“Louis Vuitton” erkek ýuwelir bezegleriniň toplumyny çykardy

“Louis Vuitton” brendi “Les Gastons Vuitton” ady bilen erkek ýuwelir bezegleriniň täze toplumyny çykardy. Bu toplum “Louis Vuitton” brendini esaslandyryjynyň agtygy Gaston Lui Wýuittona bagyşlanýar. Toplumda jemi 18 sany bezeg önümleri bar.
Bezegleri “Louis Vuitton-yň” ýuwelir bölüminiň çeper direktory Françeska Amfiteatrof taýýarlady. Onuň gürrüň bermegine görä, Gaston maşgala brendine ýaşlyk hem ýeňillik getirip, oňa üýtgeşiklik girizdi.
Wýuittonlaryň kiçisi futlýarlary, tualet toplumlaryny öndürmek bilen meşgullandy. Ony aýratynam arhitektura bilen dizaýn gyzyklandyrýardy.
“Les Gastons Vuitton” toplumy erkeklere degişli bolsa-da, Françeska Amfiteatrof oňa gyzlaryň hem göz aýlamagyny maslahat berýär. Aksessuarlar altyn bilen brilliantdan ýasalan. Toplum eýýäm satlyga çykaryldy.