Köçeden ýygnandylar

Köçeden ýygnandylar

Biraz arakesmeden soňra türkmen hip-hop industriýasyndan ünsümi çeken bir fenomen bilen dowam etmek isleýän. Gep owadanlap oturman asyl meselä geljek bolsam, indi türkmen räpde gangster rap çykarýan adam galmandyr. Iň bolmanda, indi asyl räp ýaly köçe barada aýdýanam ýok diýen ýaly. Türkmen räpiň ýaňy bir ösüp başlan wagtlary, özüni gangster ýaly alyp barýan räper köpdi. Biri-biri bilen battle girip, diss atyp aýdym çykarýanlar köpdi we şol tolkunyň özboluşly, gyzykly waýby bardy.

Türkmen räp DZ ED bilen başlasa hem, Darkroom Posse, Iska Muslim, Twist, Syke Däli, Taha Nyce, Gyzyl La Familia ýalylar bilen has hem gyzykly bolup başlapdy. Indi şu ýokarda sananlam türkmen räp sahnasynyň legendalary bolup durýar. “Nähilem bolsa indi olar ulaldylar, normalnyý adam boldular, köpçülige garyşyp gitdiler” diýesimem gelýär. Ýöne ýaşlar hem indi köçe barada räp çykaranok. Soňky wagtlarda drill rap köp ýurtlarda ýaşlar tarapyndan halanyp, mainstream boldy, emma bizde ol tarapa hem gidesi gelýän kän ýok.

Bilemok, näme üçindir, ýöne şol türkmen räp legendasy diýip hasaplaýan adamlarymyzyň içinde hem köpüsi köçeden uzaklaşdylar. Ilki başlarda köçe we şahsy problemalaryny dile getirip, sözde edebi duşmanlary bilen “diss” atyşyp, atmosferany gyzdyran bolsalar, indi gije-gündiz wagyz berip akyl satýarlar. Bolýar, nähili hem bolsa ulalyp, köpçüligiň içine garyşyp gidensiňiz, ýöne bu özüňi satmak bolanokmy?

Esasy mesele, näme üçindir köçe barada we köçe durmuşy barada aýdýan 2–3 kişi galdy? Ol galan adamlardanam bir-iki sanysynyň adyny agzap geçjek bolsak; Taha Nyce, Iska Muslim, Aragon.

Darkroom Posse agzalary irki wagtdan bäri iň köp diňlenýänleriň arasynda, olar hem başlarda köçe durmuşy barada köp aýdýardylar ýöne ýene-de özlerini gaty resmi alyp barýardylar. Olaryň içinde “içi-daşy bir” diýip biljek we şol oldschool-dan uzaklaşmadyk adamymyz Aragon bolup durýar. Onuň Mary Jane bilen başyndan geçirenleri hem köçeden uzaklaşmadygynyň subutnamasydyr.

Iska Galtaman ýa-da Iska Muslim, “King Kong” aýdymy bilen türkmen underground räpine ýerlikli goşant goşdy. Onuň “Real Däli”, “King Kong”, “Zumerin 6-ry” ýaly aýdymlary şol wagtlar sensasiýa döredipdi. Ondan soňra, arada bir görünip gitse hem köçeden kän uzaklaşmandyr.

Emma şol sözleri Syke Däli üçin aýdyp biljek däl. Başlarda “Tekerler uly”, “Çyraçy gyz”, “Gije” ýaly aýdymlary bilen ýaşlaryň iň köp diňleýän räperlerinden biri bolupdy, “Rezin Gurjak” ady bilen çykaran disi bilen türkmen hip-hopyny has hem gyzykly ýere öwrüpdi. Indi bolsa, orazadan-oraza “Hiçkim” bolýar.

Deserti iň soňuna goýsak, Taha Nyce we Gyzyl La Familia başdaky ýolundan kän çykmadylar. Taha Nyce ýa-da OG Mekan ýaly üýtgäp durýan atlary bilen tanalýan artistiň çykaran we çykarýan hitlerindäki sözleri aýtmak üçin, türkleriň hem diýişi ýaly “beton ýetmez”. Taha Nyce we Iska Muslim-iň çykaran “Jerime urgusy” aýdymy ikisiniň hem mainstream türkmen räpine bolan gatnaşygyny has belli edýär. Umuman aýtsam, Taha Nyce aýdymlary henizem kömüriň içindäki almaz ýaly ýalpyldaýar. Onuň käbir aýdymlary hakyky thug life.

Bir-iki kişi ýazgynyň soňunda, hip-hopyň töwereginde aýlanýan mainstream “räperleriň” adyny kellesinden geçirip; “bular nirede?” diýip sorap bilerler. Gysgaça jogabym, olary artist hökmünde göremok. Bu diýdigim olary adam ýerine goýamok diýdigim däldir.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+