Meg Jeý: “Näme üçin 30 ýaş – bu täze 20 ýaş däldir?”

Meg Jeý: “Näme üçin 30 ýaş – bu täze 20 ýaş däldir?”
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Gurbannazar Ezizow

Amerikan psihology Meg Jeý ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň uniwersitetinde kliniki psihologiýasy dersiniň mugallymy bolup işleýär we Şartlotswillde hususy lukmançylyk tejribesini alyp barýar. Onuň "Wajyp ýyllar: näme üçin durmuşy soňa goýmaly däl?" atly kitaby ilkinji gezek 2012-nji ýylyň 17-nji aprelinde "Twelve" neşirýaty tarapyndan çap edilip, ol öz awtoryna uly meşhurlyk getirdi. Kitabyň 500 000 sany nusgasy satylyp, ol dünýänjň on iki diline terjime edildi. Kitaba degişli Meg Jeýiň TED talk-daky "Otuz ýaş - bu täze ýigrimi ýaş däldir" atly çykyşyna 10 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.


Bu makalada bu kitap barada näme öwrenip bolýar?
Meg Jeýiň "Wajyp ýyllar" atly kitaby barada meniň subýektiw synym ýa-da baham diýseň hem bolar. Makalada kitap kim üçin niýetlenen, ony okanyňa degýärmi diýen soraglara jogap tapyp bolar.


Kitabyň mazmuny barada gysgaça gürrüň bereýin.
Men bu kitaby institutda mugallym bolup işlän döwrüm talyplarym bilen bile okadym. Dogrymy aýtsam kitap talyplary kän bir gyzyklandyrmady, ony diňe üç sany talybym doly okap gutardy.

Kitap 3 bölumden ybarat:
1. Söýgi
2. Iş
3. Aň we beden

Meg Jeý öz kitabynda bize tebigy sazlaşyk barada ýatladýar. Ýaşlar ähli zada ýetişmeli: işde üstũnlik gazanmaly, maşgala gurmaly, ruhy we fiziki taýdan hem kämilleşmeli.

Kitapda awtoryň iş tejribesinden köp mysallar getirilýär, bu bolsa onuň özboluşly aýratynlygy. Awtor orta atan soraglaryny jogapsyz goýup, olary hassalarynyň durmuşyndaky hekaýalar bilen tamamlaýar. Her okyjynyň özi netije çykaryp, ol özi üçin dogry jogaby tapmaly. Emma kitabyň bu formatyny okajylaryň köp sany halamandyr.

Şeýle-de kitapda asyrlar boýy nika iki şahsyýeti birikdirmän, iki maşgalany birikdirýändigini ýatladýar we "Weekend with Boyfriend’s Parents Explains a Lot" (Gürleşýän ýigidiň/gyzyň ene-atasy bilen bile geçirilen dynç günler köp zady aýdyňlaşdyrýar) atly makala salgylanma berýär. Awtor durmuşdaky bagtyň tamamlan ÝOM-yňdan däl-de, has köp derejede ýan-ýoldaşyňa baglydygyny subut edýär.

Kitap Ken Robinsonyň, Les Hýuittiň we Braýan Treýsiniň stilinde ýazylan. Dili sada we düşünikli, kitap örän ýeňil okalýar.

Eger okyjy has ýaş bolsa, onda onuň kitapda suratlandyrylýan özbaşdak durmuş, hünar ýolundaky ilkinji ädimler, maşgala gurmak we onuň üçin mynasyp ýan-ýoldaş tapynmak aladasy ýaly zatlarda durmuş tejribesiniň az bolanlygy sebäpli kitabyň mazmunyna doly düşünmezligi mümkin.

Eger okyjynyň ýaşy ulurak bolsa, ol öz durmuş ýoluňa, eden ýalňyşlaryňa täzeden seredip, olardan täze bir netije çykaryp biler, eden ýalňyşlaryny düzedip, soraglaryna jogap tapyp biler (näme bolsada, hiçden giç ýagşy). Bu okyjylar kitaba has düýpli düşünip biler, sebäbi olaryň köpüsiniň maşgalasydyr çagalary ýa-da hünär ýolunda ep-esli tejribesi bardyr.

Kitap diňe bir 20-30 ýaşly ýaş okyjylar üçin dälde, olaryň ene-atalary we şol ýaşdaky adamlar bilen işleşýän adamlar üçin hem peýdaly bolup biler. Hat-da onuň soňky neşirinde klasda we kitapsöýerler klublarynda (book club) okamak üçin gollanma hem goşuldy.


Internet ulgamynda “Wajyp ýyllar” barada has ýaş okyjylar we klassiki durmuş ugrundan gitmedikler tarapynda negatiw synlar kändir. Emma kitapda maslahat berilýän durmuş bilen ýaşaýan adamlar tarapyndan gowy synlar hem bardyr. Meniň pikirimçe bu kitaba düşünmek üçin durmuş tejribe we kämillik gerekdir.

Kitapdan öz depderçäme bellän sitatalarym:
Biz günde görýän, eşidýän we edýän zatlarymyza öwrülýändiris.

(Мы становимся тем, что видим, слышим и делаем каждый день.)


Durmuşdaky bagty has köp derejede tamamlan ýokary okuw mekdebiňe däl-de, saýlan ýan-ýoldaşyňa baglydyr.

(Счастье в гораздо большей степени зависит от того, с кем вы вступаете в брак, чем от того, какой колледж оканчиваете.)

Umuman, kitap erbet däl, ol giň okyjylar köpçüligi üçindir. Meniň pikirmiçe kitaby hökman has tejribeli adamlar bilen bile okamaly. Kitaby rus dilinde okasamda, iňlis dilinde TED talk-y diňläp, oňa has gowy düşündim. Kitaby asyl nusgasynda, ýagny iňlis dilinde okamagy maslahat berýärin.

Kitap “Maksat goýuň. Iş tapyň. Maşgala guruň. Wagt barada ýatdan çykarmaň. Öz durmuşyňyzy aýdyňlaşdyryň” diýen sözler bilen tamamlanýar. Meg Jeýiň aýtmagyna görä, häzirki 21, 25 we hat-da 29 ýaşlylara gowy bir söhbetdeşligiň, gowy dynç alşyň ýa-da bir TED talk çykyşyň täsiri gaty ulydyr. Menem şu makalam bilen 20 ýaşlylary “Wajyp ýyllary” okamagy höweslendirendirin diýip umyt edýärin.

Read more

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

«Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder

Ridli Skottyň «Gucci-niň öýi» filminiň çykanyna üç ýyl geçenden soň, «Gaumont» Guççiniň maşgalasy barada köp bölümli film döreder. Filmiň önümçiligine. Jorjio Guççi tarapyndan esaslandyrylan «Alkor Film» hem gatnaşar. «Gaumont Italy» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Marko Rozi: «Biz Jorjio Guççiniň teklibini kabul edip, maşgalasynyň ýardamy bilen dünýäde üstünlik gazanan şöhratly «Gucci» hakda

By reňkli+
Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

Alessandro Mikele «Valentino-nyň» täze kreatiw direktory wezipesine bellendi

«Valentino-nyň» öňki kreatiw direktory Pierpaolo Piççioliniň öz ornundan gidenine entek bir hepde bolup-bolmanka, 25 ýyllap «Gucci-de» yhlasly işlän Alessandro Mikele onuň wezipesini eýeledi. Alessandro Mikele bu täzelik bilen bagly «Valentino-nyň» akkauntynda tolgundyryjy teswir goýdy. Teswirde şeýle diýilýär: –«Valentino-nyň» bir bölegi bolmak meniň üçin buýsanç. Men «Gözellik» sözüni taryhynyň bir bölegine

By reňkli+
Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

Ýetginjekler şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Näme üçin?

«Ýetginjekler soňky döwür saglyga howply bolup biljekdigine garamazdan şampundan köpçülikleýin ýüz öwürýärler. Häzir olar muny «TikTok» ýaly sosial ulgamlarda trende öwrüp, ýoň etdiler» diýip, «New York Post» habar berýär. Meşhur blogerler saçlaryny şampun bilen ýuwmakdan ýüz öwürendiklerini aňladýan wideolary köpçülik bilen yzygiderli paýlaşýarlar. Blogerleriň içinde has ähmiýetlileriň biri hasaplanylýan Kaýnoa

By reňkli+