Köklere sary

Köklere sary

Ähli ýazýan ýazgylarymy öz şahsy tejribelerimiň netijesiniň esasynda, özümi süzgüç ýaly ulanyp, olary boldugyça içimden geçirip ýazmaga synanyşýaryn. Bu ýazgym hem şolardan tapawutly däl.

Ýetginjeklik ýaşyna ýeten islendik adam durmuşda öz ornuny gözläp başlaýar. Eger-de ol ornuny tapmadyk ýagdaýynda özüni taryha urýar we maşgalaa geçmişiniň üsti bilen, maşgalasynyň taryhdaky orny bilen özüni baglanyşdyrjak bolýar. Şol ýol bilen hem durmuşdaky ornuny tapmaga synanyşýar. Emma, öz geçmişi ýa-da maşgalasynyň gelip çykyşy barada kän zat bilmeýän islendik adam, gapana düşen syçan kimin urunyp başlaýar. Ine, ýaňy bir ýetginjeklik ýaşlaryma girenimde şolar ýaly ýagdaýyň içinde özümi tapypdym. Şonuň netijesi bilen gaty köp ýerli medeniýetler we olaryň daşyny gurşap alan beýleki medeniýetleriň ählisine kellämi sokup çykarypdym. Gözlegim netije berdi diýip biljek däl, emma gözlegiň soňunda gözlemeýän hazynama gabat geldim. Bu hazyna hem “traditional rok” žanry. Garaşylmadyk ýerden, skandinaw, merkezi aziýaly, aziýaly, sibirli, ýerli amerikan, okeaniýa halklarynyň rok žanry bilen garylan halk aýdym-sazlaryna baglandym. Bu halklaryň aýdym-sazlaryny biri-birine baglaýan birnäçe faktor bardy, ine bu makala hem şol faktorlaryň biri — gopuz barada.

Entek dünýäden habarsyz bolan ýaş, gögele ýetginjek “gopuz” diýip atlandyrýan saz guralymyzyň diňe biziň milliligimize degişli däldigini nireden bilsin?! Gopuzyň aslynda iň gadymy saz gurallaryň biri bolup, ilkinji gezek Aziýa kontinentinde döredilendigi çaklanýar, emma haçan, nirede, kim tarapyndan ýaly soraglaryň heniz jogaby ýok.

Taryhda ilkinji gezek gopuzy agzaýar diýlip çaklanýan ýazgy M.Ö. III asyra degişli bolup Hytaýda tapylýar. Emma Merkezi Aziýada we Ýewropada taplan, süňkden ýasalan gopuza meňzeş saz gurallary hem şol döwre ýakyn bolansoň birinji dörän ýerini aýtmak kynrak gelýär. Ilkinji gopuz hem agaçdan ýasalyp, soňra demir döwrüniň gelmegi bilen demirden ýasalyp başlanýar.

Bu saz gural, diňe niýetleneşi, ýagny güýmemek bilen galman, eýsem-de käbir halklarda dini rituallarda ulanylýan bir gurala öwrülýär. Muňa goşmaça, gopuzyň çykarýan sesi sözsiz aragatnaşyk gurmaga hem kömek edipdir. Ýerli sibir, altaý halklarynda, şol sanda bize hem yslam dini gelmezden öň şamanizmda dini ritualyň bir bölegi bolup, gopuz bilen birnäçe haýwanlaryň sesini çykaryp, atalarynyň ruhyna ýakynlaşýandyklaryna ynanypdyk/ynanýarlar.

Ýerli amerika halklarynda gopuz esasy söweşe, urşa gidenlerinde çalynyp, onuň sesi esgerleriň ruhyny götermek funksiýasyny ýerine ýetiripdir. Laos, Wietnam we Taýland ýurtlarynda ýaşaýan Hmong halkynyň arasynda bu saz gural arkaly sözsüz aragatnaşyk ýola goýlupdyr.

Staliniň ýolbaşçylyk eden döwründe SSSR-de gopuz çalmak, hatda adyny agzamak hem gadagan edilipdi. Onuň sebäbi hem gopuzyň şamanizmi ýaýmagyna we ony aýakda tutmagyna kömek edýänligidir. Onuň ýany bilen, milli saz gurallaryň halkyň içinde milliýetçiligi oýarýanlygy üçin.

Gopuz saz guralynyň dürli halklaryň arasynda bilinýän müňden gowrak ady bar. Gollandiýaly musikologist Fons Bakksyň taýýarlan akademiki işinde dünýäni aýlanyp gopuz saz guralynyň hemme atlaryny diýen ýaly öwrenip çykýar. Ol atlara göz aýlamak isleseňiz, aşakda berilen internet saýtyna girip öwrenip bilersiňiz

Atlary: Nomenclature

[embed]https://youtu.be/JIAtcjyxqNI[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=64HcJptf-8k[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=snJUUa0yt4Q[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=FobetOseJW8[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=L9NKRZUD9lw[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=3XXgnyE-m5k[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=aEMvRyy4WeQ[/embed][embed]https://www.youtube.com/watch?v=4Gsk5bjo3lk[/embed]

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+