“Marvel”-iň soňky 4 ýyldaky iň gowy filmi

Täze filmleriň gysgaça tanyşdyrýan makalamyzyň nobatdakysy iki ekran eseri barada bolar. Kinolaryň biri “blockbuster” — “Marvel”-iň täze filmi “Galaktikanyň goragçylary — 3”
Ilkinji 3 tapgyrynyň filmleri şowly çykan “Marvel”-iň kinematografik dünýäsiniň 4-nji tapgyryndaky käbir kinolary umumylykda o diýen halanmandy. “Ant-Man and the Wasp: Quantumania” filmi bilen 5-nji tapgyry başlanan MCU-nyň nobatdaky filmi, 5-nji tapgyryň 2-nji, umumylykda “Marvel”-iň 32-nji kinosy “Galaktikanyň goragçylary — 3” (Guardians of the Galaxy Vol. 3) diýlip atlandyrylýar. Film seriýanyň, ýagny Galaktikanyň goragçylarynyň iň soňky başdan geçirmesi bolup, ozalky 2 filmiň hem režissýory bolan Jeýms Gann seriýany diýseň şowly jemlemegi başarypdyr. 22-nji aprelde Ýewropada Pariždäki “Disneyland”-da ýörite görkezilişi geçdi. Filme tomaşa eden kinotankytçylardan ýokary baha almagy başaran filmdäki gülküli sahnalar, esasan hem, duýguly sahnalar köpleri özüne bendi edipdir. Filmdäki hereketli sahnalaryň hem ýeterlikdigini belleýän bilermenleriň käbiri tarapyndan “Marvel”-iň “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame) filminden soň iň gowy 2-nji kinosy hasaplanýar. 150 minutlap dowam edýän filme başda-da belleýşimiz ýaly Jeýms Gann režissýorlyk edýär. Filmiň ssenarisi hem režissýoryň özüne degişli bolup, bu ekran eseri häzirlikçe Jeýms Gannyň “Marvel”-däki iň soňky işi bolar. Sebäbi ol “Warner Bros. Discovery”-nyň garamagyndaky “DC Studios”-yň Peter Safran bilen bilelikde ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Ýagny ol mundan soň “Marvel”-iň esasy garşydaş studiýasynyň super gahrymanlarynyň täze başdan geçirmelerine hojaýynlyk eder.
Film 5-nji maýdan başlap tutuş dünýäde kinoteatrlarda görkezilip başlandy. 250 million dollar çykdajy edilen filmiň girdejisiniň 1 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Demirgazyk Amerikadaky 4400 töweregi kinoteatrda muşdaklara ýetirilýän filmde Kris Pratt, Zou Saldanýa, Deýw Bautista, Karen Jillan, Bredli Kuper, Win Dizel, Şon Gann, Çukwudi Iwuji, Pom Klementieff, Daniele Melçior, Will Polter, Elizabet Debiki, Mariýa Bakalowa, Silwestr Stallone ýaly tanymal artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Bilşiňiz ýaly olaryň käbirleri diňe ses berýär. Film ilkinji 4 güni hasaba alanyňda, 290 million dollar möçberinde prokatlardan kassa ýygymyny toplamagy başardy. Aslynda bu görkeziji garaşylyşyndan az-owlak pesräk diýlip bellenilýär. Hollywood filmleriniň iň esasy girdeji çeşmesi bolan Hytaýda film 7-nji maýdan görkezilip başlady.
Filmiň sazlaryny Jon Mörfi ýazyp, ekran eseriniň “sountrack”-i hem köpleri üçin gymmatly hazyna bolar. Filmiň sahnalarynyň aglabasy Atlanta hem-de London şäherlerinde ekranlaşdyryldy. “Marvel”-iň beýleki filmlerinde bolşy ýaly bu kinonyň hem prodýuseri Kewin Faýgi.
Mundan öňki 2 film üçin 232 we 200 million dollar çykdajy edilipdi. Olar degişlilikde 773 hem-de 869 million dollarlyk kassa ýygymyny toplapdy.
Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinosynda Roketiň geçmişi barada söhbet açylýar. Şeýle-de, Gamoranyň hem dolanmagy filmdäki esasy wakalaryň biri bolýar. Galyberse-de, Galaktikany hemmäniň asuda ýaşap boljak mesgenine öwürmek üçin goragçylar ýene-de jan aýaman göreş alyp barýarlar…
Treýleri üçin: https://www.youtube.com/watch?v=u3V5KDHRQvk
Söýgi, söýgi, ah bu söýgi…

Prokatymyzda bu hepdäň 2-nji kinosy romantik komediýa-drama görnüşli ekran eseridir. “Täzeden söý” (Love Again) atly bu filmde Bolliwood-yň Hollywood-daky ýyldyzy, owadan aktrisa Prýanka Çopra Jons, Sem Hýuen, şol sanda meşhur aýdymçy Selin Dion esasy keşpleri ýerine ýetirýär. Filme ozal “Grace Is Gone”, “The Winning Season”, “People Places Things”, “The Incredible Jessica James” ýaly özboluşly kinolary ekranlaşdyran Jeýmsi Si Straus režissýorlyk edýär. Filmiň ssenarisi režissýoryň özüne degişli. Adaty romantik-drama filmlerine meňzeýän kinoda adaglysy aradan çykan Mira Reý bu ýagdaýa döz gelmek üçin göreş alyp barýar. Ol ýalňyşlyk bilen žurnalist Rob Börnsüň täze el telefonyna romantik SMS-ler ugradýar. Börns onuň SMS-lerindäki inçelige haýran galýar we Selin Dion barada ýazmaly ssenarisine Mira Reýden kömek soramaly bolýar…
9 million dollar çykdajy edilen kinonyň dowamlylygy 104 minut bolup, ol tomaşa etmezçe kino däl. Häzirlikçe “Sony Pictures Releasing” kompaniýasy tarapyndan paýlanjak film esasan hem ýaşlaryň göwnünden turaýjak kino hasaplanýar.
Treýleri üçin: https://www.youtube.com/watch?v=CQDXtD2HJAs