Köçä zyňmaň!

2679-njy ýylda arheologlaryň topary birwagtlar Beýik Pasifik Zibilligi ady bilen belli bolan ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Olar köpden bäri klimatyň üýtgemeginiň we hapalanmagynyň netijesinde ýok bolan adam siwilizasiýasy barada subutnama gözlediler.

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bir predmet dessine olaryň ünsini çekdi. Bu olaryň gören zatlarynyň hiç birine meňzemeýän kiçijek plastik gutudy. Onuň ýasalan materialyny topardakylaryň hiç biri öň görmändi, ýüzündäki etikatkasy bolsa olaryň düşünmeýän dilinde ýazylandy.

Arheologlar seresaplyk bilen plastik gutuny ýeriň aşagyndan çykardylar we ony derňemek üçin öz barlag ýerlerine ugratdylar. Derňew üçin birnäçe aýlar sarp edildi, ýaşyny we gelip çykyşyny anyklamak üçin barlaglar we synaglar geçirildi.

Olaryň ýüze çykaran zady hakykatdan hem täsindi. Guty, adamlaryň heniz plastik harytlaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada aladalanman ulanýan wagtlaryndan, ýagny 300 ýyldan gowrak ýaşyndady. Ýüzündäki etiketka bolsa taryhda bireýýam ýitirilen dilde ýazylandy. Ýöne arheologlara ony öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi biler terjime etmek başartdy.

Etiketkada gutunyň içinde şol döwrüň adamlarynyň arasynda meşhur bolan içginiň bardygy ýazylandy. Şeýle kiçijek predmetiň köp wagt mundan ozal ýaşap geçen adamlaryň durmuşy barada esli zat aýdyp bilmegi topary haýran galdyrdy.

Agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar gutuny yhlas bilen ýere gömülendigini ýüze çykardylar.

Aslynda soňky sözlem hakykat bolan bolsa hekaýa has hem gyzykly bolardy. Emma guty ýere gömlen däl-de, kimdir biri tarapyndan zyňylan bolsa näme?

Zir-zibiliň köçä zyňylmagy daşky gurşaw üçin birnäçe ters netijeleriň ýüze çykmagyna we klimatyň üýtgemegine getirip bilýär. Zibilleriň zyýanly bolup biljek birnäçe mysallaryny belläp geçesimiz gelýär.

Ýabany tebigata zyýan: ýabany haýwanlar zyňyndylary iýmitdir öýdüp ýuwdup bilerler. Plastik galyndylaryň çüýremegine ýüzlerçe ýyllaryň gidýändigi sebäpli, hususan-da, ýabany haýwanlaryň sanynda uzak möhletde düýpli meseleleri ýüze çykarmagy mümkin.
Howanyň hapalanmagy: zibiller howa zyýanly himiki maddalary bölüp çykarýarlar we adamlarda/haýwanlarda respirator kesellerini ýüze çykarmagy mümkin.
Suwuň hapalanmagy: şeýle hem, zibiller suw howdanlaryna düşüp, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hapalanmagyna we olara zyýan ýetmegine getirip bilýär. Plastik galyndylar mikroplastiklere bölünip iýmit zynjyryna düşse, deňiz ösümlik we haýwanat dünýäsine hem zyýan ýetirmegi mümkin.
Parnik gazlarynyň zyňyndysy: zibil parnik gazlarynyň zyňyndysyna hem getirip bilýär.

Zibiliň mukdaryny azaltmak bu zyýanly netijeleri peseltmäge kömek edip biler. Galyndylary dogry usul bilen gaýtadan işlemek, kompostlamak we olara jogapkärçilikli çemeleşmek köçelerde zibiliň mukdaryny azaltmaga, daşky gurşawy goramaga kömek edip biler. Galyberse-de, ilatyň bilimini artdyrýan kampaniýalar galyndylary kadalaýyn gaýtadan işlemegiň wajypdygyny wagyz etmäge we adamlarda hapalamak endigini azaltmak islegini oýarmaga iterip biler.

Galyndylaryň we klimatyň üýtgemeginiň arasynda ýakyn bag bar.

Esasan hem plastik ýaly biologik çüýräp bilmeýän galyndylaryň ýalňyş gaýtadan işlenilmegi atmosfera kömürturşy gazy we metan ýaly parnik gazlarynyň zyňylmagyna getirip bilýär. Bu parnik gazlary ýylylygy saklaýar we global ýylylyga getirýär, ol hem öz gezeginde klimaty üýtgedýär.

Ynha, galyndylaryň klimatyň üýtgemegine eltýän käbir mysallary:

Zir-zibil dökülýän ýer: haçan-da galyndylar zyňylanda olar çüýreýärler we güýçli parnik gaz hasaplanýan metan bölüp çykarýarlar. Anyklamalara görä, 100 ýyllyk döwür üçin metan kömürturşy gazy bilen deňeşdirilende ýylylyk saklamaga 28 esse ukyply.
Ýakmak: ýörite zawodlarda zibilleri ýakmak hem atmosfera parnik gazlarynyň, şol sanda kömürturşy gazynyň we azot oksidiniň zyňylmagyna getirýär.
Önümçilik: harytlaryň we gaplamalaryň önümçiligi hem parnik gazlarynyň zyňylmagyna getirýär. Meselem: plastik torbalaryň we çüýşeleriň önümçiligi üçin gazylyp alynýan ýangyç gerek, ol bolsa parnik gaz zyňyndylarynyň uly çeşmesi bolup durýar.

Galyndylaryň azalmagy atmosfera zyňylýan parnik gazlarynyň mukdarynyň azalmagynyň hasabyna klimatyň üýtgemeginiň haýallamagyna öz täsirini ýetirmegi mümkin. Muny zibilleri gaýtadan işlemek, kompostlamak we sarp edilişi azaltmak ýaly usullaryň kömegi bilen gazanyp bolýar.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+