Köne sumkaňy al, moda dünýäsine gideli!


Biz kiçikäk hezildi, bir mata çykdygy hemme aýal-gyzkar şol matanyň ugrunda heläkdiler. Göwnümiz-garnymyzam ýokdy. Kimdir biriniň köýnegine meňzeş köýnek tikindim diýip namysam etmezdik. Gaýta şoňa şatdyk. Matalaryň endamyňa ýaramlydygam aladaňa däldir, esasy zat täze çykan, diýmek şolam modada. Köýnegiň nähili fasonda tikinjegiň hakda-da kelle döwmersiň, tikinçä baryp, "Pylanyňky ýaly tik" diýip, başga birinde gören fasonyňy salgy beräýmelidir. Doganlarym köýnek tikensoň bilýän, şol wagtky tikinçileriň her kime şol bir fasony tikip, gözleri çaşaryp gidýärdi.
Häzirki döwrüň modasyny yzarlap pikir edýän: biz şeýle sadadykmykak ýa-da moda diýilýän düşünjä ýalňyş düşünýärdikmikäk? Belki, ikisi-de dogrudyr?
Biziň "moda-moda" diýip, kimdir biriniňki ýaly köýnegi geýmäge howlugýan döwrümizden oba göçdi, dogrusy. Indi moda görä bolmak üçin, hiç kimiňkä meňzemeýän we meňzemejek biçüwlerdir fasonlary oýlap tapmasaň bolanok. Oňa bolsa fantaziýaň edil Wan Goguňky ýa Pikassonyňky ýaly bolmasa eýgertmeýär. Ana, näme üçin dünýä belli moda öýleri öz kreatiw direktorlaryny ellik ýaly çalyşýalar. Moda hepdeliklerini yzarlaýanlar bilýändir, bu kreatiw direktorlaryň çykarýan hokgalaryny. Çynymy aýtsam, özümem her moda hepdelikden haýsydyr bir geň-taň eşige garaşýan.

Meni dünýä modasynda aýal bilen erkegiň eşiginiň ymykly ornuny çalşyp barýany-da az howpurgadanok. "Business of Fashion"-yň analiz etmegine görä, biziň planetamyzyň 25%-ini tutýan Z nesli (1997-2012-nji ýyllar aralygynda doglanlar) jalbar ýa köýnek satyn alýan wagtlary onuň etiketkasyny okap, kim üçin niýetlenendigini biljegem bolmaýamyşlar. Olar şeýdip, gender tapawudyny iň bolman, eşikde bir inkär etmäge çalyşýarlar. Iň gyzykly ýeri, Z nesli häzirki wagtda moda akymyna ýiti täsir edýän topar bolup durýar. Z nesliniň modada ýene bir ýykgyn edýän tarapy, eşigiň özleri üçin rahatlygy. Olara owadan görünmek hökman däl, halta ýaly bolsa bolsun, esasy zat rahatmy, boldy!
Heý, siz wagt geler, köne-küşül zatlar moda bolar diýip pikir etdiňizmi? Eden dälsiňiz? Haýp, biziň köp göterilmekden ýaňa ýüzüniň derisi sypjyrylyp giden zibilde çüýräp giden sumkalarymyz... Häzir dünýä modasynda daşyndan seredeniňde köne sumka gaýra diýdirýan görnüşli sumkalar ýoň boldy welin, heý goýaý! Köne sumka satýan brendleriň içinde "Сhanel", "Louis Vuitton", "Gucci", "Prada", "Hermès" ýaly belli brendlerem bar. Sumkalaryň içinde has geçginlisi bolsa "Louis Vuitton Monogram Multipli-Сitè Tote" bolup, onuň bahasy 2000 dollardan geçýär.

Dünýä modasy bilen bagly geň-taň galan wakalarymy agzasam, ýadyma şu ýylyň başyna, ýanwar aýynda geçen Pariž moda hepdeligi düşýär. Men dizaýnerlerden her hili hokga garaşsamam, edil modellerine köýnegi dik başaşak geýdiräýerler öýtmändim. Ýöne ine, "Viktor & Rolf's"-yň dizaýnerleri Wiktor Horsting bilen Rolf Snuren hut şeýle etdiler. Köýneklerini sözüň doly manysynda kellerine geýen modelleriň bolup barşyny men ýalylar entek-entek ýatlasa gerek.

"Schiaparelli"-niň hokgasam ondan kemlär ýaly däl. Döşlerine gar barsy, ýolbars, möjek ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň kellelerini dakynyp çykan modeller Irina Şeýk, Naomi Kempbell dagylar tomaşaçylary gaty ürküzdiler. Aýtmaklaryna görä, "Schiaparelli"-niň kreatiw direktory Dante Rouzberriniň bu hokgasyny döretmegine Dante Aligeriniň "Ylahy komediýa" atly poemasy sebäp bolupdyr. Ynanmazça-da däl. Şol poemada "Schiaparelli"-niň gorkunç toplumyndaky ýyrtyjylaryň ählijesi bar.

Garaz, häzirki zaman moda dünýäsiniň geň-taňlyklary sanasaň sogaby bar diýilýäni. Meniň pikirimçe, edil häzir özüňi soňky moda eýerýän diýip hasap eder ýaly däl. Sebäbi häzirki döwrüň moda dünýäsiniň bäri tarapyndan girseň hopul-sopul köýnekleri, halta ýaly giň balaklary geýip, aňrybaş rahatlyk tapsaň, beýleki tarapdan boýnuňdan möjek kellesini asyp, ýa-da köýnegiňi tersligine geýip çykýarsyň. Özüňi haýsy tarapa degişli hasap etseň, gözel göwnüň. Geň görjek ýok. Sag-aman yzyňy tapsaň bolany. Moda dünýäsinde nähili görnüşde bolmagy saýlasagam, elimize köne, ýüzi sypjyryk-sypjyryk sumkamyzy almagy bir unutmalyň. Eger şeýtsek, hasam modaçyl görüneris...