Metýu Wilýams soňky toplumyny görkezip, “Givenchy”-ni terk eder

“Givenchy”-niň kreatiw direktory Metýu Wilýams 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda brendden resmi taýdan gitmegi maksat edinýär. Ýöne ol ondan öňinçä özüniň taýýarlamagyndaky soňky lybaslar toplumyny köpçülige hödürlär.
Dizaýner üç ýyllap moda öýüniň kreatiw direktory bolup işledi. Ol ýakyn günlerde özüniň erkeklere we zenanlara niýetlenilen iň soňky “Pre-Fall 2024” toplumyny görkezer.
Metýu Wilýamsdan öň Kler Weýt Keller hem “Givenchy”-niň üç ýyllap kreatiw direktory bolup işlän ornuna gelipdi. Brendiň indiki kreatiw direktorynyň kim boljakdygy heniz nämälim.