sebastian, Busan film festiwallarynyň hem sanawyna alnan ekran eserine tomaşa edenleriň köpüsi ýokary baha berdi. Ortaça 7,5 baha alan filmiň temasy bolsa professional ganhor barada.

Filmde ýalňyz, sowuksala, kän bir puşmanlygy bolmaýan,dünýäniň çar künjünde özüne berlen “ýumuşlary” ýerine ýetirip ýören jenaýatçy hakynda gürrüň berilýär. Onuň öldüren adamlarynyň sany-sajagy ýokdur. Ahyrynda ol eden bu gabahat işlerinden puşmanlyk duýup, ol wyždany bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Üstesine-de ol özüne berlen soňky tabşyrykda şowsuzlyga uçraýar. Mundan soň ganhora has agyr günler garaşýar...

Gan döküşikligi, jenaýaty köp bolan 2 filmden soň, 3-nji kinomyz başgaçarak, ýumşagrak žanrda. “Prissilla” (Priscilla) atly biografik drama görnüşli filme meşhur režissýor zenan Sofiýa Koppola režissýorlyk edýär. Ussat režissýor Fransis Ford Koppolanyň gyzy bolan Sofiýa Koppola mundan öň “Lost In Translation” (2003), “Marie Antoinette” (2006), “The Bling Ring” (2013), “The Beguiled” (2017) ýaly filmler bilen meşhurlyk gazanypdy.

Adyndanam belli bolşy ýaly, filmde Elwis Presliniň ýanýoldaşy Prissellanyň durmuşy barada, onuň meşhur aýdymçy bilen bilelikde ýaşaşan günleri hakynda söhbet açylýar. Filmde baş keşbi Keili Speini janlandyrýar. Wenesiýa film festiwalynda iň gowy aktrisa baýragyny gazanan aktrisanyň öňümizdäki günlerde onuň adyny ençeme baýraklarda eşitjekdigimizi arkaýyn aýdyp bileris. 113 minutlyk filmiň býujeti 20 million dollara deň bolup, erkan eseri Kanadanyň Toronto şäherinde surata düşürildi. Filmde “Rock and Roll”-uň şasy hasaplanýan Elwis Presliniň keşbini Jeýkob Elordi janlandyrýar. Filmiň önümçiligi soňky döwürlerde täzeden öňe saýlanyp başlan A24 studiýasyna degişlidir.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+