“Marvel”-iň super gahrymanlaryna ne döw çaldy?!

“Marvel”-iň super gahrymanlaryna ne döw çaldy?!

Supermen, Möý adam, Demir adam, Bleýd, Wonder Woman, Kapitan Amerika, Tor, Halk (ýa-da Hulk), Doktor Streýnj, Gara Pantera, Kapitan Marwel, Gar dul, Iks adamlar, Rosomaha, The Flash, Akwaman we ýene-ýeneler soňky ýyllaryň iň ýörgünli super gahrymanlary. Aslynda olaryň köpüsi irki ýyllardan bäri bardy. Ýöne irki ýyllarda diňe kitaplarda, soňlugy bilen, animasiýalarda janlanan bu hyýaly gahrymanlar häzirki wagtda bolsa olara kinostudiýalaryň töründen orun berilýär. Amerikan kino sungatynyň, hatda dünýäniň hem merkezi hasaplanýan Hollywood-da soňky 15-20 ýyl töweregi wagt bäri “Marvel” bilen DC studiýalarynyň super gahrymanlary höküm sürüp gelýär. Özeni geçen asyryň başlarynda peýda bolan çyzgyly romanlara, ýagny komikslere esaslanýan super gahryman filmleri aslynda Hollywood-yň belli bir derejede maliýe babatda halasgäri hem boldy diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Ýöne soňky 5 ýyla seredenimizde, şowly çykan super gahryman filmleriniň sany barmak basyp sanardan köp däl. Hatda pese gaçyşlyk dowam edýär.

Ussat režissýor Martin Skorseze super gahryman filmlerini kän bir oňlanok, ol olary kino hem hasaplap baranok. Oskarly režissýor olary sungatyň daşyndaky eserler hökmünde görýär. Elbetde, ony gollaýanlar hem bar, ýöne onuň bilen çürt-kesik ylalaşmaýanlaram.

“Marvel” bilen DC-niň super gahryman filmlerini köpler çendenaşa fantastik hasaplaýarlar. Ýöne beýan edilýän hekaýa, waka umumylykda gowy bolsa, ekran eseri hem şowly çykýar. Nämäni gürrüň berýändigiň däl, nähili gürrüň berýändigiň, ýagny gürrüň berişiň has möhüm bolup, kinotankytçylar üçin iň esasy zat şol. Bu aýtgy kino sungaty üçin ozaldan gelýän aýtgy bolup, soňky super gahryman kinolarynyň kinotankytçylaryň göwnünden turmagy barada gürrüňem ýok, adaty tomaşaçyny hem kanagatlandyryp baranok. Şol sebäpli iki studiýa täze-täze gözleglerde bolsalaram, häzirlikçe ikisine-de bu meselede hazyna ýetmek başardanok. Ýogsam olar täze gahrymanlar, täze artistler bilen özleriniň kolleksiýasyny bezemänem duranoklar. Ýöne şonda-da soňky filmler özleri üçin çykarylan býujetleriniň öwezini hem juda kynlyk bilen dolýar.

Mahlasy, “Marvel”-iň 4-5-nji fazalarynyň kinolaryndan meňki bolsun diýilýänleri juda az. 4-nji fazadan “Spider-Man: No Way Home”, “Doctor Strange in the Multiverse of Madness”, “Black Panther: Wakanda Forever” filmleri umumylykda şowly çykan eserler bolsa-da, beýleki kinolary öwýänleriň sany juda pes. 5-nji fazanyň ilkinji 3 filmi bolsa juda şowsuz çykdy. 5-nji fazanyň ýene 3 filmi bolup, “Deadpool & Wolverine” şu ýyl, galan 2-si geljek ýyl ekranlarda peýda bolar. Super gahryman filmleriniň muşdaklarynyň 6-njy fazadan tamasy uly. Sebäbi 6-njy fazada “The Fantastic Four”, “Blade”, “Avengers” 5-6 filmleri bar. Esasan hem “Avengers 5” we “Avengers 6” filmlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň sany juda köp.

Azda-kände uzynrak bolan girişden soň täze filmimize geçäýeliň. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, täze filmimiz “Marvel”-iň “Sony” bilen bilelikdäki önümi bolan “Madame Web” filmi. Mälim bolşy ýaly, “Marvel” bilen “Sony” käbir kinolary – “Möý adam”, “Wenom” filmlerini bilelikde taýýarlaýar. Iki studiýanyň arasynda bir döwürler düşünişmezlik hem bolup, “Möý adam” tasdanam “Marvel”-iň kinematografik äleminden (MCU) çykarylypdy. Dogry, “Madame Web” filmi gönüden göni MCU-nyň hatarynda däl, ýöne netijede, “Marvel”-iň önümi. Britaniýaly zenan režissýor S.J. Klarksonyň ilkinji uzyn metražly filmi bolan “Madam Web” kinosynda baş keşbi Dakota Jonson, şol sanda Sidni Swini, Izabela Mersed, Seleste O’Konnor ýaly “Hollywood”-yň owadan aktrisalary bilen bir hatarda, fransiýaly aktýor Tahar Rahim, Maýkl Epps, Emma Roberts, Adam Skott dagy dürli keşpleri janlandyrýar. Filmiň ssenarisini arasynda režissýoryň özi hem bolan 3-4 kişiden ybarat topar ýazdy.

Filme zenan aktrisalar jemlenen hem bolsa, onuň tomaşaçyny özüne çekip bilmändigine göz ýetirýäris. Film üçin 80 million dollar çykdajy edildi. Ýöne 2 hepde geçse-de, entek onuň öwezini dolmak başartmady. 78 million dollarlyk gazanç eden kinoda Kassi Webbiň (Madame Web) atly zenanyň geljekde möýler äleminde super gahrymana öwrüljek 3 ýaş zenana ýardam berişi, olary özlerine abanýan howpdan goraýşy barada söhbet açylýar.

Film 1924-nji ýylda esaslandyrylan “Columbia Pictures” kompaniýasynyň 100-nji ýyl logosy bilen ekranlara ilkinji kino bolup, onuň sahnalarynyň aglabasy Boston şäherinde surata alyndy.

Filme berlen bahalar juda pes bolup (käbirleri 5-den aşakda bal beripdir), ýylyň şowsuz taslamalarynyň biri hasaplanýar. Şonda-da bu film barada näme üçin ýazdym, däp bolup gelýän ýola eýerip (belki-de “Marvel”-iň hatyrasyna), gysgaça beýan etmegi özümçe makul gördüm.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+